Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky "Türkmen döwlet daşary ykdysady banky" – döwlet-täjirçilik banky, 1992-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 21-ine Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň Permany bilen öňki SSSR-yň Daşary ykdysady bankynyň bölümi esasynda döredildi. Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň deňduşy diýen ýaly bolup, Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek üçin döredildi. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini düýpli özgertmek we ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen giň möçberli maýa goýum maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi Bankyň döredilmeginiň wajyp esaslandyryjysy boldy.

Ýurduň ykdysady ösüşine ýardam etmek maksady bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady banky özüniň bütin taryhynyň dowamynda halkara maýa bazarlarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň wekili hökmünde çykyş edip, Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt karzlaryny çekmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrdy. Işiniň bu ugruny işjeň ösdürip Bank dürli daşary ýurt maliýe guramalary: täjirçilik we maýa goýum banklary, eksport-import gulluklary, ätiýaçlandyryş guramalary we ösüş banklary bilen hyzmatdaşlykda we gatnaşyklarda ajaýyp tejribe toplady. Özüniň iş döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň hyzmatdaşlyk geografiýasy giňden ýaýrap ol Demirgazyk Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlaryny öz içine aldy. Bu bolsa Banka „karz medeniýetiniň“ dürli görnüşleri bilen tanyşmaga we bank işinde toplanan dünýä tejribesini üstünlikli özleşdirmäge ýardam edýär.

Türkmenistanyň hökümetiniň wekili wezipesini ýerine ýetirýänligi sebäpli, bankyň aktiwleriniň uly bölegi ýurduň ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmäge gönükdirilen daşary ýurt hasabyna maliýeleşdirilýän uzak möhletli karzlardan ybaratdyr.

Ösüşiniň ilkinji ýyllarynda Bank Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşyp AKA we KFW nemes banklary, türk Eksimbanky we London end Interneýşnl Merkantaýl LTD iňlis banky bilen maýa goýum maksatly karz ylalaşyklaryny baglaşdy. Şol ýyllarda hem maýa goýum taslamalary maliýeleşdirmek we azyk harytlarynyň hem-de halkyň sarp edýän harytlarynyň satyn alynmagy üçin Ýewropa Ykdysady Bileleşigi, Eýranyň eksport ösüş banky, Hytaýyň banky, Awstriýanyň Raýffaýzen Sentral Banky we Päkistanyň Hökümeti bilen karz ylalaşyklaryna gol çekildi.

Şeýlelikde, eýýäm ilkinji ýyllarda ýaş döwletiň ykdysadyýetiniň güýçli depginli ösüşine öz goldawyny bermäge Bankyň möhüm niýetlerini görkezdi. Bankyň ösüşiniň soňky ýyllary Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymynyň depginli ösüşine, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysadyýetine çemeleşmegine Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň işiniň güýçlendirilmegine ýardam berdi.

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň işiniň ilkinji ýyllarynda çekilen daşary ýurt karzlarynyň hasabyna Aşgabatdaky halkara howamenziliniň gurluşygy tamamlanyldy, „Ak-Altyn“ myhmanhanasy, makaron fabrigi, gök önüm saklanylýan jaý, çaga iýmiti zawody ulanylyşa tabşyryldy, gallanyň, pagtanyň ýygmak üçin tehnologiki enjamlary we oba hojalyk ulaglary getirildi, kaolini baýlaşdyrmak boýunça zawodyň gurluşygy başlandy, telefon torunyň giňelmegi we durkunyň özgerdilmegi.

Bank Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ileri tutulýan pudaklara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi has-da giňeldip başlady. Soňky ýyllarda karz serişdelerini çekmekligiň çäkleri ep-esli giňeldi we bankyň karz bukjasynyň düzümi dünýäniň 14 ýurdundan çekilen karzlardan ybarat boldy.

Daşary ýurt karzlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän iri taslamalaryň arasyndan şulary görkezmek bolar: Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawo dlar toplumynyň durkunyň özgerdilmegi, Saman-Depede gazohimiki işläp taýýarlanylýan ulgamynyň gurluşygy, optiki süýümli aragatnaşygyň Transaziýa-Ýewropa ýolunyň goýulyşy, Döwletabat gaz käninde gaz hojalyk ulgamyny ösdürmek.

Eger-de ilkinji ýyllarda çekilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň düzüminde esasy orny sarp edijilik karzlar eýeleýän bolsa (azyk harytlarynyň, lukmançylyk serişdeleriniň we ş. m. satyn alnyşyna), onda 1995-nji ýyldan, onuň esasy bölegini maýa goýum häsiýetli karzlar tutup başlady.

1997-nji ýylyň başyna Bank Türkmenistanyň bank ulgamynda berk öňdebaryjy orunlaryny eýeläp, özüni eýýäm ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Şol bir wagtyň özünde Bankyň bäş ýyllyk işiniň seljerişi Türkmenistanyň döwlet we ykdysady ulgamynyň döredilmeginiň gidişiniň talaplary bilen kybaplaşyp, işiň netijelerini kesgitläp täze çäklere ýetmek ugurlaryny bellemeklik zerurlygyny talap etdi. 1997-nji ýylda 2000-nji ýyla çenli Bankyň ösüşiniň orta möhletli maksatnamasy, 1998-nji ýylda bolsa 2002-nji ýyla çenli Bankyň ösüşiniň Baş ugry meýilnamasy kabul edildi. Olarda bolsa Bankyň esasy iş ugurlary boýunça ornunyň berkidilmeginiň dowam etmegine gönükdirlen täze çäklere ýetmek usullary bellenildi.

1999-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň kabul eden "2010-nji ýyla çenli Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan özgertmekligiň baş ugry" Milli Maksatnamasy we onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň kesgitlenen meseleleri Bankdan hem uzyn möhletli ösüş maksatnamasynyň düzülmegini talap etdi. Şol babatda Bank 2001-nji ýylda uzak möhletli ösüş maksatnamasyny tassyklady we ony durmuşa geçirmäge girişdi.

Döredilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky ýurduň bank ulgamynyň öňdebaryjy bankyna öwrüldi. 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-i ýagdaýyna bankyň aktiwleri - 5.278.671,2 mln. manatdan, balans peýdasy – 70.332,4 mln. manat we karz bukjasynyň möçberi - 3.396.006,5 mln. manatdan ybarat boldy. Bank üçin bellenen ABŞ-nyň 50.000.000,0 dollary möçberinde maýalyk gory häzirki wagtda ABŞ-nyň 35.823.182,58 dollary derejesinde döredildi we milli pulundaky esasylyk maýasy 7.284.475.830,77 manat möçberinde doly döredildi. Bankyň esasylyk maýasynyň döretmekligiň çeşmesi hökmünde hasabat ýylynyň jemi boýunça bankyň ygtyýarlygynda galýan arassa peýdasy çykyş edýär.

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň ösüşiniň baş ugry, ilkinji nobatda, daşary yurt maýasyny çekmek hem-de ony ýurduň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna ýerleşdirmek boýunça işjeň iş alyp barmaga gönükdirlendir. Esasy karz ulanyjy pudaklaryň hataryna nebitgaz we agrosenagat toplumy, önümçilik we durmuş ugurly pudaklary girýär. Maýa goýumlaryň agzalan pudaklaýyn gurluşy döwletiň hereket edýän ileri tutulýän maýa goýum ugurlaryny takyk görkezýär we olaryň tejribede üstünlikli durmuşa geçirilişine anyk şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň taglymatlaryndan ugur alyp, daşary ýurt karzlaryň hasabyna düýpli maýa goýumlara degişli bolan harytlaryň we hyzmatlaryň importy maliýeleşdirilýär. Olar bolsa milli ykdysadyýetiň kuwwatyny berkitmek we onuň durnukly ösüşi üçin şertlerini döretmek maksatlaryna hyzmat edýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öz içerki jemi öndürlen önüminiň ep-esli ösüşiniň bütin dünýä görkezilendigi baradaky hakykat ykdysadyýetde maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişinden, şol sanda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt karzlarynyň çekilişiniň hasabyna, gazanylan öňaýly netijesini artykmajy bilen tassyklaýar.

Döwlet maýa goýum maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine Bankyň gatnaşmagynyň netijesinde aşakdaky iri desgalar ulanylyşa tabşyryldy:

Hususy we çekilen serişdeleriň hasabyna nebit-gaz senagatynda maliýeşdirilen taslamalaryň jemi 2,25 mlrd. ABŞ dollaryna golaý. Iň iri desgalar: esaslandyryjy çalgy ýaglaryny öndürýän zawod, katalitik krekingi we katalitik reformingi öndürýän zawod, polipropilen öndürýän zawod, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynda dizil ýangyjy suw bilen arassalama zawodyň gurulyşy, hereket edýän nebit guýylary abatlamak we enjamlaşdyrmak hem-de ulanylmaýan nebit guýylary işe girizmek.

Agrosenagat ulgamynda Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň „Galla“ we „Täze oba“ maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň çäklerinde çekilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna döwrebap oba hojalyk tehnikasynyň goýulyşy, un üweýji toplumlarynyň we Türkmenabatdaky sabyn zawodunyň gurluşygy, Aşgabatdaky süýt kombinatynyň durkuny özgerdilişi, et-süýt önümçiligini we ýyladyş hojalygynyň gurnalmagy maliýeleşdirildi.

Ulag we aragatnaşyk ulgamynda Howa menzil toplumy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Aşgabadyň howamenzilinde uçuş-gonuş zolagy we howa hereketiniň dolandyrylyşy guruldy, aragatnaşygyň optiki-süýüm aragatnaşyk goýuldy, telefon menzilleriniň goýulyşy, nebit guýulýan gäminiň gurluşygy, Aşgabat şäherindäki lokomotiw deposynyň kämilleşdirilmegi, Aşgabat şäheriniň telefon ulgamynyň giňeldilmegi amala aşyryldy.

Elektrik energetika we himiýa senagaty ulgamynda Büzmeýin GRES-niň durkunyň özgerdilişi, Balkanabat ýod zawodunyň Monjykly käninde çig mal esasynyň özgerdilmegi, Bekdaş şäherinde azyk duzuny öndürýän önümçiligiň birinji nobatynyň we deňiz suwuny arassalap agyz suwuny öndürýän desgasynyň gurluşygy maliýeleşdirildi.

Dokma senagatynda Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň täze esaslandyryjy pudagy – Aşgabat ş. Türkmenistanda iri dokma toplumynyň gurluşygy, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerindäki ýüpek egiriji fabrikleriň enjamlaşdyrylmagy maliýeleşdirildi.

Ilatyň durmuş taýdan gorag ulgamynda lukmançylyk serişdeleriniň we abzallarynyň satyn alnyşy, tiz medisina kömeginiň ulaglarynyň alnyşy, medisina enjamlary, infuzion erginleriniň öndürilişi we ampullaryň, flakonlaryň we mazleriň öndürilişi boýunça zawody üçin enjamlary, Aşgabatda nefrologiki merkeziniň gurluşygy we „Arçman“ sagaldyş şypahanasynyň durkunyň özgerdilmegi, A şgabat, Mary we Daşoguz şäherlerinde anyklaýyş merkezleriniň gurluşygy we enjamlaşdyrylmagy maliýeleşdirildi.

