Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2016-njy ýylyň 24-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli derwaýys meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise ýurdumyzyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol 23-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky on ýedinji maslahatynyň jemleri hakynda habar bilen çykyş etdi. Bu maslahatda “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de “Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň Karary, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujeti, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüş depginlerini saklamaga, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga, ähli ugurlarda innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmaga, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge hem-de umuman, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Kabul edilen kanunlaryň hatarynda “Adalatçy hakynda”, “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda”, “Azyk howpsuzlygy hakynda” Kanunlar bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugrudygyny belledi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, 2017-nji ýylda hem durmuş syýasaty halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler. Çünki biz saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmegiň hem-de durmuş hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini artdyrmagyň esasynda adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmegi maksat edip goýýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Esasy maliýe resminamasy ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge goýlan maýalary ýokary depginler bilen özleşdirmäge, türkmen jemgyýetiniň bähbitleriniň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuna guwanç we buýsanç bilen gol çekýändigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak babatda DIM-niň alyp barýan işleri, şeýle hem 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata taýýarlyk görmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Goňşy döwletler, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejesi, söwda-ykdysady we medeni- ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly depgini munuň aýdyň subutnamasydyr. Esasy halkara guramalary we düzümleri bilen özara gatnaşyklary berkitmek boýunça hem maksada gönükdirilen işler geçirilýär. Şunda BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň halkara häsiýetli çäreleriň, şol sanda iri maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülmegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döredijilikli daşary syýasatynyň miwesidir. Şol çäreleriň gün tertibine sebit we dünýä ähmiýetli möhüm meseleler girizilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň BMG-niň belent münberinden beýan eden hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň möhümdigi we zerurdygy bellenildi. 2014-nji we 2015-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ulag meseleleri boýunça kabut eden iki kararnamasy hem munuň aýdyň tassyklanmasydyr. Şol resminamalaryň esasynda şu hepdäniň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahat geçiriler. Oňa birnäçe ýurtlaryň döwlet, hökümet we parlament baştutanlary, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, dünýäniň onlarça döwletlerinden resmi wekiliýetler gatnaşar. Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen onuň maksatnamasynyň degişli taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem maslahatyň çäklerinde goşmaça çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem netijeli halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerip, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary berkitjekdigini nygtady. Milli Liderimiz bu barada aýdyp, degişli ugurda işleri, şol sanda dürli ugurlarda özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara gün tertibiniň strategiki meseleleri, hususan-da, ulag--aragatnaşyk pudagyna degişli meseleler boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtap, Ählumumy maslahaty geçirmegiň ähmiýetini aýratyn belledi hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ony geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda işleriň ýagdaýy, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň ulanylyşy, ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda möhüm taslamalary amala aşyrmagyň barşy, transmilli ýollaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak hem-de sebit we sebitara ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberini artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmagyň hem-de bu ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanda yklymyň möhüm söwda ýollarynyň kesişýän ýerinde kuwwatly üstaşyr merkezi döretmek barada aýdyp, demir ýollarynyň we awtobanlaryň, deňiz we howa menzilleriniň gurulmagynyň hem-de döwrebaplaşdyrylmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, ulag ulgamyny batly depginler bilen ösdürmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý. Kakaýew ýangyç-energetika toplumynda birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda nebitgaz we geologiýa puldaklarynyň düzümleýin bölümleriniň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Döwlet býujetiniň serişdeleriniň ulanylyşy boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny has doly amala aşyrmaga, gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge örän oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere ýurdumyzyň nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek boýunça işleri has-da ýygjamlaşdyrmaga, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary, häzirki zaman tehnikalary ornaşdyrmagyň esasynda ýangyç-energetika toplumynyň düzümini depginli döwrebaplaşdyrmaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň önümçilik binýadyny pugtalandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply senagat önümleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet býujetiniň serişdeleriniň özleşdirilişi barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagynda kabul edilen pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, innowasion tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň esasynda pudak düzümini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz eksport ugurly önümçilik ulgamynda senagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyzyň dokma we himiýa pudagy hem, gurluşyk serişdelerini öndürýän önümçilik hem bu babatda uly kuwwata eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzda öz elektron senagatymyzy çalt döretmegiň ähmiýetini aýratyn belläp, wise-premýere öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özara hasaplaşyklary düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem maliýe-bank ulgamynyň, salgyt we statistika edaralarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy.

