Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Bankymyz 2017-nji ýylyň iki aýynyň jemi boýunça ýokary ösüşlere eýe boldy.

Iki aýyň jemleri boýunça 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bankyň gazanan arassa peýdasy 9 göterim artdy we 17 699 müň manada deň boldy. Bankyň hususy maýasy umumy jemi 21.06% ösdi we 704.5 mln manada barabar boldy. Hasabat döwürde karz bukjasynyň jemi möçberi 2.4 esse artyp, 12 362 mln. manada deň boldy. Bankyň aktiwleriniň jemi 28.7 milliard manatdan geçdi. Bankyň hyzmat edýän müşderileriniň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2.4 esse artdy.