Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Visa, MasterCard halkara töleg ulgamlarynyň kartlary arkaly içerki hem-de halkara tölegleri geçirmäge, bank hasaplarynyň üsti bilen daşary ýurt puluny satyn almaga giň şertler döredildi. Müşderiler degişli tassyklaýjy resminamalary bolan ýagdaýynda her aýda 1000 amerikan dollary möçberinde bökdençsiz geçirip bilerler.

Visa we MasterCard – dünyäde iň ýaýran plastik kart halkara töleg ulgamlarydyr. Visa we MasterCard kartlary nagt pul serişdeleriniň ornunyny tutmak üçin niýetlenen töleg ulgamydyr. Müşderiler Visa we MasterCard karty ulanmak bilen islendik harytlaryň, hyzmatlaryň töleglerini öz ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda, islendik ýurdyň ýerli walýutasynda töleg geçirip bilerler.

Şeýle-de müşderiler Visa we MasterCard kartlary ulanmak bilen internetiň üsti bilen ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň howa ulaglary kompaniýalaryndan uçar peteklerini satyn almak, myhmanhalarda otaglary bronlamak ýaly hyzmatlaryň töleglerini geçirip bilerler.

Visa we MasterCard plastik kartlary talyplar üçin hem amatlydyr. Olar kartlaryň hemme mümkinçiliklerinden, şol sanda tölegli okuwlaryň töleglerini tölemek üçin hem kartlary peýdalanyp bilerler.

Siziň gije-gündiziň dowamynda, islendik wagtda öz hasabyňyzda duran serişdäňizi ulanmaga mümkünçiligiňiz bardyr.

Kartyň kömegi bilen harydyň hiç hili gaýtargysyz laýyk bahasyny töläp, Siz bölek pullardan, teňňelerden, kassada we jübiňizde amatsyz ýagdaýa düşmersiňiz. Daşary ýurtlara gezelenje, okuwa ýa-da gulluk iş saparlaryna gideniňizde ýanyňyza karty almak has oňaýly, Siziň serişdäňiz hemişe Siz bilen howpsyzlykda, ýanyňyz bilen nagt pul daşamak, olar barada biynjalyk etmek we daşary ýurtda gezelençde daşary ýurt puluny satyn almak pikirini etmekligiň geregi ýokdyr. Kart üsti bilen töleg geçireniňizde galplaşdyrmak mümkinçiligi has-da azalýar, sebäbi töleg nagt däl hasaplaşykda göni dükanyň hasabyna geçýär.

Kartyňyzyň ýiten ýa-da ogurlanan ýagdaýynda, onuň herekedi togtadylar we soňra täzesini alyp bolýar – muňa garamazdan pullar siziň hasabyňyzda bankyň gözegçiliginde saklanýar.

Şeýle hem, wagtly-wagtyna hasabyňyzyň göçürmesini alyp, çykdajylaryňyzy gözegçilik edip bilersiňiz. Göçürme Size haýsy günde, haýsy dükanda we näçe möçberde pul geçirilendigini görkezýär. Ähli bankomatlarda kart balansyny anyklap bilersiňiz, bu bolsa hemişe Siziň hasabyňyzda näçe pulyň galandygyny bilmäge mümkinçilik berýär.

Bankda SMS-habarnama hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz. Bank kartyny diňe bank kartynyň ýüzünde ady we familiýasy ýazylan şahsy adamyň ulanmaga haky bardyr.

VISA we MasterCard kartlarynyň Gold görnüşi boýunça pul serişdeleriňiziň galyndysyna 5% ýyllyk göterim girdejisini almaga mümkinçilik bar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş Banky Size amatly we elýeterli halkara VISA we MasterCard kartlaryny hödürleýär we olaryň ähli mümkinçiliklerinden we amatlyklaryndan Sizi peýdalanmaga çagyrýarys!