Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

19.03.2017

Şu ýylyň 6—17-nji marty aralygynda Aşgabatda bolan jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň iş saparynyň jemleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan giň gerimli özgertmeleriniň üstünliklere beslenmeginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Dünýäniň bu esasy maliýe guramasynyň wekilleri türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we edaralarynda, banklarynda, Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary geçirdiler.

Türkmenistanyň we Halkara pul gaznasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler duşuşyklaryň esasy mowzugy boldy. Wekiliýetiň işiniň jemleri boýunça esasy makroykdysady görkezijileriň esasynda döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşine baha berildi. HPG-niň ýörite taýýarlan maglumat habarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysadyýeti daşarky amatsyz ýagdaýlaryň täsirine uýgunlaşmagyny dowam edýär. Senagaty ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler, türkmen gazynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň artmagy ýurdumyzyň durnukly ösmegine ýardam edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işjeň durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasaty ýurdumyzyň amatly geografik ýagdaýyny, baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen birlikde, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy, bazar gatnaşyklarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini şertlendirýär. Munuň şeýledigine makroykdysady görkezijiler hem-de türkmen ykdysadyýetiniň geljekki ösüşiniň oňyn çaklamalary aýdyň şaýatlyk edýär. Şol çaklamalary dünýäniň abraýly maliýe düzümleriniň, şol sanda Halkara pul gaznasynyň bilermenleri aýdýarlar.

Türkmenistan döwlet strategiýasyny dünýä bazaryndaky ýagdaýdan ugur almak bilen işläp düzýär. Wekiliýetiň hasabatynda ýakyn geljekde ykdysady syýasatyň esasy wezipesiniň daşarky ýagdaýlaryň täsirini azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny gaýtadan geçirmekde jemlenýändigi bellenilýär.

Şeýle möhüm çäreleriň hatarynda beýleki anyk ädimler bilen birlikde, maýa goýum maksatnamalarynda döwletiň maýasynyň möçberini kem-kemden azaltmak göz öňünde tutulýar. Täze önümçilikleri — eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliklerini döretmegiň hasabyna jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzümini özgertmegiň, döwlet kärhanalaryny netijeli özgertmegi we hususylaşdyrmagy üpjün etmegiň, ähli pudaklary hem-de sebitleri sazlaşykly ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige döwlet goldawyny bermegiň, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenendigini bellemek gerek.

Her bir ulgamyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň many-mazmuny işleriň netijeliligini artdyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, täze ýokary sepgitleri gazanmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasynda işleri gaýtadan guramakda jemlenýär. HPG-niň wekilleri Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlarynyň häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan 2017 — 2023-nji ýyllar üçin degişli konsepsiýada öz beýanyny tapjakdygyny kanagatlanma bilen belleýärler.

Bu esasy maliýe düzüminiň bilermenleriniň pikirine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän toplumlaýyn çäreleri daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam edýär hem-de dünýäniň maliýe bazarlaryna çykmaga ýol açýar.

Umuman, HPG ykdysady syýasata hem-de kuwwatlylygy artdyrmaga degişli maslahatlary, şol sanda statistika we çaklamalar, pul-karz amallary we býujet syýasaty ulgamlarynda goldaw bermegiň esasynda uzak möhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, hususy ulgamyň işini giňeltmek maksady bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleri goldamaga taýýardygyny beýan edýär.