Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderilere gymmat bahaly kagyzlary, gizlin resminamalary, ýuridiki resminamalary, elektron görnüşli maglumatlary, altyn-kümxş şaýlary, gadymy suratlary we beýleki gymmat bahaly zatlary goýmak üçin bank demir sandyklary kärendesine hödürleýär.

Demir sandyklary ýörite saklanýan jaýlarda goragçy enjamlar bilen ýerleşdirilendir. Demir sandyklary saklanýan ýörite jaýyň geriminiň daş-töweregi berk üpjün edilen Bankyň işgärlerine we demir sandygyny kärendesine alan müşderilere rugsat ygtyýarlanandyr. Kärende baradaky şertnama baglaşylandan soňra, gizlin ylalaşyk boýunça, diňe müşderä demir sandyklar ygtyýar berilýär.

Siz kärendä alan hususy bank demir sandyklaryňyzy islendik möhlet bilen kärende şertnamanyň möhletini uzaldyp bilersiňiz, şeýle hem kärendesine alan demir sandyklary hukugyny öz ynanýan tarapyňyza ulanmaga mümkinçilik bar.

Aragatnaşyk maglumatlar:



Bölüm:
Hasaplaşyk amallary müdirligi
Kabinet:
121, 023, 026
Telefon:
+993(12)40-64-68
+993(12)40-61-66
+993(12)40-61-69

Goşmaça maglumatlar:


Nyrhlar