Wise-premýer şeýle hem Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, deslapky netijelere görä, ähli pudaklar boýunça oňyn görkezijiler bellenilýär, bu bolsa türkmen Lideriniň alyp barýan ykdysady ösüş strategiýasynyň netijeleridir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilnamadaky wezipeleriň hem-de milli özgertmeler maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň býujet serişdelerini maksadalaýyk peýdalanyşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, 20-nji dekabra çenli aýlyk iş haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp we diňleýji haklaryny tölemek babatdaky meselelere bu ýere ýygnananlaryň ünsi çekildi. Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara bu tabşyrygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda ulgamynyň düzümlerindäki işler, bu ulgamy ösdürmäge gönükdirilen býujet serişdeleriniň peýdalanylyşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, şu ýylyň 1-nji dekabrynda German ykdysadyýetiniň gününi geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu çärä ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de esasy hünärmenleriniň, şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň döwlet edara-guramalarynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşar.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryna öňdebaryjy tejribäni hem-de häzirki zaman innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň amala aşyrýan uly möçberli işleri dünýäniň işewür jemgyýetçiliginiň, özara bähbitli işewür aragatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge öz gyzyklanmalaryny beýan edýän daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň we maýadarlarynyň barha köp ünsüni çekýär. Şeýle çäreler söwda-ykdysady ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletli gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň häzirki wagtda Türkmenistanyň alyp barýan Ýewropanyň öňdebaryjy döwletleri bilen uzakmöhletli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen daşary syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, dürli derejelerde yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklar Türkmenistanyň hem-de GFR-iň netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga mundan beýläk-de eýermäge uly gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol duşuşyklaryň her biri anyk netijelere gönükdirilen döwletara gatnaşyklarynyň esasy meseleleri boýunça ynam bildirilýän pikir alyşmalara öwrülýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Germaniýanyň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynanyşmagyň hem-de özara hormat goýmagyň ýola goýlan ýokary derejesi hem örän giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin meýdançanyň döredilmegine umumy, ylalaşylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönüden-göni hyzmat edýär.

Häzir biziň ýurtlarymyz bilelikde işlemegiň baý tejribesini hem-de döwlet ösüşiniň öňde duran ilkinji derejeli wezipeleri nazara alnyp, hormat goýmak we özara ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini kesgitlemäge oýlanyşykly çemeleşýändiklerini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, täze pudaklary döretmäge, ýokary hilli hem-de eksporta niýetlenen önümleriň giň görnüşlerini çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriň Türkmenistanda amala aşyrylýan sebit we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan Ýewropanyň meşhur kompaniýalary hem-de maliýe düzümleri bolan german hyzmatdaşlary bilen özara gyzyklanma döredýän gatnaşyklar üçin örän giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Türkmenistan ykdysady ösüşiniň durnukly ýokary depginini hem-de sazlaşykly içerki ösüşiň oňyn ýagdaýyny saklaýar. Bu bolsa ykdysady we serişde kuwwaty bilen bir hatarda ýurdumyzy daşary ýurtlaryň, hususan-da, Germaniýanyň işewürligi üçin örän özüne çekiji edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. GFR-yň işewür toparlary daşary ýurt işewürligi üçin has amatly ýagdaý döredilen geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň bolmagyny giňeltmek baradaky meýilleri barada ençeme gezek beýan etdiler hem-de öz türkmen hyzmatdaşlary bilen iň oňat öňdebaryjy tejribäni we innowasion işläp taýýarlamalary paýlaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly kuwwaty nazara alnyp, söwda-ykdysady ulgamda türkmen-german özara hereketleriniň uly geljegini belläp, German ykdysadyýetiniň gününiň geçirilmeginiň özara gyzyklanma döredýän möhüm ugurlaryň ählisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge has-da uly itergi berjekdigine hem-de iki dostlukly ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu işewür forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa milli senenamamyzdaky şanly senelere – Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna gabatlanyp geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi hakynda hasabat berdi.

Bitaraplyk güni mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar ýaýbaňlandyrylar—sergi we kinokonsert merkezlerinde, muzeýlerde hem-de kitaphanalarda baýramçylyk duşuşyklaryny, döredijilik bäsleşiklerini, konsertleri guramak bellenildi, bilim edaralarynda dabaraly çäreler, açyk sapaklar we olimpiadalar, Ylymlar akademiýasynda bolsa ylmy-amaly maslahatlar we beýleki çäreler geçiriler.

12-nji dekabrda paýtagtymyzda dabaralar däp bolşy ýaly, Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýmak çäresinden başlanar, Maslahatlar köşgünde medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda döwlet konserti geçiriler.

Şeýle hem Täze ýyly mynasyp garşylamak boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Baýramçylyk çykyşlary we beýleki döredijilik çäreleri Täze ýylyň öň ýanynda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde geçiriler. Ýurdumyzyň baş arçasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylar.

Şeýle hem Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli 6-7-nji dekabrda geçiriljek jemleýji çäreler hakynda hasabat berildi. Bu halkara medeni foruma GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň wekilleri, Arkalaşyga girýän ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşarlar. Ýylyň jemlerini jemlemek boýunça dabaraly çäre hem-de GDA gatnaşýan ýurtlaryň sungat ussatlarynyň jemleýji baýramçylyk konserti Daşoguz şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiriler.

Wise-premýer şeýle hem Döwlet býujetinden medeniýet ulgamyny ösdürmäge goýberilýän maliýe serişdeleriniň rejeli ulanylyşyna gözegçiligiň amala aşyrylyşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dekabr aýynda halkymyz we ýurdumyz üçin ähmiýeti uly bolan baýramçylyklaryň bellenilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk gününi we Täze ýyl baýramyny bellemäge örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Ähli dabaralar örän gyzykly bolup, türkmenistanlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň hakydasynda hemişelik galar ýaly geçirilmelidir diýip, milli Liderimiz baýramçylyklary guramaga döredijilikli çemeleşip, olary ýokary çeperçiligi, özboluşlylygy, milli öwüşginliligi bilen tapawutlanýan ýatdan çykmajak wakalar we çäreler bilen baýlaşdyrmak barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş arçasyndaky yşyklary ýakmak dabarasyny 23-nji dekabrda geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolan Daşoguzda jemleýji çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy-medeni, binagärlik we şähergurluşyk mirasyna eýedigini belledi. Bu gadymy mirasy aýawly saklamak we düýpli öwrenmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir, Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynda geçirilýän işler munuň subutnamasydyr. Daşoguz topragynda geçirilen çäreler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmakda, medeni mirasymyzy, özboluşly däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda we dünýä ýaýmakda möhüm orun eýelemelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hem-de merkezi we ýerli býujetiň serişdeleriniň ulanylyşy barada hasabat berdi.

Wise-premýer, hususan-da, häzirki wagtda paýtagtymyzy ösdürmegiň Baş meýilnamasyna laýyklykda, ýaşaýyş jaý toplumlaryny abadanlaşdyrmak, jaýlary abatlamak, energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleriň dowam edýändigini habar berdi. Ähli jogapkär düzümler bilen bilelikde ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär.

Ýurdumyzyň baş şäherini öňümizdäki baýramçylyklara – Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. Şol baýramçylyklar mynasybetli Aşgabatda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köpsanly myhmanlar üçin medeni-köpçülikleýin çäreleriň ençemesi meýilleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz özygtyýarly Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň, paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň ähli şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere täze taryhy eýýamda ägirt uly üstünlikleriň özboluşly görkezijisine öwrülen, okgunly ösýän Aşgabadyň keşbini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýetip gelýän, hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan nurana baýramçylyklaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdyp, türkmen paýtagtyny baýramçylyk lybasyna beslemek hem-de işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde öňümizdäki dabaralary ýokary derejede guramak üçin ähli şertleri üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ekinlere ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda galan pagta hasylyny ýygnap almak, pagta arassalaýjy kärhanalarda çig maly gaýtadan işlemek işleri dowam edýär, pagtaçylar bilen özara hasaplaşyklar geçirilýär.

Wise-premýer ýurdumyzda her ýyl noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berip, öňümizdäki dabaralaryň meýilnamasy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns bermek arkaly suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýy barada durup geçip, täze taryhy eýýamda bu ajaýyp baýramçylygyň türkmen ekerançylarynyň—hasyl ussatlarynyň egsilmez zehinini hem-de zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny alamatlandyrýandygyny, döwletimiziň oba zähmetkeşleri we tutuş obasenagat toplumyny ösdürmek boýunça hemmetaraplaýyn alada edýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden belleniljek Hasyl toýuna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, býujet serişdeleriniň ulanylyşy, hususan-da, bilim ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň mekdebi üstünlikli tamamlan zehinli ýaşlary daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerine döwletiň hasabyna okuwa ibermek meselesini öwrenmek barada beren tabşyrygy boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, dürli pudaklaryň teklip edýän hünär ugurlaryna zerurlyklary seljerildi we hünärleriň degişli sanawy taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda dänelik ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy, halkara marketing, makroykdysadyýet, innowasion ulgamlar, azyk önümlerini öndürmegiň tehnologiýasy we biotehnologiýa, halkara ykdysady hukugy, ykdysadyýet we ulag hojalygyny dolandyryş, önümçilik we logistika, awiasiýa we kosmos inženerçiligi, senagat inženerçiligi, halkara strategik menejment, ätiýaçlandyryş we maliýe bazarlary hem-de ykdysadyýeti, infokommunikasion tehnologiýalar, elektronika we informatika, web-dizaýn, programmirlemek we beýleki hünärler bar. Şol hünärler boýunça okatmak üçin türkmen talyplaryny ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň dünýäniň degişli görkezijisinde öňdäki orunlary eýeleýän esasy ýokary okuw mekdeplerine ibermek meýilleşdirilýär.

Hasabatyň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç almagyny guramak boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýokary hilli we köptaraply bilim almagy, seçip alan hünärlerine üstünlikli eýe bolmagy hem-de olary iş ýüzünde netijeli ulanmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, türkmen talyplarynyň daşary ýurtlaryň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň eýerýän innowasion ösüş ýolundan ugur almak bilen, şunuň bilen bagly gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmekde halk hojalygynyň dürli hünärmenlere bolan isleglerini içgin öwrenmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramçylygy günlerinde geçýän gyşky dynç alyş günleri barada durup geçip, mekdep okuwçylarynyň boş wagtyny gyzykly hem peýdaly guramak, Gökderäniň ajaýyp künjeklerinde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde ýerleşýän döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew Aziýa halkara demir ýol ulag-geçelgesiniň—Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysyny açmaga görülýän taýýarlyk hem-de beýleki çäreler barada hasabat berdi. Bu çäräni geçirmek maksady bilen degişli guramaçylyk işleri geçirildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň we medeniýet işgärleriniň çykyşlarynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Şeýle hem türkmen we owgan halklarynyň amaly-haşam sungatynyň sergisi hem-de ýurdumyzyň dokma önümleriniň sergisini guramak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz öňde boljak wakanyň möhümdigini belläp, döwletimiziň “açyk gapylar” syýasatyna hem-de ähli döwletler bilen, şol sanda Owganystan bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe ygrarly bolandygyny we boljakdygyny aýtdy. Türkmen halkyny goňşy ýurduň halky bilen mizemez dostluk gatnaşyklary hem-de köpasyrlyk taryhy-medeni ýakynlyk baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysyny işe girizmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary, Daşoguz, Ahal, Balkan welaýatlarynyň häkimleri welaýatlardaky işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin çäreleriň barşy hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, sebitleriň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini üpjün etmek üçin hemme zerur çäreleri görmegi we ýerlerdäki ähli işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz möwsümleýin meýdan işlerine ünsi çekip, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz obalary özgertmek boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini nygtap, bu ugurda görülýän çärelere toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmek barada anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly üstünlikleri, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi