Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2017-nji ýylyň aprel aýynyň 10-yndan başlap halkara bank kartlary boýunça Internet üsti bilen hasaplaşyklary täzeden işläp başlaýandygyny Size habar berýäris. “Internet hasaplaşygy” hyzmatyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň daşary ykdysady iş bankynynyň halkara bank katlaryny ulanmak hakynda ylalaşygyna 1-nji Goşundysyny dolduryp, tanyşyp gol çekmeli we pasportyň nusgasyny goşmaly. “Internet hasaplaşygy” hyzmatyny birikdirmek boýunça resminamalary Türkmenistanyň ähli ygtyýarly karz edaralaryna we olaryň şahamçalaryna müşderiniň özi tabşyrmalydyr, şeýle hem “SMS we E-mail habarnama” hyzmaty hökmany ýagdaýda birikdirilen bolmalydyr.