Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

“Söwda maliýeleşdirilmegi" – hasapaşyklaryň ygtybarlygyny we zerur serişdeleriň elýeterli bolmagyny üpjün edýän iň amatly guraldyr. Bu önümiň ulanylmagy biziň müşderilerimiziň söwda amallarynyň maliýeleşdirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär:

  • karz ulgamyň hasabyna akkreditiwleriň açylmagy we kepilnamalaryň berilmegi
  • akkreditiw tölenilen senesinden bank tarapyndan müşderä karz berilmegi

Şeýle amatly ýagdaýlar müşderilere dürli ylalaşyklar ýagny: harytlary, hyzmatlary, intelektual eýeçiligi, çig maly, köpçülikleýin sarp edilýän harytlardan we çylşyrymly gymmat enjamlara çenli alyş-satyş şertnamalar boýunça hödürlenýär.

Türkmen daşaryykdysadybankyndaky söwda maliýeleşdirilmegiň artykmaçlyklary:

  • Akkreditiw we/ýa-da kepilnama açyp, bank daşary ýurt satyjynyň öňünde harydyň we/ýa-da hyzmatyň ugradylan we/ýa-da gowşurylan ýagdaýynda tölenmegine güwä geçýär
  • Satyn alyjy öz hususy serişdelerini harç etmezden bank bilen harydy ýerleşdireninden soň hasaplaşýar
  • Amatly töleg şertler we nyrhlar

Maliýeleşdirmegiň esasy şertleri:

  • Şertnama – import boýunça bolmaly
  • Maliýeleşdirmegiň möhleti – 2 ýyla çenli
  • Maliýeleşdirmegiň mukdary – şertnamanyň bahasyndan 80%
  • Ýeňillikli döwür – söwda maliýeleşdirmegiň tolegi geçen gününden 90 gün

Söwdaňyzy Türkmen Daşaryykdysadybank bilen hyzmatdaşlykda ösdüriň!