Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Hormatly müşderi, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň “Karz edaralary we bank işi hakyndaky” kanunynyň 22-nji maddasynyň ikinji bölegine esaslanmk bilen, şu aşakdaky görkezilen bank kartlarynyň ulanyş tertibi bilen jikme-jik tanyşmaga zerurdygyna Siziň ünsiňizi çekýär.

Görkezilen tertipdäki maslahatlary berjaý edilmegi, bank kartyňyzyň, rekwizitlarynyň, PIN-kodyňyzyň we beýleki maglumatlarynyň howpsuzlygyny üpjün eder. Şonuň bilen hem bankomatlarda bank kartlaryny ulananyňyzda bolup biljek howply (ýitgiler we başga sebäpleriň döremek) ýagdaýlardan, harytlaryň we hyzmatlaryň nagt däl görnüşinde, şol sanda hem Internetda, tölän ýagdaýyňyzda töwekgelçiliklerden gorar.

Umumy düzgünler

  1. PIN-kodyňyzy hiç haçan hiç kime aýtmaň, şol sanda hem garyndaşlaryňyza, ýakyn tanyşlaryňyza, bile işleýän kärdeşleriňize, nätanyş adamlara, karz guramalarynyň işgärlerine, kassirlara we bank kartyny ulanmaga kömek edýän adamlara.
  2. PIN-kody hökmany ýagdaýda ýatda saklamaly ýa-da Size ol kyn bolan ýagdaýynda, ony bank kartyndan aýry görünmeýän we gaýry taraplara, şol sanda hem özüňize ýakyn adamlara, garyndaşlara elýeter däl ýerde saklamaly.
  3. Hiç haçan hiç ýagdaýlarda bank kartyny gaýry taraplara, şol sanda garyndaşlaryňyza ulanmaga bermäň. Bank kartyny diňe bank kartynyň ýüzünde ady we familiýasy ýazylan şahsy adamyň ulanmaga haky bardyr.
  4. Bank kartyny ulanyş we saklanyş şertine berk boluň. Bank kartyny mehaniki, elektromagnit we temperatura täsirinden we çyglykdan goraň. Bank kartyňyzy el telefonlaryň, hojalyk we ofis harytlarynyň ýanynda saklamak gadagan.
  5. Kartyň arka tarapynda Bankyň habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilendir. Olary we bank kartyňyzyň belligini (nomeryny) öz kitapçaňyzda, jübi telefonyňyzda we/ýa-da beýleki maglumat saklaýjy zatlarda hökmany ýagdaýda ýazyp saklamaly, ýöne PIN-kod ýazgynyň ýanynda saklamaly däldir.
  6. Bank kartyňyza bikanun hereketleriň öňüni almak maksady bilen bank hasabyňyzdan nagt pul serişdesini almaga her aýky çäklendirmäni we birwagtda edilen amallar barada elektron habarnama hyzmatyny birikdirmek maksada laýykdyr. (SMS ýa-da E-mail habarnama).
  7. Bankyň adyndan diýip gelen kart we hasap maglumatyňyzy soraýan e-mail hatlara jogap bermäň. Şol hatlarda ýazylan “web-salgylara” girmäň (şol sanda karz guramalarynyň saýt salgylaryna), olar galp saýtlara getirip biler.
  8. Ýadyňyzda saklaň, şahsy maglumatlar we PIN-kod bilinse, bank kartyňyz ýitirilen ýagdaýynda gaýry taraplar Siziň bank kartyňyzdan bikanun pul serişdeleriňizi ulanyp biljek howpy bardyr.

Şahsy maglumatlaryňyzyň ýa-da PIN-kodyňyz başga birine mälim bolandyr öýtseňiz, şeýle hem, bank kartyňyzyň ýiten ýagdaýynda, haýal etmän Banka jaň edip kartyňyzy ýatyrmaly (bloklamaly). Banka ýüz tutmazyňyzdan öň Siziň bank kartyňyzdan rugsatsyz pul serişdeleriniň çykarylmagyna Siz jogapkärçiligi Siziň özüniz çekýärsiňiz. Bank bilen baglaşylan Şertnama laýyklykda, Banka habar edilmeginden öň Siziň bank kartyňyzyň rugsatsyz ulanylmagy netijesinde bank hasabyňyzdan pul serişdeleriniň çykarylmagynyň öwezini doldurylmaýar.

Bankomatda bank karty bilen ýerine ýetiriljek amallar boýunça düzgünler.

