Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   05.07.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi.

Makroykdysady görkezijiler, ozaly bilen bolsa, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim artandygy şaýatlyk edýär.
Şu ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,4 göterim artdy.
Wise-premýer bölek-satuw haryt dolanyşygy boýunça meýilnamalaýyn görkezijileriň ýerine ýetirilendigi barada hasabat bermek bilen, onuň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artandygyny aýtdy.
Ortaça aýlyk zähmet haklary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 göterim artdy.
Ýanwar — iýun aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy ýokary depginde alnyp baryldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi degişli döwürde 19,1 milliard manada deň boldy.
Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow hasabat döwründe Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 103 göterim, çykdajy bölegi bolsa 85,3 göterim ýerine ýetirildi.
Ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 4 milliard 56,1 million manada, çykdajy bölegi 3 milliard 235,6 million manada deň boldy.
Hasabat döwründe 51 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylyp, döwlet býujetine 24,1 million manat geçirildi. Birinji ýarym ýylyň jemleri boýunça döwlet emlägini kärendä bermegiň hasabyna 69,8 million manat möçberinde pul serişdesi alyndy.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 34,4 göterime deň boldy. Maýa goýum maksatnamasy 63,8 göterim ýerine ýetirildi. Önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna düýpli maýa goýumlarynyň 55,5 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 44,5 göterim maýa goýum serişdeleri gönükdirildi.
Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat bermek bilen, birinji ýarym ýylda 871,6 million manadyň özleşdirilendigini aýtdy.
Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň köp görnüşleriniň möçberiniň artdyrylmagynyň üpjün edilendigi habar berildi. Nebitiň çykarylyşy 0,2 göterim, benziniň öndürilişi 1,5 göterim, kerosiniň öndürilişi 1,9 göterim, nebit koksunyň öndürilişi 9,3 göterim, polipropileniň öndürilişi 6,1 göterim, mineral dökünleriň öndürilişi 7,2 göterim, sementiň öndürilişi 0,7 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalaryň öndürilişi 9,4 göterim, pagta süýüminiň öndürilişi 12,3 göterim, nah matalaryň öndürilişi 15,7 göterim, eýlenen deriniň öndürilişi 7,3 göterim, gaýtadan işlenilen balyk we balyk önümleriniň öndürilişi 23,8 göterim, tikinçilik we örme önümleriniň öndürilişi 8,9 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 2,3 göterim ýokarlandy. Mundan başga-da, senagat önümleriniň täze görnüşleriniň çykarylmagy özleşdirilip, 2,6 million inedördül metr aýna öndürildi.
2018-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň banklarynyň ykdysadyýetiň ösdürilmegine gönükdiren karzlarynyň möçberi 8,3 göterim, döwlete degişli bolmadyk bölege berlen karzlaryň möçberli 9,8 göterim artdy. Şeýle hem bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň elektron düzümlerini kemala getirmegiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada hasabat berildi. 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bank kartlarynyň sany 1,4 esse ýokarlandy.
Birinji ýarym ýylda “Goýum bank karty” täze hyzmat ornaşdyryldy, şeýle hem internet arkaly hasaplaşyklary geçirmek üçin mümkinçilik döredildi. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek üçin olary bank kartlary bilen üpjün etmek boýunça işler ýola goýuldy. “Altyn asyr” töleg kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça çäreler işjeň geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini belledi. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, beýleki döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlaryň möçberi 43 göterim azaldy. Ýurdumyzdan beýleki döwletlere iberilýän eksport önümleriniň möçberi bolsa 41,5 göterim artdy.

Nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 103,1 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, dizel ýangyjy öndürmek boýunça meýilnama 103,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça meýilnama 121,2 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, benzin öndürmegiň ösüş depgini 101,5 göterime, polipropilen öndürmegiň ösüş depgini 106,1 göterime, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 103,1 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, TOPH gaz geçirijisini ýokary hilli gurmak, täze nebit we gaz ýataklaryny açmak işlerini görkezdi.
Şu ýylyň 6 aýynyň netijeleri boýunça haly we haly önümlerini dokamagyň meýilnamasy 127,9 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 104,8 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe meýilnama 100 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 110,2 göterime deň boldy.
Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça önümçilik meýilnamasy 101,8 göterim ýerine ýetirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 131,7 göterime barabar boldy.
Ulaglar we aragatnaşyk toplumy boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama 107 göterim berjaý edilip, ösüş depgini bolsa 111 göterime deň boldy.
Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 104 göterime barabar boldy.
Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça geçen ýarym ýylyň içinde hyzmatlary etmegiň meýilnamasy 125 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 102 göterime deň boldy.
2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Aragatnaşyk ministrliginde ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 110 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 109,5 göterime deň boldy.
“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 111 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 130 göterime barabar boldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýük daşamak babatda meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy gatnatmak boýunça ösüş depgini bolsa 173 göterime deň boldy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,5 göterim artdy, şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygy hem-de lomaý haryt dolanyşygy degişlilikde 23 göterim we 3,9 göterim artdy. Öndürilen önümleriň möçberi 4,7 göterim artdy, ministrligiň kärhanalary boýunça gazanylan peýda 34,7 göterim ýokarlandy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip, 12 müň 256 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 19,6 göterim artdy.
Söwda-senagat edarasy boýunça 2018-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmat işleriniň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim artdy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda senagat önümleri 26 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri 65,2 göterim köp öndürildi. Söwda-haryt dolanyşygy 1,3 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň möçberi 1,5 göterim artdy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýanwar — iýun aýlarynda 225 million 573 müň manatlyk işler we hyzmatlar ýerine ýetirilip, ösüş depgini 111 göterime deň boldy.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe 181 million manatlyk işler we hyzmatlar ýerine ýetirilip, meýilnama 100,4 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 104,7 göterime barabar boldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi hasabat döwründe 670 million 980 müň manada deň bolup, ösüş depgini 121,2 göterime barabar boldy.
Jemagat hojalygy ministrligi boýunça meýilnama 108,3 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 111,3 göterim üpjün edildi.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça meýilnama 100,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 100,1 göterime deň boldy.
Öwrenilen iş tejribesi hem-de ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmegi esasynda Jemagat hojalygy ministrligini üýtgedip guramak we onuň garamagyndaky kärhanalary häkimlikleriň ygtyýaryna bermek barada karara gelindi.
Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 102,9 göterime deň boldy. Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 102,9 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 105,4 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 105,3 göterime barabar boldy. Ministrlik hem-de pudak edaralary tarapyndan maýalary özleşdirmek boýunça meýilnama 139,1 göterim ýerine ýetirildi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky” Permana gol çekdi.
Milli Liderimiz şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda döwletimiziň ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça belli bir derejede işleriň amala aşyrylandygyny belledi. Bu bolsa bize esasy maksadymyza ýetmäge — mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän, güýçli ýaşaýyş-durmuş maksatly ykdysadyýeti bolan dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmaga gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, alnyp barylýan ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasaty ýurdumyzyň içerki strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Oňa laýyklykda, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi barha artdyrylýar. Ykdysadyýetiň käbir pudaklarynda önüm öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça gowy netijeler gazanylýar. Bu bolsa jemi içerki önümi 6,2 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Döwlet býujetiniň girdejileri köpeldi. Bu bolsa ortaça aýlyk zähmet haklaryny 9 göterim ýokarlandyrmaga şert döretdi. Milli manadymyzyň hümmeti durnukly, bellenen çäklerde saklanýar.
Jemi bahasy 40 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan 1600 töweregi senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly iri desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam etdirilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe 731,2 million manat möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, geçen ýarym ýylyň dowamynda 26 sany iri desganyň, umumy bahasy 3 milliard 200 million amerikan dollaryna golaý bolan meýdany 612,6 müň inedördül metr, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berlendigini belledi.
Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça Döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda ýüz müňe golaý kompýuter öndürilendigini bellemek ýakymlydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň sanly ulgamynyň maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin gowy binýat bolup hyzmat edýär. Bu işleriň netijesinde daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 41,5 göterim köpeldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy pudagy giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barmak zerurdyr. Hususylaşdyrmaga degişli edara-kärhanalaryň sanawyna energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň aýry-aýry döwlet kärhanalaryny, üpjünçilik desgalaryny, şeýle hem köp sanly beýleki kärhanalary girizmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde telekeçilere degişli edara-kärhanalaryň döwlete degişli edara-kärhanalar bilen deňeşdirilende has gowy we netijeli işleýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hususylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, paýnamalary ýerleşdirmegiň, gazna bazaryny guramagyň we bäsleşikli söwda edaralaryny açmagyň hususylaşdyrmagyň esasy gurallary bolmalydygyny nygtady. Maýadarlara özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bu örän gowy mümkinçilikdir.
Döwlet Baştutanymyz şu maksat bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy toplumyny telekeçileriň garamagyna bermek barada karara gelnendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe «Awazadaky» dynç alyş-bejeriş toplumyny dolandyrmak baradaky geňeşi döretmegi, her myhmanhanany, her bir desgany bir ýa-da birnäçe telekeçiniň garamagyna bermek meselesini çözmegi, munuň üçin, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň üsti bilen ähli zerur bolan resminamalary resmileşdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.