Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   22.06.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, döwlet býujetiniň serişdelerini netijeli ulanmak, hususy ulgamyň ornuny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň ösüş depgininiň durnukly saklanylmagyny, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna berk gözegçiligiň amala aşyrylmagyny ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, onuň dünýäniň energiýa ulgamyna köptaraplaýyn esasda we sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendigini belledi. Beýleki döwletler we dünýäniň işewür toparlary bilen ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk şol syýasatyň wajyp ugry bolup durýar. Döwletimiz bu gatnaşyklary hoşniýetli erk we özara bähbit esasynda ýola goýýar.
Türkmenistanyň BAE-de boljak forumy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýeten derejesini we senagat kuwwatlyklaryny aýdyň görkezmelidir hem-de dünýäniň işewür toparlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen tanyşdyrmalydyr.
Hasabatyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberini artdyrmak we senagat önümçiliginiň eksport möçberini köpeltmek hem-de dokma önümleriniň daşarky bazardaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen milli ykdysadyýetimiziň gaýtadan işleýän iri pudaklarynyň önümçilik desgalaryny tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklaryny has-da artdyrmaga, tutuş dünýäde uly isleg bildirilýän nah matalardan taýýarlanýan önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli bellenen meýilnamalaryň we ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmagyň çäklerinde dokma pudagyny ösdürmegiň täzeçil taslamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy ägirt uly serişde mümkinçiliklerine eýe bolup, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde esasy orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz goşmaça kuwwatlyklary işe girizmek meseleleri barada durup geçip, bu ugurda işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi. Munuň özi her ýyl elektrik energiýasyna artýan içerki islegleri doly kanagatlandyrmaga hem-de häzir hereket edýän we täze ugurlar boýunça onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan energetika ulgamynda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende, iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy hem-de şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.