Häzirki döwürde Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunyň özgerdilmegi, Türmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän toplumynda dizel ýangyjyny arasalaýan desganyň gurluşygy, nebit çykarýan pudagy üçin galdyryjy enjamlaryň satyn alynmagy, Aşgabat şäheriniň telefon ulgamynyň giňeldilmeginiň we kämilleşdirilimeginiň dowam edilmegi hem-de Arçman we Ýyly-Suw obalarynda suw bilen bejeriş merkezleriniň gurluşygy, Ruhabat etrabynda pambarhatyň önümçiliginiň taslamasy, täze aýna kombinatynyň gurluşygy we „Maryazot“ ÖB-niň durkunyň özgerdilişi ýaly iri maýa goýum taslamalar bankyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýär.

Bank öz öňünde durýan maksadyny we wezipesini ýerine ýetirmek üçin korparatiw müşderiler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga daýanýar. Olaryň esasyny nebit-gaz, agrosenagat, energetika toplumyndan, ulag we aragatnaşyk, önmçilik we durmuş pudaklaryndan bolan müşderiler düzýärler. Olardan başga hem bankyň hyzmatlaryndan orta we iri biznesmenleriň wekilleri bolan dürli kärhanalar we firmalar , bilelikdäki kärhanalar we daşary ýurt kompaniýalary peýdalanýarlar.

Bankyň korporatiw biznesi ösdürmek boýunça syýasaty müşderileriň bähbitlerini göz öňünde tutmak arkaly alnyp barylýar we olaryň islegleri doly we ýokary hilli kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Iri kompaniýalar bilen özara gatnaşyklara daýanýan korporatiw biznesiň ösüşi diňe bir biznesiň umumy möçberini artdyrlan, eýsem karz töwekgelçigini ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça diwersirlemäge mümkinçilik berdi.

Bank iri kärhanalaryň we korporasiýalaryň işjeň hyzmatdaşa bolmaga çalyşmak bilen, eksport we import amallary boýunça, erkin pul serişdelerini düşewüntli ýerleşdirmek boýunça, we hasaplaşykda ýalňyşlyklardan goramak maksady bilen beýleki maliýe amallaryny geçirmekde peýdaly maslahatlary berýär.

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky korporatiw müşderlere hyzmat etmek bilen bilelikde şahsy taraplar üçin bank hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmäge işjeň hem gatnaşýar. Bank öz müşderlerine bölekleýin maliýe hyzmatlarynyň içinde toplumlaýyn hasaplaşyk-kassa hyzmatlaryny, möhletli goýumlaryň dürli görnüşlerini, halkara tölegleri, VISA we Millikart plastik kartlaryna hyzmat etmegi, konwersion amallary hödürleýär.

Bank tarapyndan edilýän bölekleýin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri plastik kartlar bilen geçirilýän amallardyr. Bank ýurtda ilkinjileriň biri bolup plastik kartlarynyň girizilişi we ösüşi boýunça işi başlady. 1994-nji ýyldan „VISA INTERNATIONAL“-yň agzasy bolup, Bank daşary ýurt emitent banklarynyň karz kartlarynyň hyzmat edilişini başlady. Kart işiniň ösdürmegini dowam etdirip, Türkmen döwlet daşary ykdysady banky 1996-njy ýylyň Bitaraplyk aýynda „MILLIKART“ plastik kartynyň çykarylyşyny başlady. Ol bolsa milli pulunda hasaplaşyklary amala aşyrmaga ýardam etdi. 1998-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Bank emitent hökmünde özüniň „VISA“ plastik kartlarynyň „Bizness“, „Klassik“ we „Elektron“ görnüşleriniň çykarylyşyna başlady. 2008-nji ýylda Bank bu kartlaryň “Gold” görnüşiniň çykarylmagyna girişdi.

2004-nji ýylda Bank, plastik kart ulgamynyň orta möhletli ösüş maksatnamasyny düzüp, öz kart işiniň ösüşiniň täze tapgyryna başlady. Bu maksatnamanyň esasy maksatlary kart ulanyjylary üçin hödürlenýän hyzmatlarynyň hiliniň we görnüşleriniň artdyrylmagy, plastik kart arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňelmegi we Bankyň plastik kart ulgamynyň beýleki banklarda hereket edýän plastik kart ulgamlary bilen sazlaşykly işlemeginiň üpjün edilmeginden ybarat bolup dyrýar.

2006-njy ýylda Bank Millikartyň täze Altyn we Kümüş görnüşlerini çykaryp başlady. Bu kartlar bir birinden olar boýunça berilýän hyzmtlar bilen tapawutlanýarlar. Şol bir wagtda bank plastik kartlaryň ulanyjylaryna hödürlenýän täze hyzmaty işe girizdi, ýagny plastik kartyň hasaby boýunça owerdraft amaly ýerine ýetirmek mümkinçiligi.

Şol maksatlardan ugur alyp milli eksport-import we eksport ätiýaçlandyryş gulluklary bilen hyzmatdaşlyk ugrunda bank tarapyndan uzak wagtyň dowamynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk banky, Hytaýyň, Çehiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň Eksimbanklary, Germanýadaky Germes, Fransiýadaky Kofas we Belgiýadaky OND eksport ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen işewürlik, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýlandyr. Ýola goýlan gatnaşyklar banka onuň işjeň amallarynyň gaznasyny döretmegiň, aýratyn hem, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň aýratyn möhüm pudaklarynda taslamalary maliýeleşdirmegiň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýan daşary ýurt karzlarynyň bazarynda öňdebaryjy orny saklamaga mümkinçilik berýär.

Bank halkara banklary we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk pudagynda Ýewropanyň Özgerdiş we Ösüş banky (ÝÖÖB) , Yslam Ösüş banky, OPEK gaznasy we beýleki banklar, gaznalar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bank ÝÖÖB-niň Türkmenistandan dolandyryjysynyň Orunbasarynyň edarasynyň wezipelerini ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝÖÖB-niň arasynda özara bähbitli gepleşikleriň geçirilmegine ýardam edýär, şeýle hem ykdysadyýetiň hususy pudagynda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek üçin ÝÖÖB-niň beren karz ugry boýunça hem işleri alyp barýar.

Yslam ösüş banky (şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky Türkmenistandan YÖB-niň dolandyryjysynyň edarasy bolup durýar), OPEK gaznasy we Saud Ösüş gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyň netijesinde durmuş taýdan möhüm taslamalaryň bir näçesiniň durmuşa geçirilmegi tamamlandy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň çäginde ýene bir näçe durmuş ugurly we infrastruktura taslamalaryň maliýeleşdirilmegi barada ylalaşyldy.

Häzirki wagtda bankyň giň göwrümli aragatnaşyk torunyň bolmagy we dünýäniň 20 ýurtlarynyň 50-den gowrak daşary ýurt banklary bilen halkara gatnaşygynyň saklanylmagy, halkara hasaplaşyklaryny we müşderileriň tabşyryklary boýunça tölegleri çalt hem-de netijeli amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. Bank tarapyndan yzygiderli tertipde habarçylyk gatnaşyklarynyň çäginde ýokary hilli, ygtybarly we tiz hyzmatlary amala aşyrýan täze daşary ýurtly hyzmatdaşlary gözläp tapmakda we aragatnaşyk hasaplar ulgamyny işjeňleşdirmek boýunça iş alynyp barylýar. Gatnaşyk banklary tarapyndan bank üçin bellenen çäkler we karz ugurlary Banka hem-de onuň müşderlerine halkara bazarlarynda amallary işjeň geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bankyň taryhynda ýene bir wajyp waka, Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Karary esasynda döredilen Türkmenistana özbaşdak (suweren) reýtingini bellemek boýunça Pudagara toparynda utgaşdyryjy merkez hökmünde onuň gatnaşmagy bolup durýar.

Bankyň döredilişiniň ilkinji günlerinden onuň maglumatlar we tehniki enjamlaşdyrylyşyna, bank hyzmatlarynyň awtomatlaşdyrylmagyna, iň täze bank tehnologiýalarynyň girizilmegine has möhüm üns berildi.

Bankyň taryhynyň başlangyç tapgyrynda bu ulgamda esasy ugurlary her bir iş ýeriniň zerur bolan kompýuter tehnikasy bilen üpjün edilişi, ulgamlaýyn goşmaça maksatnamalarynyň kabul edilmegi arkaly bank amallarynyň tapgyrlar boýunça awtomatlaşdyrylyşy we aragatnaşygyň döwrebap serişdeleriniň goýulyşy bolup durdy.

Maglumatlar üpjün edilişiniň meselesini çözüp, Bank 1993-nji ýylda „REUTERS“ maglumatlar agentligi bilen Bankda şol kompaniýanyň maglumatlar ulgamyny goýmak boýunça ylalaşyga gol çekdi. Şeýlelikde, Bank daşky bazarlarda bank amallaryny geçirmekde zerur bolan halkara bazarlaryndaky maglumatlaryna girizilmegini gazandy. „REUTERS“ kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürip, Bank 1994-nji ýylda „DEALING“ söwda ulgamynyň goýulmagyny amala aşyrdy. Ol bolsa ylalaşyklaryň baglaşylmagynyň dowamlylygyny tizleşdirmäge, olaryň ygtybarlygyny we gizlinligini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Ähli soňky ýyllaryň dowamynda Bank „REUTERS“ kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda maglumatlar söwda ulgamynyň kämilleşdirilişini hemişelikde geçirdi. Ol bolsa Banka hemişelik esasynda kabul edilýän maglumatyň möçberini giňeltmäge ýardam edýär.

1994-nji ýyldan başlap, Baş edaradaky ähli iş ýerleri, 1995-nji ýyldan başlap, bankyň ähli bölümleri lokal kompýuter ulgamyna baglandy. Bu bolsa müşderlere hyzmat etmegi çatlandyrmaga, resminamalary seljerip çykmaga, bank içinde saklaýyş bazasyny döretmäge we maglumatlary toplamaga, işgärler üçin maglumatlary elýeterli etmäge mümkinçilik berdi.

1997-nji ýylda Bank „SWIFT“ agzalylygyna eýe boldy, „Internet“ maglumatlar ulgamynyň ulanyjysy boldy. Bankara maliýe telekommunikasiýalarynyň ulgamyna goşuldy, halkara hasaplaşyklaryny amala aşyrmaga ýardam etdi, uly gözegçiligi we gizlinligi üpjün etdi.

Bank amallarynyň awtomatlaşdyrylmagy üçin has döwrebap enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň girizilişini Bank özüniň öňdebaryjy ugurlarynyň biri diýip hasap edýär. Şol sebäpli Bankyň hereket edýän döwrüniň dowamynda işleýän maksatnamalaýyn üpjünçiligiň tapgyrlary, kompýuter we iş gurnaýyş enjamlary hemişe täzelenýärdi we täze maksatnamalaýyn önümleri girizilýärdi.

Bankyň maglumatlar-tehniki syýasatyny durmuşa geçirilişiniň çäklerinde 1998-nji ýylda „Korwus“ kompaniýasynyň işläp taýýarlamalarynyň esasynda dünýä ülňülerine gabat gelýän bank tehnologiýalarynyň ösüşiniň täze hilli derejesine Banky çykarmaga ýardam berýän täze awtomatlaşdyrlan bank ulgamynyň girizil megi başlandy. „Altyn Ulgamy“ ABU-y maglumatlaryň we „müşderi-serwer“ arhitekturasynyň işläp taýýarlanylyşynyň ýaýradylyşynyň esasynda taslamalaşdyrylan we ulanyja bank amallaryny geçirmek, buhgalteriýa hasaba alyşyny ýöretmek, müşderlere hyzmat etmek, hasabatlary taýýarlamak we çözgütleri kabul etmek üçin Bankyň ýolbaşçylygyna habar bermek üçin uly mümkinçilikleri hödürleýär. „ORACLE“ maglumatlar ulgamynyň ulanylyşy ulgamyň ygtybarlygyny amatly artdyrmaga ýardam berýär we goşmaça maksatnamalarynyň işleýiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.

Maksatnamalaýyn üpjünçiligi ýeke-täk bir tehnologiýanyň çäklerinde işläp düzülen we Bankyň ähli amallaryny öz içine alýar. Ulgamyň häsiýetli taraplary –awtomatik rejeliginde bank amallaryny amala aşyrmaga ulgamlaýyn çemeleýişi, gurluşynyň modullygy, hakyky wagtyň rejeliginde amallary geçirmegiň mümkinçiligi, ýitilik we ulanylyşa girizilende üýtgemeleri girizmegiň mümkinçiligi, beýleki maliýe goşmaçalary bilen integrirlemegiň ukyplylygy, işde ygtybarlyk. Şeýle hem häzirki döwürde Bank Türkmenistanyň banklarynda ýeke-täk awtomatlaşdyrylan bank ulgamyny ornaşdyrmak işlerine işjeň gatnaşýar.

Bank işini awtomatlaşdyrmak işleriň çäginde bankyň müşderilerine has-da hilli maglymat-habar hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Bank „Internet“ halkara torynda öz saýtyny 2007-nji ýylda işe girizdi. Bu saýt gyzyklanma bildirýän taraplara bank we onuň hödürleýän hyzmatlary baradaky maglumatlaryň el ýeterlikligini aňsatlaşdyrar we artdyrar.

Bank Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty bolan Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmekde hem öz goşandyny goşýar. Bu maksatnamaň çäginde Bank tarapyndan 2003-nji ýylda has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly 12 gatly 38 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi we onuň öýlerini bankyň işgärlerine ýeňillikli bahalar boýunça ýerlendi. 2005-nji ýylda bolsa Bank ýurdymyzyň Garaşsyzlygynyň 14 ýyllygy mynasibetli öz döwrebap bank ülňelleri boýunça täze iş binasyny işe girizdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 16 ýyllygy baýramçylygy mynasibetli Bank binasynyň ýanynda ýerleşýän ýerde 19.5 müň gektar meýdanda dynç alynýan seýilgäh zolagyny gurnady. 2008-nji ýylda Bank Baýdak baýramynyň öňi syrasynda bankyň işgärlerine we paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna niýetlenen täze has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly 12 gatly 33 öýli ýaşaýyş jaýy ulanmaga tabşyrdy. Häzirki wagtda bank ýene-de bäş sany has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýyň gurluşygyny alyp barýar. Şeýle hem bank Aşgabat şäherinde 160 orunlyk çagalar bagynyň we Awazada dynç alyş-sagaldyş öýüniň gurluşygyna paýly gatnaşýar.

Bankyň üstünlikleri – bu onuň işgärleriniň üstünlikleri. Hakyky bank güýçli we agzybir toparsyz hereket edip bilmeýär. Işiniň ilkinji ýylynda işgärleriň sany 18 adama deň boldy. Amallaryň möçberiniň ösmegi, hyzmatlaryň täze görnüşleriniň we usullarynyň özleşdirilmegi, şahamçalar torunyň giňelmegi bilen onuň sany ösdi. Şeýlelik bilen bäş ýyldan Bankyň işgärleriniň sany 300 adama ýetdi.

Işgärler syýasaty Bankyň üstünlikli işiniň ybaratlylygynyň biri bolup, onuň işgärleriniň daşary ýurt bilimlerini, ussatlylygyň we jogapkärçiliginiň ýokary derejesiniň esaslarynda toplanýar. Bankyň ähli düzüm bölümlerinde oňat taýýarlanan ussatlar işleýär.

2000-nji ýylda Bankyň düzümini kadalaşdyrmakda, işgärleriň sany we onuň hil derejesini gowulandyrmak boýunça ep-esli işleri amala aşyrdy. Amala aşyrylan çäreleriň netijesinde bankyň täze düzümi tassyklandy we işgärleriň sany azaldy. Bankyň netijeliligini ýokarlandyrmak we amaly çykdaýjylary kemeltmek maksady bilen 2004-nji ýylyň ahyrynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bankyň ýolbaşçylary tarapyndan 2005-nji ýylda Türkmendaşaryykdysady bankynyň welaýat bölümlerini ýapmak karar edildi. Häzirki wagtda bankyň işgärleriniň sany 213 adamdan ybaratdyr.

Işgärler syýasatynda esasan ýaşlara bil baglanýar. Bank Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bilen yzygiderli ýola goýlan aragatnaşyk saklaýar, öz hünarmenleri ýurduň içine, hem ýurduň daşyna okuwa iberilýär. Bankyň ýolbaşçylary öz işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak hakyndaky isleglerini kanagatlandyrýar. Her bir işgär öz başarnygyny ýüze çykaryp döredijilikli işläp bilýär. Bankyňbir topar işgärleriniň köpäýyllyk we yhlasly çeken zähmedi dürli döwlet sylaglary we hormatly atlary bilen sylaglandy.

Bankyň üstünlikleri Türkmenistanyň ykdysadyýetinde tapgyrlaýyn we ölçenen reformalary amala aşyrmaga gönükdirlen Türkmenistanyň Hökümetiniň ykdysady syýasatynyň dogrulylygyny tassyklaýar. Birnäçe iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen baglanyşykly aktiwleriň az-kem peselendigine garamazdan, Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky geçen ýylyň jemleri boýunça öz iş alyp barýan ugurlarynyň ählisinde diýen ýaly Türkmenistanda öňdebaryjy orny eýelemegini dowam etdirdi. Buňa hem 2001-nji ýyldan bäri “The Banker” žurnalynyň 11 gezek Banka “Türkmenistanda ýylyň iň oňat banky” diýen ady bermegi şaýatlyk edýär.

Geljekde Bankyň işi, öňkisi ýaly döwletiň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Has takygy Bank Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň badalga beren Hazar kenarynda “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi maksatnamasyna işjeň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. Bankyň agzalan maksatnama gatnaşmagy bu zolakda bank hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürlemek maksady bilen bankyň bölüminiň 2008-nji ýylyň başynda açylanlygy we deňiz ýaka zolagynyň ösüş maksatnamasynyň çaginde amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary maliýeleşdrimek we hyzmat etmek bilen bellenilýär. Şeýle hem Bank “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda amala aşyryljak maýa goýum taslamalary, täze halkara derejeli demir ýol we gara ýol ugurlary gurmak taslamalary maliýeleşdirmegini gurnamak ugrunda çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Bankyň geljekki ösüşi hem öňkisi ýaly Bankyň tassyklanan maksatnamalaryna laýyklykda alynyp barylar. 2008-nji ýylyň başynda Bank tarapyndan täze orta möhletli ösüş maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnama Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň alyp barýan “Türkmenistanyň Täze galkynyş eýamy” syýasatynyň prinsiplerine esaslanýar. Geljekde hem Bank maýa goýumlary çekmegiň we maýa goýum taslamalary maliýeleşdirmegiň düýbinden täze görnüşlerini işe girizmegi bilen birlikde öz işiniň esasy wezipesi hökmünde Türkmenistanyň Hökümetiniň geçirýän giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine işjeň gatnaşmagyny belleýär.

Şeýle hem geljek üçin wajyp meseleleri bolup Bankyň abraýynyň berkidilmegi, reýtinginiň bellenilmegi bilen onuň has hem abraýly maliýe guramalarynyň sanynda tassyklanylmagy, balansyň amatly gurluşynyň gazanylmagy, onuň maýa esasynyň ösmegi, şol ýa-da beýleki hyzmatlaryň bazara täsir etmeginiň berkidilmegi, dolandyryşyň gurluşynyň we tehniki goldawynyň kämilleşmegi bolup durar.