Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) / 04.08.2017 /

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine garaldy hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen içerki syýasatyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijelerine ýakynda garaldy, taktika okuw türgenleşikleri üstünlikli geçirildi. Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,4 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,4 göterim, gurluşykda 3,9 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,9 göterim, söwdada 9,2 göterim, oba hojalygynda 4,6 göterim we hyzmatlar ulgamynda 10 göterim ýokarlandy.

Ýanwar-iýul aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,7 göterim artdy.

Bölek satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 17,4 göterim artdy.

Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy.

Ortaça aýlyk zähmet haky 9 göterim ýokarlandy.

Ýylyň başyndan bäri Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 11,1 milliard manada we çykdajy bölegi 10,6 milliard manada deň boldy.

Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi.

Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri hem artdy. Bu görkeziji 28,95 milliard manada barabar boldy.

Wise-premýer "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişi barada hasabat berip, ýurdumyz boýunça iki sany durmuş maksatly binanyň, 400,8 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 623,1 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda 65 sany durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, 30 sany suw we lagym arassalaýjy desgalaryň, 370,7 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar, jemi 1086, 1 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere laýyklykda, wise-premýeriň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň öňünde daşary ýurtlarda bilim alan ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek meselelerini içgin öwrenmek wezipesini goýdy.

Milli Liderimiz täze iş orunlaryny, bilelikdäki kärhanalary döretmek, hususylaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Wise-premýerler B.Hojamämmedowa we S.Toýlyýewe hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça pudagara toparyny döretmek hem-de bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermek barada tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat döwründe ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 102,5 göterim, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 101,5 göterim ýerine ýetirildi. Benzin önümçiliginiň meýilnamasy 105,3 göterime, dizel ýangyjynyňky — 104,2 göterime, polipropileniň öndürilişiniň meýilnamasy 105,4 göterime, çalgy ýaglarynyňky —114,4 göterime, suwuklandyrylan gazyň önümçilik meýilnamasy 118,5 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 106,7 göterime, “mawy ýangyjyň” eksportunyň ösüş depgini 105,6 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 119,4 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. Bu gaz magistralynyň türkmen bölegindäki işleri tertipnama laýyklykda alnyp barylýar.

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmegi talap etdi.

Bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň umuman ilerleýändigine garamazdan, entek köpsanly kemçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň doly güýjünde işledilmeginiň, suwuklandyrylan gazyň önümçilik möçberini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Wise-premýere nebitgaz pudagyndaky ýagdaýy seljermek, döwlet konsernleriniň netijeli işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berildi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak bilen bir hatarda tebigy gazy gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurluşygyny çaltlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, bu ugur boýunça Günorta -Gündogar Aziýa ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin esasda ugradyljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, bu möhüm energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna itergi berer we durmuş hem-de beýleki ugurdaky meseleleriň oňyn çözgüdini, parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ýardam eder.

Milli Liderimiz hödürlenilen resminamanyň taslamasyny oňlap we oňa gol çekip, “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasynyň” netijeli işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgininiň 102 göterime barabar bolandygyny aýtdy.

Şunda, Oba we suw hojalygy ministrligi boýunça bu görkeziji 110,2 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 107,6 göterime, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi boýunça 106,4 göterime deň boldy. Şeýle hem Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça meýilnama 106,6 göterim berjaý edildi.

Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, hususan-da, welaýatlarda gowaçalara ideg etmek, hatarara bejergi, suw tutmak we gowaçalaryň ujuny çyrpmak işleriniň alnyp barylýandygy aýdyldy. Ekinlere zyýan berijilere garşy göreş çäreleri, şol sanda biologik usullaryň ulanylyşy barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu çäräni 12-nji awgustda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär we onuň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, medeni we sport çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň işjeňleşdirilmegini talap edip, bu babatda obasenagat toplumynyň işine gözegçilik edýän wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe çenli bugdaý ekişini we pagta ýygymyny tamamlamagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň maliýe we maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň ýokary derejesiniň ýola goýulmagynyň öňde durýan meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine däl, eýsem, olaryň artygy bilen berjaý edilmegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz özboluşly ösümlik köpdürliligi we haýwanat dünýäsi bolan tebigatyň ajaýyp künjeginde — Hazar deňziniň gurşawunda ekologiýa abadançylygyny saklamagyň Türkmenistanyň tebigaty goramak syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, degişli Karara gol çekdi we Hazar deňziniň gününiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda öndürilen önümleriň meýilnamasy 108,9 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 2 göterime deň boldy. Hususan-da, nah ýüplügiň öndürilişi boýunça meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2017-nji ýylyň ýedi aýynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,9 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 101,6 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçilik meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özümiziň baý çig mal serişdelerimiziň esasynda ýokary hilli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz önümleri çykarmak boýunça döwrebap önümçilikleri döretmegiň döwletimiziň senagat babatdaky syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň, önümçilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmek babatda senagat pudagynda dünýäniň makroykdysady ýagdaýyny öwrenmegiň hem-de ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz önümçilikde, aýratyn hem elektron senagatynda işleriň ýokary depginini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gurluşyk, energetika ulgamlarynda we jemagat hojalygynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 244 million 930 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 101,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 140,2 göterime barabar boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 93 million 342 müň manada deň bolup, meýilnama 104,9 göterim ýerine ýetirildi we 103,9 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Energetika ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 643 million 818 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 101,6 göterim üpjün edildi. 2017-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi 14 milliard 169 million 949 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,8 göterim ösüş depgini gazanyldy. Daşary ýurtlara elektrik energiýasynyň 2 milliard 231 million 102 müň kilowat sagady iberilip, ösüş depgini 102,8 göterime deň boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň möçberi 127 million 374 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 110,9 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 112,7 göterime barabar boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň möçberi 415 million 368 müň manatdan gowrak bolup, meýilnama 104,2 göterim ýerine ýetirildi we 101,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň ünsüni “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna çenli galan wagtda çözülmeli gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň köp köçelerinde alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň, şol sanda telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilýän işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna çenli şäheriň ähli ýerlerinde arassaçylygy we tertibi doly üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerler D.Amangeldiýewe hem-de O.Gurbannazarowa Aşgabady ösdürmegiň çäklerinde gurlan ýaşaýyş jaýlaryny abadanlaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow söwda toplumynyň we ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda gazanan netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygy 2 milliard 645,6 million manada, şol sanda bölek haryt dolanyşygy 1 milliard 40,6 million manada deň bolup, onuň ösüş depgini 14,6 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň möçberi 159,3 million manada deň bolup, onuň önümçiligi 3 göterim ýokarlandy. Ministrligiň kärhanalary boýunça peýdanyň umumy möçberi 329,4 million manada barabar boldy we bu baradaky meýilnama 125,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe 61,4 million manatlyk maýa goýum özleşdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça 143 birža söwdalary geçirilip, umumy bahasy 13 milliard 626,6 million manada deň bolan 8 müň 403 şertnama hasaba alyndy. Onuň umumy möçberinde harytlaryň eksporty we importy bilen bagly şertnamalaryň bahasy 11 milliard 766 million manatdan gowrak boldy. Umumy girdejiniň möçberi 46,7 million manat bolup, bu baradaky meýilnama 146,7 göterim berjaý edildi.

Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça 12,1 million manatlyk hyzmatlar ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe 17 sergi we 12 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň 7 aýynda 415 million manatlyk senagat önümleri öndürilip, onuň ösüş depgini 33,9 göterime, oba hojalygynda we azyk harytlarynyň önümçiliginde 635 million manatlyk önüm öndürilip, 20,2 göterim ösüş gazanyldy. 3 milliard 215,3 million manada barabar bolan gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Söwda dolanyşygy 6 milliard 725,1 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende 6,8 göterim artdy. 571,6 million manatlyk hyzmatlar ýerine ýetirilip, onuň ösüş depgini 11,9 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzyň bazarlaryny ýokary hilli we dürli görnüşli harytlar bilen üpjün etmegi, alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmagy tabşyrdy.

Ýylyň aýagyna çenli ýurdumyzda birnäçe iri möçberli çäreleriň geçiriljekdigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz olaryň hatarynda “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynyň, döwlet baýramçylyklary bolan Garaşsyzlyk gününiň, Bitaraplyk gününiň, Täze ýyl baýramçylygynyň bardygyny belledi. Şeýle hem ýurdumyzda iri halkara sergileri we maslahatlary yzygiderli geçirilýär. Iri baýramçylyk dabaralarynyň we giň möçberli çäreleriň geçirilýän günlerinde söwda merkezleriniň üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmazlygy üçin söwda dükanlarynda we bazarlarda azyk hem-de beýleki isleg bildirilýän harytlaryň bolçulygy üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem awgust aýynda geçiriljek çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi barada habar berildi.

Medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň başyndan bäri birnäçe döwletlerde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de dostlukly ýurtlaryň şeýle çäreleri Aşgabatda geçirildi.

Hasabat döwründe döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň we beýleki edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barlandygy bellenildi.

Şu ýylyň ýedi aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň möçberi 82 million 531 manada deň bolup, meýilnama 135,5 göterim ýerine ýetirildi. Kitap önümleriniň 9 million 312 müň 318 nusgalykdaky 199 görnüşi çap edildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti boýunça syýahatçylara hyzmat etmegiň meýilnamasy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 110,92 göterime deň boldy.

Awgust aýynyň medeni çäreleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň çäklerinde hem-de Serhetçiler güni we Türkmen gawunynyň güni mynasybetli maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar geçiriler. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hem çäreleriň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmen gawunynyň gününiň hormatyna Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda baýramçylyk dabaralaryny hem-de konsertleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýurdumyzyň innowasion ösüşini nazara almak bilen, medeniýet ulgamynyň ähli edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz milli telewideniýäniň işine ünsi çekip, täze, beýik döwrüň ruhuna kybap gelýän, şol sanda ykdysady we durmuş meselelerine bagyşlanan has dogry garaýyşlary teklip edýän, tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredýän telegepleşikleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

Şäher binalaryny we desgalaryny bezemekde çeperçilik serişdeleriniň giňden ulanylmagy babatda aýratyn tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz olary döwrebap bezemekde sungat ulgamynyň wekilleriniň, hususan-da, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň döredijilik mümkinçiliklerinden ýeterlik derejede peýdalanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine talabalaýyk ýolbaşçylyk etmeýändigi üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýewe berk käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda A.Şamyradowy Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine belläp, ony medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky, H.Hudaýgulyýewi “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä “Türkmen dili” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesinde işlän H.Muhammetgulyýewi bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Demir ýol ulgamlary ministrligi boýunça ösüş depgini ýük daşamakda 108 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,1 göterime deň boldy.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça ösüş depgini 100,1 göterime, ýük daşamakda 103 göterime we ýolagçy gatnatmakda 102 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar-iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103 göterime deň boldy. Şu döwürde ilatymyzyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 284 müň, şol sanda 266 müň öýjükli belgi we 18 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 204 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça ýerine ýetirilen awiahyzmatlaryň ösüş depgini 123 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 127 göterim we ýolagçy gatnatmakda 101 göterim üpjün edildi.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnama 172 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 138 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň işiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegini üpjün edýän möhüm ugurlaryň biridigini belledi. Häzirki döwürde ýükleri daşamak we ýolagçylary gatnatmak işiniň hili hem-de ygtybarlylygy babatda bu ulgama ýokary talaplar bildirilýär.

Milli Liderimiz pudaklaýyn kärhanalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki zaman tehnikasyny we enjamlaryny has netijeli hem-de rejeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza geljek myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmegi üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara we myhmanlara hyzmat etjek awtoulag serişdeleriniň uly tapgyrynyň gelip gowşandygyny aýdyp, wise-premýere ýörite awtoulag kärhanasyny döretmegi hem-de onda tehnikalara hyzmat etmek boýunça ähli şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň ornunyň barha artýandygyna ünsi çekip, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe hem-de özara peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçen 7 aýyň dowamynda ýurdumyzyň DIM-inde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň 2017-2023-nji ýyllarda daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri milli Liderimiziň daşary ýurtlara guran saparlarynyň, şeýle hem daşary döwletleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen we ählumumy gyzyklanmalara laýyk gelýän işjeň strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň DIM-i bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän iki taraplaýyn geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Hasabat döwründe bu ugur boýunça 27 duşuşyk geçirildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň başyndan bäri bilelikdäki hökümetara toparlarynyň 11 mejlisi, şeýle hem ikitaraplaýyn işewürler maslahatlary geçirildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8 — 9-njy awgustynda Azerbaýjan Respublikasyna meýilleşdirilýän resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.

Şu gezekki ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça möhüm ugurlardaky özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň bar bolan köpugurly mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň möhümdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary meselelerine ünsi çekip, ýurtlarymyzy gadymy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny we onuň iki halkyň taryhy-medeni umumylygyndan gelip çykýandygyny belledi. Häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üsti ýetirilip, onuň ägirt uly mümkinçilikleri we geljegi bar. Türkmenistan we Azerbaýjan abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň gatnaşyklary ösdürýär hem-de ählumumy gün tertibiň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakyndygyny äşgär edýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz däp bolan ikitarapalaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge hem-de oňa täze itergi bermäge gönükdirilen ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna boljak resmi saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana hem-de “Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň Türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň 7 aýynda milli Parlamentiň ýerine ýetiren işleri, Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň demokratik esaslaryny berkitmek we Mejlisiň kanunçylyk işini bellenen meýilnama laýyk getirmek maksady bilen, şu ýylyň 7 aýynda milli parlamentiň 4 mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda kanunçylyk namalarynyň 99-sy, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 51-si we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 48-si kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ösdürmegiň, şeýle hem kadalaşdyryş-hukuk namalaryny taýýarlamagyň hem-de halkara gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň bähbidine milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda Ýaşulular maslahatynyň ornuna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçen 7 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri babatda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň çäklerinde bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ähli degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 225-siniň taýýarlanandygy, olaryň 121-siniň neşir edilendigi habar berildi.

Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde we mekdepleriň ýanyndaky meýdançalarda tomusky möwsümiň iki tapgyrynda çagalaryň 56 müň 273-si dynç aldy.

Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 80 medala, şol sanda 11 altyn, 25 kümüş we 44 bürünç medala mynasyp boldular.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde 21 medal, şol sanda 4 altyn, 6 kümüş we 11 bürünç medal eýelemegi başardylar. Şeýle hem ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýanlar halkara internet olimpiadalaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler we dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular.

Daşary ýurtlaryň, şol sanda Belarus Respublikasynyň, Hytaýyň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýän dalaşgärler üçin synaglar geçirildi. Häzirki döwürde olary ugratmak boýunça guramaçylyk çäreleri alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 8 müň 308 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 8 müň 313 okuwçy kabul ediler.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Olara 34 müň 496 dalaşgärlerden resminamalar kabul edildi.

Meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 105,6 göterime deň boldy. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelen girdeji 111 göterim, şypahana edaralarynda ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdeji 114 göterim, derman önümçiligi 102 göterim köpeldi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri batly depginlerde alnyp barylýar. 29-njy iýuldan başlap paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda “Aşgabat 2017” Oýunlaryna petekler satylyp başlandy.

Mundan başga-da, wise-premýer Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berip, bu dabarany guramagyň şekillerini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 151-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 84-si geçirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarynyň 91-sine gatnaşyp, 474 medala, şol sanda 152 altyn, 151 kümüş we 171 bürünç medala mynasyp boldular. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 96 medal köpdür.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan giriş synaglarynyň barşyna ünsi çekdi. Bu işe degişli ähli adamlara ýüzlenip, döwlet Baştutanymyz wajyp möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesinde, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilmelidigini, onda haýsydyr bir ýaramaz ýagdaýa ýol bermeli däldigini tabşyrdy. Ýokary okuw mekdeplerine hakykatdan hem zehinli we zähmetsöýer ýaşlar girmelidir hem-de okamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ýaly möhüm ulgamlary döwletimiziň yzygiderli üns merkezinde saklaýandygyny belläp, bu ulgamlarda iň täzeçil usullary we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini giňden ulanmak arkaly maksatnamalaýyn özgertmeleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça öňde boljak V Aziýa oýunlarynyň meselelerine ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, bu iri halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş etmegi boýunça toplumlaýyn çäreleriň ähmiýetini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen şekillere degişli bellikleri aýdyp, düzedişlerini girizip, umuman, olary makullady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň wagyz edilmegi, ösdürilmegi, ýokary hünärli tälimçileriň taýýarlanylmagy, ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga bolan gyzyklanmalarynyň höweslendirilmegi boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Munuň özi ýokary netijeleri gazanmagyň we Watanymyzyň halkara sport giňişligindäki abraýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň jemini jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, döwletimizi senagat taýdan ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen ähli maksatnamalar, V Aziýa oýunlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, aýry - aýry kemçiliklere garamazdan, umuman, üstünlikli ýerine ýetirilýär diýip belledi.

Jemi içerki önümiň ösüşi ýokary depginde, ýagny 6,4 göterim möçberde saklanyp galýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty hem üýtgewsiz dowam edýär. Bu syýasat bolsa, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hem-de beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr.

Içeri syýasat babatda biz ygtybarly salgyt — býujet we pul — karz syýasatyny alyp barýarys. Şoňa görä-de, Döwlet býujetiniň girdejileri artdy. Bu bolsa, ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet haklaryny 9 göterim köpeltmäge mümkinçilik berdi diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanda senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, indi ýylyň ahyryna çenli az wagtyň galandygyny, şoňa görä-de, gazanylan ösüş depginini gowşatman, dowam etmegiň möhümdigini nygtady. V Aziýa oýunlaryny, Ýaşulularyň maslahatyny, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny ýokary derejede geçirmeli, şu ýyl göz öňünde tutulan ähli desgalary bellenen möhletinde we ýokary hilli ulanmaga bermeli. Şeýlelikde, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýyly oňat görkezijiler bilen jemlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz her ýylyň awgust aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ajaýyp baýramyň – Türkmen gawunynyň gününiň bellenip geçilýändigine ünsi çekip, şu ýyl Gawun baýramyny 13-nji awgustda däl-de, 17-nji awgustda, ýagny V Aziýa oýunlaryna 30 gün galanda belläp geçmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, öň geçirilişi ýaly, şol gün ir bilen bu baýrama bagyşlanan dabaraly çäreleri Aşgabatda — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirmegi, bu ugurda oňat netijeleri gazanan daýhanlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy hem-de gawunlaryň görnüşleriniň sergisini guramagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň köp sanly haýyşlaryny göz öňünde tutup, V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna çenli galan 30 günlük senäni belläp geçmegi we bu waka mynasybetli ýene-de bir ekologiýa çäresini, ýagny 17-nji awgustda awtoulagsyz güni geçirmegi teklip etdi. Şol gün birnäçe durmuş maksatly desgalar, şeýle hem nebitgaz toplumyna degişli desgalar ulanmaga berler.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe agşam Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynyň açylyş dabarasyny, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa bolsa Türkmen gawunynyň sergisini, Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň milli tagamlarynyň halkara sergisini guramagy, wise-premýer A.Garajaýewe gala konserti guramagy tabşyrdy.

Bu örän gowy çäreler bolar, şeýlelikde, biz Türkmen gawunynyň baýramyny belläris hem-de paýtagtymyza has-da gözellik berjek birnäçe täze desgalary açyp, ulanmaga bereris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.