Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň daşary söwdasyna hyzmat etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär. SWIFT Halkara maliýe telekommunikasiýa bileleşiginde agzalyk, daşary ýurt banklary bilen korrespondent gatnaşyklarynyň giň ulgamynyň bolmagy we bankyň işgärleriniň ýokary hünärliligi daşary söwda dokumentar amallaryny amala aşyrmak babatynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyň möhüm artykmaçlygydyr.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara bank tejribesinde kabul edilen eksport we import amallary boýunça hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini amala aşyrýar, hususan-da:

  • Import we eksport dokumentar akkreditiwleri görnüşindäki hasaplaşyklar
  • Import we eksport dokumentar inkasso görnüşindäki hasaplaşyklar
  • Kepillikler bilen amallar

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyň gatnaşmagynda daşary söwda-da dokumentar amallarynyň peýdalanylmagy şu aşakdakylara mümkinçilik berýär:

  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banka öz üstüne daşary söwda töwekgelçiliklerini almaga
  • Tölemezlik töwekgelçiliklerini aşaklatmaga we eksport pul serişdesiniň gelip gowuşmak möhletlerini gysgaltmaga
  • Harydy ibermezlik bilen baglanşykly töwekgelçilikleri has aşaklatmaga
  • Hakujy töleginiň paýyny pesetmäge
  • Daşary söwda geleşigi boýunça harajatlary has aşaklatmaga
  • Harytlaryň dünýä bazarlaryna girmek mümkinçiligini giňeltmäge
  • Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müşderilerine hasaplaşyklaryň häzirki zaman we ýokary tehnologik usullaryny ulanmak bilen daşary söwdanyň hünärli gatnaşyjylary hökmünde çykyş etmek

Daşary söwda geleşikleri boýunça hasaplaşyklaryň dokumentar görnüşlerini saýlamak bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müşderileri hökmany tertipde Bankyň hünärli işgarleriniň hünär taýdan ýokary derejeli maslahatyny alýarlar.

Aragatnaşyk maglumatlar:



Bölüm:
Karz bermek müdirligi
Kabinet: :
202a, 218, 209
Telefon:
+993(12)40-61-55
+993(12)40-61-01
+993(12)40-64-44

Goşmaça maglumatlar:


Nyrhlar