Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky çykaran 15016 belgili kararynyň esasynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan «Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi üçin niýetlenen oba we suw hojalyk tehnikalaryň we enjamlaryň, şeýle hem olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem-de sarp ediş serişdeleriniň getirilmegi» boýunça taslamany maliýeleşdirmek üçin 2017-nji ýylyň 17-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Deere Credit Inc.» kompaniýasy bilen karz ylalaşyga gol çekildi. “John Deere” kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Kompaniýa oba hojalyk pudagynyň ösmegine we tehniki kuwwatynyň berkemegine uly goşant goşýar.

Ýurdumyzyň oba we suw hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bu karz ylalaşygyň esasynda çekilýän maliýe serişdeleriň hasabyna «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň öndürýän döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň dürli görnüşleri bilet üpjün ediler.

Şeýle-de bu Karz Ylalaşygynyň baglaşylmagy Türkmenistanyň dünýäniň, şol sanda ABŞ-nyň maliýe guramalary bilen iki tarapa bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.