Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   03.08.2018  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.
 2018-nji ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, şu ýylyň hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim ýokarlandy.
Umuman, önüm öndürilişi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,4 göterim artdy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk haklarynyň ortaça möçberi 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim ýokarlandy. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly maliýeleşdirildi.
Hasabat döwründe rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 77-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 32-siniň, 235 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimizde oňyn görkezijileriň gazanylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, wise-premýeriň ünsüni birnäçe möhüm wezipeleriň çözgüdine çekdi. Aýratyn-da, hususylaşdyrmak çärelerini işjeňleşdirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýakyn geljekde döwlet dolandyryşynyň täze usullaryny ornaşdyrmak we häzirki döwürde dünýäniň ähli döwletlerinde hereket edýän sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek ýaly işler möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy esasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny meýilnama laýyk derejede alyp barmak maksady bilen durmuşa geçirilen giň möçberli çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan ähli wezipeleriň, şol sanda toplumy ösdürmek üçin maýa goýumlaryny çekmek bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň wajypdygyny belledi.
Ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça hasabat döwründe maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 144,1 göterim ýerine ýetirildi.
Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki umumymilli forumyň — Halk maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýeti depginli ösmegini durnukly saklap galýar, Garaşsyz döwletimizde kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi, ozalkysy ýaly, ýokary derejä, ýagny, 6,2 göterime ýetýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, ähli pudaklarda ýokary ösüş depgini saklanyp galýar.
Biziň energiýa serişdelerimizi dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek baradaky syýasatymyz hem bellän meýilnamalarymyza laýyklykda dowam edýär. Ýaňy-ýakynda goňşy Owganystana elektrik geçiriji ulgam işe girizildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem beýleki sebit taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu taslamalaryň uly syýasy, ykdysady we ynsanperwer ähmiýeti bolup, olar sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmäge güýçli itergi berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan maksatnamamyzyň çäklerinde ýurdumyzda sport çäreleri dowam edýär. Halkara awtorallini, agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge, beýleki syýasy we jemgyýetçilik çärelerine işjeň taýýarlyk görülýär.
Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlik, ýurdumyzyň tutuş halkyna bolsa, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda rowaçlyk arzuw etdi.