Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) / 28.07.2017 /

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan gelip, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, “Aşgabat 2017” oýunlaryna, şeýle hem meýilleşdirilen sport-köpçülikleýin çärelere, hususan-da, paýtagtymyzda geçiriljek yklymlaýyn ýaryşlara, 50 günüň galmagy mynasybetli 29-njy iýulda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri çagyryldy.

Mejlise gatnaşyjylar ýokary derejeli dynç almak, boş wagtyňy peýdaly geçirmek ugrunda üpjün edilen ýokary derejeli mümkinçilikler üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, dynç alyş döwründe saglygyňy berkitmek we işe ukyplylygy artdyrmak, göwnejaý dynç almak üçin zerur mümkinçilikleriň hemmesi döredildi. Ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, öndürijilikli işlemek hem-de göwnejaý dynç almak ugrunda edilýän alada ýurdumyzyň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagy, zerur bolan durmuş üpjünçiliginiň döredilmegi, adamlaryň döwrebap ýaşaýşy we oňaýly dynç alşy üçin döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, dynç alyş möwsüminiň has-da döredijilikli we öndürijilikli işlemäge ruhlandyrandygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini, ýollaryň, jaýlaryň ýanaşyk ýerleriniň, çagalar meýdançalarynyň we sport desgalarynyň abatlanýandygyny, türgenler bilen tälim işleriniň netijeli alnyp barylýandygyny, dürli çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksadynda ýüze çykýan meselelere dessin täsir etmek üçin yzygiderli mejlisleri geçirmek maksadynda merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de bu iri möçberli ýaryşlara 50 günüň galmagy mynasybetli görülýän çäreler barada habar berdi.

Hasabatyň çäklerinde bellenilişi ýaly, 29-njy iýulda paýtagtymyzda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek maksady bilen köpçülikleýin welosiped ýörişi guralar, şonuň bilen baglylykda, awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap aljak bu giň gerimli çäre aýratyn ekologiki häsiýete eýe bolar, çünki welosiped ulagyň has ekologik görnüşi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz tutuş ýurdumyzy gurşap aljak bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, onuň dowamynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň guralmagynyň zerurdygyny belledi. Munuň özi iň bir ýatda galyjy çäreleriň birine öwrülmelidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz oňa halk köpçüliginiň işjeň çekilmeginiň, çäräniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň hem-de degişli tertip-düzgüniň ýola goýulmagynyň möhümdigini aýtdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup, Aziýa ýaryşlaryny geçirmek hukugyna eýe bolan ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu çäreler halkymyzyň ruhuny götermelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilen halkara çäreleri, olaryň guramaçylyk derejesi we ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara göz öňünde tutulan iş saparlary barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ugruna üýtgewsiz eýerjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýakyn wagtda bellenilen iş saparlaryna taýýarlyk görmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilýän işlerde medeni-köpçülikleýin çärelerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Häzirki döwürde gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň ýeten derejesi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy hem-de Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy guralýan medeni çärelerde öz beýanyny tapmalydyr. Bularyň hemmesi parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Soňra döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň degişli pudaklarynda senagat taýdan täzeçil ösüş syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmelidigini, şunlukda ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmalydygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Göçme mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, milli Liderimiz welaýatlarda ýerlerden alynýan hasyllylygy ýokarlandyrmak, pudaga öňdebaryjy tejribeleri, täzeçil iş usullaryny ornaşdyrmak hem-de oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Ýurdumyzyň sebitlerinde pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaşulular maslahatyna ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Maslahatda garaljak meseleleri düşündirmek boýunça ilat arasynda köpçülikleýin — aň-bilim işleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň deputatlarynyň bu ugurda işjeňlik görkezmelidiklerini belledi.

Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher gurşawynyň arassaçylyk we ekologiýa derejesiniň ýokary ülňüleriniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Aýratyn-da, paýtagtymyzda gök zolaklaryň döredilmegine, gurlup ulanmaga berilýän binalaryň ýanaşyk ýerleriniň degişli derejede abadanlaşdyrylmagyna, ýol-ulag ulgamynyň yşyklandyryş düzüminiň döwrebaplygyna zerur derejede ähmiýet berilmelidir we köçeleriň abadanlaşdyrylyşynyň özboluşly häsiýete eýe bolmagy üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Paýtagtymyzyň ýolagçy ulag düzümlerini kämilleşdirmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ulaglaryň uly tapgyrlary gelip gowuşdy. Ýakyn wagtda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna täze ýolagçy awtobuslary we taksiler hyzmat edip başlar. Hormatly Prezidentimiz ozal hereket edýän awtobuslaryň şäherara ugurlary boýunça gönükdirilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlarynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň, pudagy ösdürmäge goýulýan serişdeleriniň netijeliligini artdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini belledi. V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde gije-gündizleýin usulda işlejek söwda dükanlarynyň iş meýilnamasyny talaba laýyk derejede ýola goýmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň we önümleriň daşary ýurtlara yzygiderli ugradylmagynyň möhümdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz dokma senagaty pudagynyň harytlarynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olarda “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nyşanlarynyň öz beýanyny tapmagy möhüm wezipe bolup durýar diýip belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp awgust aýynda geçiriljek giňişleýin mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümleriň, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmelidigini belledi. Şunlukda, ýurdumyzyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kepili bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, düzümleriň kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berler.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümlerinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça geçiriljek Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.