Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim syýasatyny amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda daşary ýurtlarda we Türkmenistanyň çäklerinde ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilime töleg geçirmeklik üçin ýyllyk 8% göterimli bolanTalyp karzy berilýär:

Talyp Karzy

Talyp karzyny almagyň düzgünleri:

Karzyň möçberi ylalaşma boýunça
Göterim derejesi Ýyllyk 8 %
Karzyň möhleti 1 ýyla çenli
  • Karz Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň çägindäki ýokary okuw jaýlarynda berilýän gündizki okuw möwsümini tölemeklik üçin berilýär (önümçilikden aýrylykda)
  • Karz boýunça tölegler bir gezeklik (ýyllyk) ýa-da iki gezeklik (ýarym ýyllyk) her okuw ýyly üçin we her okuw ýylyň başynda
  • Ikinji okuw ýylyndan başlap bolsa, her soňraky okuw ýylynyň tölegini etmeklik üçin her geçen ýylyň töleginiň 90 % göterimini tölemeklik bilen amala aşyrylýar.Şeýle hem karz boýunça soňraky tölegi etmek üçin bolsa talybyň indiki okuw ýylyna geçenligi barada ýokary okuw jaýyndan tassyklanan resminama getirmesi zerurdyr

Talyp karzyny almaklyk üçin zerur resminamalar:

Karz alyjy:

  1. Karz almak üçin arza
  2. Pasportyň (karz alyjynyň ýa-da karzy töleýjiniň) nusgasy (deňeşdirmek üçin asyl nusgasy görkezilmeli)
  3. Ene-atasynyň pasportynyň nusgasy (deňeşdirmek üçin asyl nusgasy görkezilmeli)
  4. Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama (Forma №3)
  5. Işleýän ýerinden resminama (haçandan bäri, kim bolup we näçe zähmet haky alýar)
  6. Zähmet depderçesiniň nusgasy (işgärler bölümi tarapyndan tassyklanan bolmaly)
  7. Girew üpjünçiligi (girew, kepil, güwä geçiji)
  8. Iş ýerinden häsiýetnama

Talyp:

  • Talybyň wizasy bilen pasportynyň nusgasy (deňeşdirmek üçin asyl nusgasy hem)
  • Ýokary okuw jaýy bilen talybyň baglaşan şertnamasy
  • Hasap-faktura (okuw jaýy tarapyndan ýazylyp berlen)

Aragatnaşyk maglumatlar:



Bölüm:
Karz bermek müdirligi
Kabinet:
202, 209
Telefon:
+993(12)40-61-56
+993(12)40-61-55

Karz Hasaplaýjy



jQuery UI Slider - Snap to increments

Mukdaryny giriziň:
Karzyň göterimi:

Möhletini giriziň


Aýda tölemeli: