Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçasynyň hukuk salgysy: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Arkadag şaýoly

Şeýle hem “Awaza” Agentlygynyň salgysy: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Arkadag şaýoly, “Hazyna” bäşýyldyzly myhmanhanasy. Agentlyk hasaplaşyk-kassa amallaryny ýerine ýetirýär we myhmanhanada gije-gündiziň dowamynda hyzmat etmäge niýetlenen bankomat ýerleşdirilen.

Şahamça korporotiw we ownuk müşderilere hyzmat etmäge we maýa goýum kompaniýalarynayň "Awaza" Milli syýahatçylyk zolagynda alyp barýan işlerine hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen. Şahsy we edara görnüşindäki taraplar bolan müşderilere bank hyzmatlarynyň giň geriminden peýdalanmak mümkinçilikleri hödürlenilýär: goýumlar, depozitlar, sarpediş karzy, MILLIKART, MasterCard we VISA plastik kartlarynyň göýberilişi we hyzmat edilişi, pul geçirmeleri, walýuta alyş-satyş amallary, seýf öýjüklerini kärendesine bermek, korporatiw müşderileri karzlaşdyrmak, halkara söwda we taslama maliýeleşdirilişi, akkreditiw amallary, faktoring, kiçi we orta biznesi karzlaşdyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen hasaplaşyk-kassa hyzmatlaryny ýerine ýetirmek.

Bankyň şahamçasynyň ýanynda müşderiler üçin gije-gündiziň dowamynda hyzmat etmäge niýetlenen bankomat ýerleşdirilen we onuň kömegi bile şu hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkin:

  • Öz kart hasabyndan nagt pullary almak
  • Galyndyňy bilmek we kart hasaby boýunça göçürmeleri almak
  • TBWB-nyň tarapyndan kesgitlenen nyrh boýunça öz kart hasabyndan milli walýutany daşary ýurt walýutasyna çalyşmak

Şahamçanyň iş tertibi:

Duşenbe-Anna 9:00-dan – 18:00-a çenli
Şenbe 9:00-dan- 13:00-a çenli
Ýekşenbe dynç güni

Aragatnaşyk maglumatlar:



Türkmenbaşy ş. şahamçasy:
Telefon:
+993(243)2-21-47
+993(243)2-58-17
+993(243)2-34-48
Faks:
+993(243)2-09-31