  1. Howpsyz ýerde ýerleşdirilen bankomatlaryň üsti bilen amallary ýerine ýetiriň (mysal üçin, döwlet edaralarynda, banklaryň şahamçalarynda, uly söwda merkezlerinde, myhmanhanalarda, howa menzillerde we ş.m.)
  2. Bankomadyň ýerleşýän ýerine girmek üçin PIN-kody girizmekligi soraýan enjamlary ulanmaň.
  3. Bankomadyň ýanynda ýat adamlar bar bolan ýagdaýynda bankomady ulanmaga has amatly wagty ýa-da başga bankomady saýlap almagyňyz gerek.
  4. Bankomady ulanmagyňyzdan öň onuň goşmaça enjamlaryny, onuň düzümine degişli bolmadyk PIN-kody girizilýän ýerinde ýerleşen (kesik) we karty kabul edýän ýerine serediň (mysal üçin, PIN-kody girizilýän klawiaturanyň tekiz däl görnüşinde ýerleşdirilen). Görkezilen ýagdaýynda şeýle bankomatdan peýdalanmakdan saklanyň.
  5. Bankomadyň klawiaturasy ýa-da karty kabul edýän ýeri onuň düzümine laýyk gelmeýän goşmaça enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bolsa, bank kartyňyzy bu bankomatda peýdalanmakdan saklanyň we öz şübheleriňiz barada bankomatda görkezilen telefon belgi arkaly karz edara habar beriň.
  6. Bankomata bank kartyny goýmak üçin fiziki güýji ulanmaň. Eger bank kartyny ýeňil kabul etmeýän bolsa, ṣeýle bankomady peýdalanmakdan saklanyň.
  7. PIN-kody ýazanyňyzda ýanyňyzdaky duran adamlara görünmez ýaly ýazyň. PIN-kody ýazanyňyzda klawiaturany eliňiz bilen ýapyň.
  8. Bankomat nädogry işlän ýagdaýynda (mysal üçin, köp wagtlap garaşma ýagdaýynda duran bolsa, özbaşdak täzelenip dursa), klawiaturanyň “Ýatyrma” (“Cancel”) düwmesine basmak bilen geçirýän amalyňyzy ýatyryň we ṣeýle bankomatdan peýdalanmakdan boýun gaçyryň.
  9. Bankomatdan nagt pul serişdelerini alanyňyzdan soň pul banknotlaryny sahypalap sanaň, bank kartyňyzyň bankomatdan yzyna gaýtarylandygyna üns beriň, soran bolsaňyz kwitansiýany çykarýança garaşyň, soňra olary gapjygyňyza (jübiňize) salyň we diňe şondan soň bankomadyň ýanyndan gidip bilersiňiz.
  10. Soň bank hasabynyň bilen deňeşdirmek üçin bankomatdan çykan kwitansiýalaryňyzy ýygnap goýuň.
  11. Bankomatlardan bank kartlary bilen amallary geçirmek boýunça gaýry taraplaryň maslahatlaryny, şeýle hem olaryň kömegini kabul etmäň.
  12. Eger bankomatda amallary ýerine ýetireniňizde bank kartyňyzy yzyna gaýtaryp bermeýän bolsa, bankomatda görkezilen telefon belgisi arkaly karz edarasyna jaň ediň we bolan ýagdaýy düşündiriň, şeýle-de bankomat tarapyndan yzyna gaýtarylyp berilmedik bank kartyny beren Banka ýüz tutuň we Bank işgäriniň instruksiýasyna göra hereket ediň.

Bank kartlary bilen nagt däl görnüşinde harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek boýunça düzgünler.

  1. Bank kartyňyzy ynam döretmeýan edaralarda ulanmaň.
  2. Kartyň üsti bilen tölegi diňe siziň gatnaşmagyňyzda geçirmekliklerini talap ediň. Bu siziň bank kartyňyzdaky görkezilen personal maglumatlaryňyzy bikanun almaklyk töwekgelçiligini peseltmek üçin hökmandyr.
  3. Harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek üçin kassir bank kartynyň eýesinden pasporty, çege gol çekmegi ýa-da PIN-kody girizmekligi sorap biler. PIN-kody girizmegiňizden öň ýanyňyzdaky duran adamlara görünmezligine üns beriň. Çege gol çekmegiňizden öň hökmany ýagdaýda çekde görkezilen jemi möçberini barlaň.
  4. Bank karty bilen geçirjek bolan amalyňyz “üstünlikli” geçmedik bolsa, terminalyň çykaran çeginiň bir nusgasyny bank hasaby boýunça göçürmede görkezilmedik amallary barlamak üçin ýygnaň.

Bank kartyňyz bilen Internet üsti bilen amallary geçirmek boýunça düzgünler.

  1. Internet üsti bilen, şeýle hem telefon/faks arkaly harytlar we hyzmatlar sargaňyzda PIN-kodyňyzy ulanmaň.
  2. Internet ulgamy arkaly bank kartyňyz (hasabyňyz) baradaky maglumaty ýa-da personal maglumatlaryňyzy habar bermäň, mysal üçin PIN-kody, bank kartyňyzyň möhletini, personal maglumatlaryňyzy.
  3. Harytlar, hyzmatlar üçin diňe meşhur we barlanan guramalaryň internet-sahypalaryndan peýdalanyň.
  4. Internet-sahypalarda meňzeş salgylarda bikanun hereketleriň ýerine ýetirilýändigi sebäpli hökmany ýagdaýda birikýän we söwda etjek bolýan salgylaryňyzyň dogry ýazylşyna üns beriň.
  5. Personal maglumatlaryňyzyň gizlinligini we (ýa-da) bank kartyňyzyň (hasabyňyzyň) maglumatlaryny gorap saklamak maksady bilen söwdany diňe öz kompýuteriňizde ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Söwda başga biriniň kompýuterini ulanmak bilen ýerine ýetirilýän bolsa onda personal maglumatlaryňyzy we başga maglumatlary ýatda saklatmaň, hemme amallary ýerine ýetireniňizden soň bolsa personal maglumatlaryňyzyň we başga maglumatlaryň kompýuteriň ýadynda saklanylmadygyna üns beriň (brauzerde söwda edilen web-sahypada söwdagäri täzeden ýüklemek bilen).
  6. Öz kompýuteriňizde antiwirus programmasyny gurnaň we wagtly-wagtynda onuň we siziň ulanýan başga programmalaryňyzyň täzelenip durmagyny gözegçilikde saklaň, bu Sizi zeper ýetiriji programmalardan gorap biler.