Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow 2018-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary arkaly milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler netijesinde ähli ulgamlarda ýokary netijeler gazanyldy.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Şol sanda senagat toplumynda 4,6 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,5 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 3,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,1 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim ýokarlandy.

Üç aýyň jemi boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 18,2 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň bahasy hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň jemleýji görkezijisi durnukly saklandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haklarynyň möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,3 göterim artdy. Birinji çärýekde önümleriň eksport edilişiniň möçberi geçen ýyldaka garanyňda, 14,2 göterim ýokarlandy.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa şu ýylyň ilkinji üç aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe himiýa toplumynda, dokma senagatynda we azyk senagatynda oňat netijeler gazanyldy. Nebiti gaýtadan işlemegiň möçberi artdy, benziniň öndürilişi 1,1 göterim, kerosiniň öndürilişi 3,6 göterim ýokarlandy.

Şeýle hem import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň we eksporta niýetlenen harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy. Bu ugurda hususy ulgamyň kärhanalary oňat netijelere eýe bolýar.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde maliýe býujet ulgamynda geçirilen işleriň jemleri barada habar berdi. 1-nji apreldäki ýagdaýa görä, esasy maliýe resminamasynyň girdeji bölegi 105,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 88,8 göterim ýerine ýetirildi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, ýanwar — mart aýlarynyň görkezijilerine laýyklykda, 394,1 million manat möçberde maýa goýumynyň özleşdirilendigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa we maliýe-ykdysady ulgamyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geljekde öňde durýan işleriň esasy ugurlaryna olaryň ünsüni çekdi. Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginini goldamak, döwrüň talaplaryna laýyklykda halk hojalyk toplumynyň ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem çykdajylary azaltmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda agzaldy.

 

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi