Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistandaky täjirçilik banklaryň arasynda Reuters Dealing-2000 maglumat-söwda ulgamyndan peýdalanýan ýeke-täk bankdyr.

Bu ulgam Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna depozit we konwersion amallary we daşarky bazarda gymmat bahaly kagyzlar bilen amallary geçirmäge, walyutalaryň, gymmat bahaly metallaryň, çig nebit, pagta we beýleki harytlaryň nyrhlaryna baha kesilişini häzirki döwürde hakyky ýagdaýyny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Bankda ornaşdyrylan tilsimat müşderileriň tabşyryklary boýunça ýokary girdejili amallaryny geçirmäge, müşderileriň walyuta serişdelerini iň ygtybarly daşary ýurt banklarynyň goýumlarynda ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň öz müşderilerine dünýä bazarlarynda bolup geçýän özgertmeler barada doly maglumatlary bermäge mümkinçiligi bar.

Aragatnaşyk maglumatlar:



Bölüm:
Hasaplaşyk amallary müdirligi
Kabinet:
121, 023, 026
Telefon:
+993(12)40-64-68
+993(12)40-61-66
+993(12)40-61-69