Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2016-njy ýylda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňligi milli pulumyzyň we bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmeklige, ykdysadyýetiň pudaklarynyň karz serişdelerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna we bank ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirildi, şeýle hem pul hümmetsizlenmesiniň derejesini bellenilen çäklerde saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky pul dolanyşygynyň kadaly derejelerde saklanmagyna gözegçiligi alyp bardy. Bu ugurda döwrebap programma üpjünçiligini ornaşdyrmak, bank edaralarynyň işini kadalaşdyrmak we olara gözegçilik etmek boýunça häzirki wagtda ulanylýan ykdysady kadalaşdyryjylary hem-de kadalaşdyryjy namalary kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Şeýle hem harytlaryň daşary ýurtlara ugradylmagy we hyzmatlary edilmegi üçin ministrlikleriň we pudak edaralaryň hasaplaryna daşary ýurt pullarynyň gelip gowuşmagy baradaky meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi.

Hasabat ýylynda ýurdumyzyň karz edaralarynyň işjeňligi Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edýän kararlary esasynda, ykdysadyýetiň önümçilik bölegini, ýagny oba hojalyk önümlerini öndürmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, şeýle-de bank karzlarynyň hasabyna welaýat, etrap merkezlerinde we obalarda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleri üçin we gurlup taýýar bolan ýaşaýyş jaýlary girewine alyp, raýatlara karz serişdeleriň berilmegi dowam edildi.

Ýokarda bellenilişi ýaly, hasabat ýylyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň degişli kararlary esasynda dürli ugurlar boýunça ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegi dowam edildi. Hususanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” kararyna laýyklykda, 2017-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna bu ugra berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli senesine görä 47,2% ýokarlandy.

Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda” kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan durmuş guran ýaş maşgalalara berlen karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli senesine görä 23,9% ýokarlandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Daýhan birleşikleri maliýe taýdan goldamak boýunça çäreler hakynda” we “Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda” kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan oba hojalyk tehnikalaryň dürli görnüşlerini satyn almak üçin berlen karz serişdeleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 12,6% artdy.

Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işjeňliginiň baş wezipeleriniň hatarynda müşderilere döwrebap bank hyzmatlaryny ýetirmek, olaryň erkin serişdelerini banklara çekmek ýaly wezipeleri babatynda Türkmenistanyň karz edaralary öz işjeňligini yzygiderli artdyrýar. Bu döwürde şahsy taraplaryň pul süýşürintgileri 960,4 mln.manada deň bolup, geçen ýyla görä 2,1 esse artdy.

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary barha ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmegi dowam edildi.

Netijede, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna ýurdumyzyň prosessing merkezlerinde hasaba alnan bank kartlarynyň sany geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende 1,6 esseden gowrak, terminallaryň sany 2,3 esse, bankomatlaryň sany bolsa 1,9 esseden gowrak ýokarlandy.