Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek baradaky teklipleri seljermek boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi. Toparyň baş maksady milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakdan, olaryň gurluş düzümlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bank-maliýe we ykdysady toplumynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen işleriň oňyn netije bermegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hödürlenen Kararyň taslamasyny makullap, degişli resminama gol çekdi we bu ugurda bar bolan meseleleri içgin seljermegi wise-premýerden talap etdi.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde türkmen tarapyndan wekil hökmünde iberilýändigini aýdyp, wise-premýeri Kazan şäherine sapara iberdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň 23 — 24-nji maýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň VIII halkara Gaz kongresi we bu çärä bagyşlanan halkara serginiň işiniň jemleri barada hasabat berdi. Foruma 300-den gowrak wekil, şol sanda birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, abraýly halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, dünýäniň 37 döwletinden nebitgaz kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdy.

Kongresde häzirki döwürde dünýäniň gaz senagatynyň ösüşi, ýurdumyzyň tebigy gazyny dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän pudagyna maýa goýumlary gönükdirmegiň geljekki ugurlary ýaly möhüm meseleler giňden beýan edildi. Gaz pudagyndaky täze tehnologiýalara, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalara aýratyn üns berildi. Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna aýratyn mejlis bagyşlandy.

Forumyň işiniň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtly işewürler bilen geçiren duşuşyklarynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda bar bolan ägirt uly energetika serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, daşary ýurtlara iberilýän tebigy gazyň ugurlaryny artdyrmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň ýangyç känlerinden gözbaş alýan we uly geljegi bolan täze eksport ugurlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Bu ugurda Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlary tutuş dünýäde giň goldawa eýe bolýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipelere degip geçmek bilen, “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere gazy gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlarynyň gurulmagy, pudaga döwrebap tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde, hususan-da, Energetika ministrliginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we olaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Pudagyň hereket edýän elektrik beketleriniň enjamlaryny tehnologik kadalara laýyklykda, kesgitlenen möhlet geçenden soňra çalşyrmak ýa-da abatlamak zerur bolup durýar. Abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegi elektrik beketleriniň durnukly işi we elektrik energiýasyny kada laýyk işläp taýýarlamak üçin zerur şertleri üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary, enjamlary, himiki we beýleki serişdeleri, elektrik güýjüni paýlaýan ulgam üçin güýçlendiriji transformatorlary satyn almak, hereket edýän gaz turbina elektrik beketlerinde abatlaýyş-dikeldiş işlerini ýerine ýetirmek barada zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna köpugurly işewürlik merkezi bolan myhmanhananyň gurluşygy üçin Aşgabatda ýer bölegini bölüp bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy hödürlenildi.

Milli Liderimiz elektrik energetika pudagynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de munuň ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň bökdençsiz işini we eksport kuwwatyny hemmetaraplaýyn artdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümlerinde önümçiligiň depginlerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, başy başlanan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. Milli Liderimiz onuň çäklerinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň käbir etraplarynyň işinde kemçilikleriň bardygyny belläp, ýüze çykarylan kemçilikleri tiz wagtda düzetmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň häkimi A.Rejepalyýewe berk käýinç yglan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-aragatnaşyk toplumynyň sazlaşykly işiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösüşini üpjün edýän möhüm şertleriň biridigini belledi. Häzirki döwürde ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça ýokary hil derejesiniň hem-de ygtybarlylygyň üpjün edilmegine aýratyn talap bildirilýär. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, yklymüsti ulag-üstaşyr geçelgeleriň netijeli peýdalanylmagyny şertlendirýär.

Ýurdumyzda düzümiň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagyna hem-de aradan aýrylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilýär we oňa aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň şu ýyl üçin taýýarlanylan iş meýilnamasyna laýyklykda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow ýurdumyzyň sarp ediş bazarlaryny azyk harytlarynyň dürli görnüşleri bilen üpjün etmek hem-de söwda ulgamyndaky hyzmatlaryň görnüşini we hilini artdyrmak, bu işi has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Aşgabatda we welaýat merkezlerinde ilat üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, söwda bölümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwdanyň ýurduň ykdysady ösüşiniň we ilatyň abadançylygynyň esasy durmuş-ykdysady görkezijisidigini belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda söwda hyzmatlarynyň görnüşleri ýokarlandy, alyjylar bilen işlemegiň täze usullary ornaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz içerki bazarda islegleri we teklipleri öwrenmegiň möhümdigine, dolandyryşyň netijeli hem-de çeýe ulgamyny taýýarlamak maksady bilen haryt dolanyşygyny ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ilata durmuş hyzmatlarynyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, söwda toplumynda maýa goýum we täzeçil işjeňligi ýokarlandyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän senagat ulgamynda alnyp barylýan işler hem-de iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Dokma senagatynyň işgärleriniň gününi bellemäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. “Türkmen dokmasy — 2017” atly dokma önümleriniň halkara sergisi paýtagtymyzda şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň esasy çäreleriniň biri bolar. Sergi myhmanlarymyzy milli senagat pudagynyň innowasion ösüş ýolunda gazanýan uly üstünlikleri bilen tanyşdyrar hem-de oňa gatnaşyjylara hyzmatdaşlar bilen işewür duşuşyklary geçirmäge, özara hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berer. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde pudagy ösdürmäge uly goşant goşan işgärleri sarpalamak dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan dokma pudagynyň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda senagatlaşdyrmak ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirmegiň netijesinde pudagyň önümçilik düzümi düýpli döwrebaplaşdyryldy.

Soňra milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, ýekşenbe güni halyçylarymyzyň hünär baýramy bolan Türkmen halysynyň baýramynyň dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydyr. Bu örän inçe we köp zähmeti talap edýän senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Türkmen halysy özüniň gözelligi, ýokary hili we kämilligi bilen Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde el halylarynyň şöhratyny belende göterýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň ähli işgärlerini bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine olara mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz gadymy milli däpleri aýawly saklamak we artdyrmak işine saldamly goşant goşan, aýratyn tapawutlanan halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky» Permana gol çekip, wise-premýer M.Aýdogdyýewe hem-de Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa hormatly ada mynasyp bolan halyçylara sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Permana gol çekip, Şamyrat Meretliýewi “Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip belläp, ony “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Durdy Saparmämmedowiç Aşyrmämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Ylymlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi. 12-13-nji iýunda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýa” ady bilen iri halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.

Foruma dünýäniň köp sanly ýurdundan alymlaryň, professorlaryň, mugallymlaryň we ýaş ylmy işgärleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Maslahatyň gün tertibinde senagatda täzeçil tehnologiýa, ekologiýa we biotehnologiýa, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysady ösüş ýaly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzyň we dünýäniň lukmançylygynda, derman senagatynda täze ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara, ynsanperwer ylymlar boýunça meseleleriň giň toplumyna garalar.

Ylymlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň dowamynda ýaşlaryň arasynda ylmy iş boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda bilim we ylym ulgamynyň özgerdilmeginiň ylmy ykdysadyýete geçmek, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralaryň we önümçilik pudaklarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar üçin zerur şertleri döretmäge mümkinçilik berendigini aýtdy. Aşgabatda geçiriljek halkara ylmy forumyň wezipeleri ýurdumyzyň senagatynyň tehnologiýa taýdan ösüşine, halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine we bilelikdäki taslamalaryň, ylmy-barlaglaryň öňe ilerledilmegine, döwletimizde aň-düşünjeliligiň ýokarlanmagyna gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň birnäçe ugurlary üçin zerur ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň aýratyn wajypdygyny belläp, “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we ýörite orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi hem-de ony ýerine ýetirmegi üpjün etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew iýun aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän we durmuş-medeni maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli guraljak medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda iýun aýynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni, Dokma senagaty işgärleriniň güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli döredijilik çäreleri we beýleki çäreler guralar.

Iýunyň birinji ongünlüginde “Talyp joşguny - 2017” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli Mary şäherinde dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylar bilen duşuşyk hem-de “Aziada dünýä metbugatynda” ady bilen halkara sport media-forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Futbol boýunça Aziýa çempionatynyň halkara saýlama ýaryşlarynyň çäklerinde Daşoguzda Türkmenistanyň ýygyndysy bilen Bahreýn Patyşalygynyň topary duşuşar.

Iýun aýynda “Türkmen dokmasy - 2017”, “Beýik Ýüpek ýoly - dostlugyň we doganlygyň ýoly” atly halkara sergiler, “Söwda we hyzmatlar - 2017” sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Asylly däbe görä, ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli guralýan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde paýtagtymyzyň iri medeniýet merkezlerinde milli ruhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler guralar. Olaryň hatarynda döredijilik toparlarynyň, aýdymçylaryň we sazandalaryň çykyşlary, şygryýet agşamlary, “Ruhubelentler” atly opera oýnunyň ilkinji görkezilişi bar. Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde “Gahryman Arkadag-halkyň buýsanjy!” şygary astynda giň möçberli dabaralar geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz iýun aýynda meýilleşdirilen çäreleri, şol sanda paýtagtymyzda boljak Medeniýet hepdeligini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berip, milli ruhy mirasymyzy, ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesini wagyz etmekde öňde boljak döredijilik forumyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm forumyň çäklerinde meýilleşdirilen döredijilik çäreleriniň guramaçylyk derejesine ünsi çekip, onuň halkymyzyň belent ruhuna we özüniň ähmiýetine kybap gelmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ideg etmek işleri, olaryň hatar arasyny bejermek, mineral dökünleri bermek işleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde ýygnamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Bu senä gabatlanyp, Aşgabatda 5 — 8-nji iýun aralygynda sebit we halkara guramalaryň, Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, daşky gurşawy goramak, suw hojalygy ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda çäreler toplumy geçiriler. Olaryň hatarynda Halkara ekologik forum, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça toparynyň mejlisini, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleler boýunça merkeziniň Dolandyryjylar geňeşiniň mejlisini hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň hünärmenlerinden ybarat bolan Sebitleýin toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramagyň, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleriň derejesini peseltmegiň, “ýaşyl” innowasiýalar tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hem-de ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipeler bolup durýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň 2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipelere degip geçdi hem-de ýurdumyzyň ekologiýa we suw-energetika meseleleri, ählumumy durmuş-ykdysady ösüş üçin şertleriň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça yzygiderli çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp Aşgabatda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 30-31-nji maýda Aşgabat şäherinde «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly Energetika Hartiýasynyň forumyny, Halkara energetika media-forumyny hem-de Energetika Hartiýasynyň her ýyllyk okuw maksatnamasyna laýyklykda 1-2-nji iýunda guralýan okuwy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Strategiki ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz bu ulgamda kabul edilen möhüm halkara resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen köptaraply duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Energetika Hartiýasynyň konferensiýasynyň başlygy wezipesine saýlanylandygyny nygtamalydyrys. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy boýunça amala aşyrylýan, döwrüň talabyna laýyk gelýän ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly binýadyny döretmek boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň aýdyň netijesidir.

Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan we tassyklanylan degişli Maksatnama hem-de çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatda ýokarda agzalyp geçilen forumlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň giňden gatnaşmagynda geçiriler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde dünýädäki ýagdaýlaryň durnukly bolmagynyň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde energiýa serişdelerini öndürmek, olary ibermek hem-de sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär, ýurdumyzyň bu ulgamdaky başlangyçlarynyň we iş ýüzündäki hereketleriniň many-mazmunyny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm ulgamdaky özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan halkara hyzmatdaşlygyň uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistan ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, köpşahaly we köpugurly turbageçiriji ulgamy döretmegiň hasabyna energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen strategiýany durmuşa geçirýär, giň möçberli düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar. Şol taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz bu ugurda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň hem-de Energetika Hartiýasynyň çäklerinde ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň netijeli gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam bermäge çalyşýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek iri forumlaryň ähmiýetini nygtap, bu duşuşyklaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda şu ýyl başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem 2017-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 49-njy mejlisini geçirmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa parlamentiň nobatdaky maslahatyna giriziljek kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň maslahatlaryna laýyklykda, korrupsiýa hem-de parahorluga garşy göreşmek baradaky ýörite döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy. Şol maksatnamanyň esasy maksady jemgyýetimizde bu nogsanlyklaryň döremeginiň sebäplerini we şertlerini aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda bu ulgamda hereket edýän kanunçylyk seljerilýär hem-de degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, deputatlaryň milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak hem-de ýurdumyzyň oňyn özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine ýardam etjek täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny ilatymyza düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleriniň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz halkyň emlägine hiç kimiň degmäge hakynyň ýokdugyny nygtap, häzir ýurdumyzda korrupsiýa we parahorluga garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp barylýandygyny belledi. Ýakynda korrupsiýanyň we parahorlugyň garşysyna berk göreşmek meselesine bagyşlanan maslahatda bu nogsanlygyň öňüne pugta böwet goýmak barada gürrüň edildi. Maslahatda çykyp geplänler bu ýaramaz ýagdaýy berk ýazgaryp, ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan syýasaty doly goldaýandyklaryny aýtdylar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler babatda korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek baradaky döwlet maksatnamasyny taýýarlamagyň, kanunlaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda rüstemligini üpjün etmegiň ähmiýetini belläp, bu işi utgaşdyrýan edara hökmünde Mejlisiň ornuny nygtady.

Ýurdumyzyň hökümetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan işlerinde ägirt uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň halkyna bolsa Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda bagtyýar durmuş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi