Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özüniň 25 ýyllyk ýubileýini belläp geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky UP-278 belgili Permany bilen döredildi (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2003-nji ýylyň mart aýynyň 20-indäki №32 belgili Baş ygtyýarnamasynyň eýesi).

Häzirki wagt Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistan Hökümetiniň wekili hökmünde ygtyýarlandyrylan bank bolup, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän guramalaryň we öňde baryjy halkara guramalaryň doly hukukly agzasy we işjeň gatnaşyjysy bolup durýar.

1994-nji ýyldan bäri VISA International halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy.

1993-nji ýyldan bäri REUTERS DEALING maglumat-söwda ulgamyny peýdalanyjy.

1997-nji ýyldan bäri SWIFT halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy.

Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynyň agzasy.

Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň agzasy.

1996-njy ýyldan bäri MILLIKART milli plastik kartyň emitenti.

Bankyň 2 sany şahamçasy hereket edýär, biri Aşgabat şäherinde beýlekisi bolsa Balkan welaýatynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky - ýurduň iň iri banklarynyň biri, onuň işiniň esasy ugurlary daşary ýurt maýalaryny çekmek we olary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň has ileri tutulýan pudaklaryna ýerleşdirmekdir. Şu maksatlary gazanmak üçin Bankyň karz ugurlarynyň esasy ýörelgeleri şulardan ybarat:

• Türkmenistanyň Hökümetiniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet maksatnamalaryna işjeň gatnaşmak;

• kiçi we orta telekeçiligi karzlaşdyrmak;

• önümçiligiň eksport etmek üçin esasy ugurlary kesgitlenen senagat pudagynyň gazylyp alynýan we gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlylygyny giňeltmek üçin köp maýa goýumlary talap edýän ugurlary boýunça maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek;

• durmuş ugurly desgalaryň gurluşyklaryny karzlaşdyrmak hem-de hereket edýän binalaryň daşky durkuny täzelemek we kämilleşdirmek.

Bank şu wezipeleri amala aşyrmak üçin hyzmatdaşlygyň nebit-gaz toplumynyň, pudagyň agrosenagat toplumynyň, önümçilik we durmuş ugurly wezipeleriň esasy kesgitlenen ugurlaryna salgylanýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky dünýäniň iri banklary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bank özüniň ösüş ýyllary içinde Doýçe Bank, Kommers Bank, Baýrişe Landes Bank, Siti Bank, Hytaýyň Ösüş Banky, Hytaýyň eksport-Import Banky, ABŞ-yň Eksimbanky, Societe General, Türkiýäň Eksim banky, KFW, JICA, JBIC we başga-da köp banklar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda boldy.

Ýigrimi bäş ýyllyk işiniň netijesi boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýurduň iň öňdebaryjy banky diýip arkaýyn aýdyp bolar. Bankyň hemme esasy görkezijileri köp esse artdy.

Bankyň üstünlikli işlemegi netijesinde birnäçe taslamalara, ýagny medeniýet ulgamyna, sporta, ruhy we durmuş ulgamyna serişdeleri goýmagy munuň özi Türkmenistanyň gelejekdäki ösüp gelýän ýaş nesliň aladalaryna jogaby bolup durýar. Hemaýatkärligiň we haýyr-sahawatlygyň özi Bankyň halkyň öňündäki raýat jogapkärçiliginiň ýokarydygyna şaýatlyk edýär we özüniň işjeňliginiň islendik tarapyna ugur tapyjylygyny görkezýär.

Bank özüniň 25 ýyllyk şanly senesini dabaraly belläp geçýär we Bank öz synaglaryny üstünlikli geçip öz güýjüne ynamly çemeleşip, alyp barýan işiniň ynamlylygyny mundan beýläk göreldeli alyp barmagy maksat edinýär.

Bankyň ýolbaşçylary we işgärleri ähli hyzmatdaşlaryna we müşderilerine şu ýyllaryň üçinde bildiren ynamlary we ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirýär we Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlyklarymyzyň ýene köp ýyllara uzamagyny hem-de işleriňizde abadançylyk arzuw edýär. Biz siziň ynamyňyza we sylagyňyza uly hormat goýýarys, biziň işjeň gatnaşyklarymyz bolsa ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygymyzdyr.