Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky öz müşderilerine pul geçirmeleriniň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:

  • Türkmen manadyndaky pul geçirmeleri
  • Daşary ýurt pulundaky pul geçirmeleri

Siz türkmen manadyndaky pul geçirmeleriňizi hem öz adyňyza, hem üçünji taraplaryň peýdasyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen amala aşyryp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankdaky türkmen manat puluny geçirmegi aşakdaky ýaly amala aşyryp bolar:

  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň çäklerinde
  • Türkmenistanyň çäginde ýerleşen beýleki karz guramalaryna

Siz daşary ýurt pulundaky pul geçirmeleriňizi hem öz adyňyza, hem üçünji taraplaryň peydasyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen amala aşyryp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankdaky daşary ýurt puluny geçirmegi aşakdaky ýaly amala aşyryp bolar:

  • Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň çäklerinde
  • Türkmenistanyň çäginde ýerleşen beýleki karz guramalaryna;
  • Türkmenistanyň çäginden daşyna

Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň SWIFT Halkara maliye telekommunikasiya bileleşiginde agzalygy, daşary ýurt korrespondent banklarynyň giň ulgamynyň bolmagy. Size daşary ýurt pulundaky pul geçirmesini dünýäniň islendik nokadyna günibirin, pul geçirmäni doly möçberinde we ýygym tölegleriniň az möçberinde amala aşyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bаnкуnyň ähli hyzmatlary we amallary Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyna layyklykda amala aşyrylýar.

Aragatnaşyk maglumatlar:



Bölüm:
Hasaplaşyk amallary müdirligi
Kabinet:
121, 023, 026
Telefon:
+993(12)40-64-68
+993(12)40-61-66
+993(12)40-61-69

Goşmaça maglumatlar:


Nyrhlar