Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen.


MasterCard Standard – bu kart söwda we hyzmat ediş nokatlarynda hasaplaşmak, Internet arkaly harytlary we hyzmatlary satyn almak, uçuş peteklerini satyn almak we myhmanhanalaryň sargyt edilmegi we esasy şuňa meňzeş hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylýar.


MasterCard Gold (Altyn) – Bu Altyn kart müşderiniň ýokary töleg ukyplylygyny kepillendirýär. MasterCard Standarda görä has ýokary töleg ukyplylygynyň bolmagy bilen, söwda nokatlarynda bu kartyň eýelerine hormat bildirmek bilen aýratyn hyzmatlar we harytlara goşmaça ýeňillik hödürlenilýär. Şeýle-hem kartyň ýitirilen ýagdaýynda we müşderiniň daşary ýurtlarda bolan ýagdaýynda gyssagly nagt puly bermek ýaly artykmaçlyklary ybaratdyr. Şeýle-hem MasterCard Gold kartlaryň hasabyndaky galyndylaryna göterimler hem hasaplanylar.


MasterCard Business — bu kart bolsa edara we kärhanalaryň wekilleri üçin hasaplaşyklarda ullanmak üçin çykarylýar. Bu kart işewür adamlar we daşary ýurtlara iş saparyna gidýän kärhanalaryň işgärleri üçin niýetlenip kärhanalar üçin amatly bolýar.