Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini we bank kartlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl tölegleriň gerimini giňeltmek, tölegli kartlar arkaly hyzmaty kämilleşdirmek hem-de halkara tejribesine laýyklykda halkara töleg ulgamynyň kartlaryny we hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Öňdebaryjy usullary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap ulgamyny döretmäge, bank kartlaryny peýdalanmak bilen hyzmatlaryň görnüşlerini we möçberini köpeltmäge, elektron hasaplaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de olaryň goraglylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderiler üçin amatly we elýeterli halkara VISA we MasterCard kartlaryny çykarýar. Bu kartlar internet üsti bilen harytlara we hyzmatlara töleg etmäge, daşary ýurtlara gezelenje ýa-da gulluk iş saparlaryna gitmek üçin awiapetekleri, myhmanhanalarda otaglary internet üsti bilen bellemäge hem-de VISA we MasterCard karty kabul edýän ähli ýurtlaryň söwda merkezleriniň dükanlarynda ulanmak üçin niýetlenendir.

Halkara töleg ulgamynyň VISA we MasterCard bank kartlary nagt däl hasaplaşyklaryň guraly bolup, bankyň müşderileri bolup durýan şahsy taraplaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin müşderileriň bank hasaplaryndaky pul serişdeleri boýunça geçirilýän amallaryny kämilleşdirmek üçin niýetlenendir.

Halkara tejribesini göz öňünde tutup nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek we katlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan çykarylýan “Visa” we “Mastercard” kartlaryna 2017-nji ýylyň 6-njy fewralyndan täze nyrhlary girizildi, ýagny:

• daşary ýurt banklarynda we bankomatlarynda nagt puluny almak üçin ýygymy 3% (iň az möçberi 3,5 USD) möçberinde bellenildi;

• bir gije-gündiziň dowamynda nagt pul serişdeleri almak boýunça çägi şu aşakda gorkezilen görnüşinde bellenildi:

(1) VISA Gold/ MasterCard Gold halkara plastik kartlary boýunça 300 USD ýa-da 1050 TMT möçberinde bellenildi;

(2) Halkara plastik kartlarynyň beýleki görnüşleri boýunça 250 USD ýa-da 875 TMT möçberinde bellenildi.

Şonuň bilen birlikde, müşderiler Visa we MasterCard kartlary bilen islendik harytlaryň, hyzmatlaryň töleglerini öz ýurdunyň çäginde we daşary ýurtlarda nagt däl görnüşinde hem-de Internet üsti bilen hasaplaşyklary çäklendirilmedik möçberinde geçirip bilerler.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky boýunça amala aşyrylýan hyzmatlaryndan alynýan ýygymlaryň adaty nyrhlarynyň we nagt pul almak barada çäklendirmeleriniň üýtgedilen görnüşi 2017-nji ýylyň 6-njy fewralynda bankyň resmi saýtynda we bankyň binasynda ýerleşdirildi.