Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

25.10.2016

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşarky bazarlara çykarmagy hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi milli ykdysadyýetimiz üçin möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Munuň özi köp babatda Türkmenistanyň dünýäniň hem-de sebitiň ulag-aragatnaşyk ulgamyna çekilmeginiň derejesine bagly bolup, bu ulgam döwletleriň arasynda maddy binýat we haryt dolanyşygynyň guraly bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda logistiki ulgam işjeň giňeldilip, söwda gatnaşyklarynyň ulag üpjünçiligi hem-de Ýewropa-Aziýa ugurda we tersine tarap ugurda üstaşyr ýük daşamalarynyň artýan möçberlerini öz üstüne alyp biljek ýollary çekmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň çäginden üstaşyr ýükleriň 1,7 million tonnadan gowragy daşaldy. Olaryň agramly bölegi demirýol boýunça (61,5 göterim) we awtomobil ulaglary bilen (34 göterim) daşaldy.

Şol döwürde Türkmenistanyň çäginden ýük awtoulaglarynyň 31,3 müň birligi geçdi, bu bolsa 2015-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 6,2 göterim köpdür. Olaryň agramly bölegi Türkiýäniň awtoulaglary-52,3 göterime we Eýranyň awtoulaglary-37,2 göterime deň boldy.

Demir ýol ulaglary arkaly üstaşyr, eksport we import ýükleri daşalanda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ABŞ-nyň 122,9 million dollaryna, şol sanda üstaşyr ýük daşamalary ABŞ-nyň 74,5 million dollaryna, eksport harytlary ABŞ-nyň 42,3 million dollaryna, import harytlary ABŞ-nyň 6,1 million dollaryna deň boldy. Bu hyzmatlaryň umumy möçberi 2015-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary bilen deňeşdireniňde 8,8 göterim ýokarlandy. Munuň özi, esasan, üstaşyr ýükleriň daşalmagy üçin hyzmatlaryň möçberiniň 7,2 göterim artmagynyň hasabyna bolup geçdi. Olar ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň umumy möçberinde 60,6 göterim, şeýle hem eksport ýükleriň 43,8 göterim artmagynyň hasabyna berjaý boldy. Şol bir wagtda daşary ýurtlardan getirilýän ýükleriň daşalmagy üçin hyzmatlar 56,4 göterim peseldi. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, ýurdumyzda öndürilýän harytlar bilen çalyşmak boýunça döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesi bolup durýar.

Ýokary netijeli milli ulag ulgamyny kemala getirmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ulag syýasatynyň baş maksady hökmünde kesgitlendi. Ol ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak , olaryň howpsuzlygyny we hilini ýokarlandyrmak, maýa goýum işjeňligi üçin şertleri döretmek ulag işleriniň we hyzmatlaryň içerki we daşarky bazarynda ýurdumyzyň ýük daşaýjylarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga bolan islegi kanagatlandyrmak bolup durýar.

2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda ulaglaryň ähli görnüşleri (turba geçirijiden başga) bilen eksport ýükleriň 6 million tonnadan gowragy daşaldy, bu görkeziji 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 6,7 göterim köpdür. Eksport harytlaryny daşamak suw ulaglary bilen (52,1 göterim), awtomobil ulaglary bilen (29,6 göterim), şeýle hem demirýol arkaly (18,2 göterim) we howa ulaglary arkaly (0,1 göterim) amala aşyryldy.

2016-njy ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda daşary ýurtlardan getirilen ýükler 3,1 million tonnadan gowrak möçberde daşaldy. Bu bolsa 2015-nji ýylyň degişli döwründäkiden 25,3 göterim azdyr. Ýükleri daşamakda esasy paý awtomobil ulaglaryna düşdi (51,7 göterim). Demir ýol ulaglary bilen 34 göterim, suw ulaglary bilen 14,1 göterim, howa ulaglary bilen 0,2 göterim ýük daşaldy.

2015-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary bilen deňeşdirilende, demir ýol ulaglary bilen eksporta ugradylan ýükleriň möçberiniň ösüş depgini 47,1 göterime, awtomobil ulaglary bilen daşalan ýükleriň möçberiniň ösüş depgini 17,2 göterime, howa ulaglary bilen daşalan ýükleriň möçberiniň ösüş depgini 7,1 göterime deň boldy. Şunda üstaşyr ýükleriň daşalyşynyň möçberi şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda 2015-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende, howa ulaglary arkaly daşalmagynda 2,2 esse, suw ulaglary bilen daşalmagynda 2,5 esse artdy.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde daşamagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmagyň, bäsleşige ukyply düýbünden täze hyzmatlary hödürlemegiň esasynda ulag ulgamynda hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmagyň zerurlygy ilkinji orna çykýar. Türkmenistanyň ösüşiniň strategiki ugurlary milli serişdeleriň möhümleriniň biri bolan Türkmenistanyň ulag aragatnaşyklarynyň üsti bilen ýurduň üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Şoňa görä-de, döwletimiziň çäklerinde bäsleşige ukyply ulag geçelgeleriniň döredilmegi daşarky we içerki ykdysady bähbitlere laýyk gelýär. Muňa döretmek başlangyjy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň ulanmaga berilmegine taýýarlanylýan birinji tapgyry mysal bolup biler. Bu Atamyrat—Ymamnazar (Türkmenistan) —Akina (Owganystan) bölegidir. Şonuň bilen bir wagtda “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ýükläp ugratmak boýunça terminaly ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär. Bu waka Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçiriljek wagtyna gabat gelýär.

Geljekde Aziýa ulag-üstaşyr geçelgesi halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde hem-de tutuş sebiti ösdürmekde ähmiýetli orun tutmalydyr, uly möçberli taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisine uly peýda getirmelidir.

Mazmuny boýunça üstaşyr geçirmek ulag hyzmatlarynyň eksporty bolup durýar, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugrudyr. Üstaşyr geçirmek—munuň özi ulag we ugurdaş hyzmatlara tölemegiň görnüşinde pullaryň göni gelip gowuşmagydyr, infrastrukturanyň ösdürilmegine maýa goýumlardyr, iň döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr, täze iş orunlarynyň döredilmegidir we beýlekilerdir.

Seljerijiler gury ýerden we suwdan haryt akymlarynyň hereketiniň ugurlarynyň ulag harajatlaryny takyk hasaplap, ulagyň ösüşi bilen söwdanyň ýokarlanyşynyň arasyndaky özara baglanyşyga barlag geçirýärler. Bu gün köp bilermenler Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň örän depginli bazara öwrüljekdigi hem-de öz aragatnaşyklaryna sebitara ýük akymlaryny çekip biljek ýurtlaryň has köp girdeji alyp biljekdigi barada bir pikire gelýärler.

Şu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ulag syýasatynyň maksady ýurduň amatly geografik ýerleşişini hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky tebigy üstaşyr köpri hökmünde ulag düzüminiň ägirt uly kuwwatyny doly derejede peýdalanmak bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi