Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

01.11.2016

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky “Hazar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara süýşürintgiler güni hem-de türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň bilelikde geçiren çäresine ýurdumyzyň karz edaralarynyň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine maliýe statistikasynyň hem-de pul-karz syýasatynyň ähmiýeti, jemgyýetçilik süýşürintgileriniň maýa goýumlaryna öwrülmegi, pul dolanyşyk ulgamyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Bu çäräniň esasy maksady ilatyň maliýe sowatlylygyny hem-de süýşürintgiler medeniýetini ösdürmegiň möhümdigi baradaky pikir alyşmalary geçirmekdir.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň bilermenleri Mattias Wangler we Konstantin Panteleýew maslahatda çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu çäräni geçirmekde goldaw hem-de ýardam berendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Nemes hünärmenleri Germaniýanyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň ýurdumyzyň bank ulgamynyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ýurdumyzda ilkinji gezek Halkara süýşürintgiler gününiň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilýän bu çäräniň ähmiýetini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, milli maliýe-karz ulgamynyň kämilleşdirilmegi, onuň halkara ülňülerine laýyk getirilmegi döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilýän ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan şertlerinde iri Ýewropa banklarynyň tejribeleriniň öwrenilmegi, maliýe ulgamynda dolandyryş usullarynyň häzirki zaman nusgalarynyň ornaşdyrylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýar. Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi milli Liderimiziň oňyn özgertmeleriniň makroykdysady strategiýasyna esaslanýar, munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda hil taýdan täze belentlige çykmaga mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllarda iri möçberli milli maksatnamalar işjeň durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda maliýe ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegini öz içine alýar. Bank ulgamyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň çäklerinde bank amаllarynyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen nagt däl hasaplaşyklary girizmek, karzlaşdyrmagyň hem-de ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şunda onlaýn-banking önümlerini hödürlemegiň hasabyna hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Geçirilýän çäreler netijesinde milli manat häzirki zaman elektron görnüşinde hem işjeň hereket edýär. Türkmenistanlylaryň “Altyn asyr” bank kartlaryny ulanmaklary bilen pul dolanyşygynyň ösüşinde täze tapgyr açyldy. Ýurdumyzyň raýatlaryna “Visa Eleсtron”, “Visa Сlassiс”, “Visa Gold” kart görnüşleri hyzmatlary, edara görnüşli taraplar üçin bolsa “Visa Business” karty hödürlenýär. Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak, harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmek, Internetiň üsti bilen petekleriň satyn alynmagy üçin “MasterСard” halkara töleg ulgamyny girizmek boýunça degişli işler geçirildi. Töleg kartlarynyň, şol sanda halkara töleg boýunça kartlaryň peýdalanylmagy pul serişdeleriniň saklanylmagy we toplanylmagy üçin has amatlydyr.

Özgertmeler işlerinde milli kanunçylygyň, şol sanda bank ulgamynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn orun degişlidir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu ulgamda hereket edýän halkara ülňüleri hasaba alnyp, kadalaşdyryjy–hukuk namalarynyň ençemesi işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda şu ýylyň oktýabr aýynda hem-de goýumçylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, bank ulgamyna ynamyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen “Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, geljekde ýurdumyzyň banklarynyň öňünde ägirt uly wezipeler, şol sanda islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan raýatlaryň pul serişdelerini çekmek boýunça möhüm işler durýar. Süýşürintgiler maliýe goraglylygyny hem-de ýokary durmuş derejesini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilata pul serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň usullaryny öwretmek, maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek zerurdyr, munuň özi geljekde banklaryň has ygtybarly karz alyjylaryň emele gelmegi hem-de munuň bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmaklaryna mümkinçilik berer.

Maslahatda edilen çykyşlarda soňky döwürde peýda bolan bank önümlerini hem-de hyzmatlaryny düşündirmek, süýşürintgiler bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky baglanyşygy görkezmek, hususy maýa goýum maksatnamalarynyň we depozit önümlerini saýlamagyň ýörelgeleriniň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen goýumçylar üçin habar beriş çärelerini guramagyň hem-de geçirmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropada öňdebaryjylaryň biri hasap edilýän nemes hyzmatdaşlarynyň bu ugurdaky tejribesiniň ýurdumyzyň bank ulgamynyň hünärmenleri üçin örän gyzykly bolup durýandygy bellenildi.

Maslahatyň jemlerini jemlemek bilen, ýygnananlar Türkmenistanyň banklary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi