Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň habarçy hasaby ulgamy türkmen banklarynyň arasynda örän köpugurly bolup durýar. Bu bolsa banka, müşderileriň töleg ugurlary üçin az harajatlary peýdalanyp, örän gysga möhletde tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bank tarapyndan gatnaşyk hasaplaryň iş tertibini gowulandyrmak we bankyň habarçy hasabynyň üsti bilen GDA, Ýewropa, Demirgazyk Amerika, Aziýa banklaryna hasaplary geçirmekde çykdajylary azaltmak boýunça işler yzygiderli ýagdaýda alynyp barylýar. Habarçy – banklar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegi, kada laýyklykda, ýurtdaky iri maliýe instituty hökmünde, banka konwersiýalaýyn hem-de söwda amallaryny geçirmek üçin, sap limitleri we karz ýollaryny almaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet bankynyň maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlyk gurşawynda derwaýys iş ugry, milli eksport-import we ätiýaçlandyryş gulluklary, halkara banklar we ösüş gaznalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat. Hytaýyň, Çehiýanyň, Türkiýanyň, Malaýziýanyň Eksimbanklary, Ýapon halkara hyzmatdaşlyk banky, Germes, Kofas, OND ätiýaçlandyryş gulluyklary bilen uzak möhletli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara banklarynyň we ösüş gaznalarynyň arasynda Ýewropanyň Ösüş we Özgerdiş Banky, Yslam Ösüş Banky, OPEK gaznasy, Abu-Dabi ösüş gaznasy, Saud ösüş gaznasy ýaly maliýe institutlaryna aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň daşary ykdysady döwlet banky Türkmenistanyň bank ulgamyndaky özboluşly “tanyşdyryş kartoçkasy” bolmak bilen halkara çäklerindäki öz ornuny berkitmäge ymtylýar.

Daşary ýurt walýutasyndaky "NOSTRO" hasaplar boýunça esasy habarçy banklaryň sanawy:

Country, City Name of Bank Currency S.W.I.F.T
Austria, Vienna Bank Austria Creditanstalt AG EUR/USD BKAUATWW
Germany, Frankfurt am Main Commerzbank AG EUR/USD COBADDFF
Germany, Frankfurt am Main Deutsche Bank AG EUR/USD DEUTDEFF
Netherlands, Amsterdam ING Bank EUR/USD INGBNL2A
Switzerland, Zurich UBS AG EUR/USD/GBP/JPY/CHF UBSWCHZH
USA, New York City Bank USD CITIUS33
USA, New York DEUTSCHE BANK TRUST COMPANY AMERICAS USD BKTRUS33
United Kindom, London Deutsche Bank AG GBP DEUTGB2L
Japan, Tokyo Bank of Tokyo- Mitsubishi EUR/USD BOTKJPJT
China, Beyjing Export-Import Bank of China CNY BOTKJPJT
Russian Federation, Moscow Savings Bank RUB SABRRUMM
Russian Federation, Moscow Sviazbank RUB SVIZRUMM