Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2016-njy ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda “Döwletleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we halkara maliýe institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly dersi boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Türkmenistanyň jemagat hojalyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň, Türkmenistanyň demir-ýol ulaglar ministrliginiň, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Geçirilen okuw maslahatynda Birleşen Milletler Gyramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) wekilleri “ Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, halkara maliýe institutlarynyň we döwlet düzümleriniň özara baglanyşygy” we “Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen Merkezi Aziýanyň halkara ösüş banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň modelleriniň nusgalary” atly möhüm meselelere seretdiler.

Maslahat 2012-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan döwleti bilen BMGÖM-nyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek Memarandumynyň çäginde geçdi. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň esasyny düzüp, Türkmenistan döwletiniň ösüş maksatnamalaryny işjeň maliýeleşdirmäge Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde amala aşyrmaga ýol açar.