Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy. Bu barada hökümetiň giňeldilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, Döwlet býujetiniň girdejileri artdy, bu bolsa aýlyk zähmet hakynyň, ortaça 9 göterim ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem milli walýutanyň – manadyň hümmetiniň bellenilen derejede saklanmagyna mümkinçilik berdi.

Senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar. Häzirki döwürde umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar. Olaryň 1800-e golaýynyň gurluşygyny ýurdumyzyň gurluşykçylary alyp barýarlar.

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda iri desgalaryň 59-sy, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň 632 müň 500 inedördül metri ulanmaga berildi. Bu desgalaryň umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna deňdir.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi