Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   11.08.2018  /  

Bal­kan we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na bar­dy we bu ýer­de işiň gu­ra­ly­şy bi­len ta­nyş­dy.

Bu iri dü­züm­le­ýin des­ga mun­dan bäş ýyl ozal düý­bü­niň tu­tul­ma­gyn­dan baş­lap, şu ýy­lyň maý aýyn­da gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy­na çen­li döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­ma­gyn­da hem-de köp­ta­rap­la­ýyn hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gin­de ýur­du­my­zyň de­ňiz der­we­ze­si­ne ägirt uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­le­ýär.

Türk­men­ba­şy por­ty Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin stra­te­gi­k äh­mi­ýe­te eýe bolmak bilen, onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň do­ly he­re­ke­te ge­ti­ril­me­gi döw­let­le­ri­ hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na çy­kar­ýar, yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň hal­ka­ra ul­ga­my­na üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­na, Türk­me­nis­ta­nyň yk­ly­myň mul­ti­mo­dal gat­naw­lar ul­ga­myn­da or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň dü­zü­mi­ne pa­rom, ýo­lag­çy hem-de kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry, “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy, ke­nar dü­zü­mi­niň köp­san­ly beý­le­ki des­ga­la­ry, ulag üp­jün­çi­li­gi dü­züm­le­ri: es­ta­ka­da­la­ry bo­lan aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry gir­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy­na bar­dy. Bi­ziň ýur­du­myz üçin düý­bün­den tä­ze bo­lan bu önüm­çi­lik gä­mi gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mek üçin bin­ýat bol­dy. Kuw­wa­ty ýyl­da 10 müň ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän za­wod döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry ulan­mak bi­len, şol döw­rüň için­de dört we on­dan hem köp gä­mi­ni gur­ma­ga hem-de 20 gä­mi­ni abat­la­mak we hyz­mat et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. He­niz za­wo­dyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar­ka Türk­me­nis­tan­da hem, ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ope­ra­tor­la­ry, ugur­daş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we okat­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler ge­çi­ril­di.

Za­wod IAСS — In­ter­na­tio­nal As­soсia­tion Сlas­si­fiсation Soсie­tes (MA­KO — Hü­när sy­nag­la­ry jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy) MA­KO de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da stan­dart­la­ry we ka­da­la­ry iş­läp düz­mek we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Dün­ýä söw­da flo­tu­nyň möç­be­ri­niň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy MA­KO jem­gy­ýet­le­riniň ag­za­la­ry­na de­gişli­dir. Hä­zir­ki wagt­da “Bal­kan” za­wo­dyn­da üç gä­mi­niň abat­la­ýyş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, olar “Türk­me­nis­tan” we “Mag­tym­gu­ly” gu­ry­ ýük gä­mi­leri­dir hem-de “Bi­ta­rap” ne­bit gu­ýul­ýan tan­ker­dir. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de iş­le­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gä­mi­le­ri­ni abat­la­mak üçin hem müm­kin­çi­lik­ler bar.
Bu ul­gam­da örän uly kuw­wa­ta eýe bo­lan Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­ýär. Şo­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň goň­şy se­bit­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hä­zir­ki­ za­man de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, uzak gel­jek­de se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na kuw­wat­ly iter­gi ber­mä­ge, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny, Ha­zar, Ga­ra de­ňiz hem-de Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän, tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­giň keş­bi­niň esa­sy­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ulag bo­ýun­ça üç Ka­rar­na­ma­ny — 2014-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň or­ny”, “2015-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­me­giň ýo­lun­da” hem-de 2017-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak” at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di.


Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, tan­ker­le­riň en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy ýük da­şa­mak amal­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny hem-de deň­ziň ne­bit önüm­le­ri bi­len ha­pa­lan­ma­gy­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­ny üp­jün et­me­li­dir. Şeý­le hem de­ňiz ýol­la­ry ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­le­ri­ni ýer­le­mek üçin tä­ze ba­zar­la­ra çyk­mak ze­rur­dyr, şol san­da po­lip­ro­pi­len önüm­le­ri­ni ýer­le­me­giň çäk­le­ri gi­ňel­dil­me­li­dir.

Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly gä­mi­ gur­lu­şyk kär­ha­na­sy­nyň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne goş­ma­ça kuw­wat be­rer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tä­ze pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi üçin ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň ze­rur­dy­gy­ny hem-de iň go­wy dün­ýä tej­ri­be­si­niň öz­leş­di­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gä­mi gur­lu­şy­gyn­da hem-de de­ňiz gat­naw­la­ryn­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýän ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de gi­ňel­dil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy.
 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çi­ri­len söh­bet­deş­li­giň jem­le­ri­ni jem­läp, ýol­baş­çy­la­ryň ün­sü­ni ýur­du­my­zyň söw­da flo­tu­nyň il­kin­ji no­bat­da­ky me­se­le­le­ri­ne, onuň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýo­lag­çy de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň hem-de gä­mi gur­lu­şy­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, Ha­zar­da gä­mi­li ge­ze­lenç­le­riň gu­ral­ma­gy­na çek­di, mu­nuň özi se­bi­ta­ra de­re­je­sin­de me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem ýar­dam be­rer.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň gä­mi­gur­lu­şyk pu­da­gy­nyň me­ýil­na­ma­la­ry bi­len ba­ra­bar­ly­gy­ny iç­gin sel­jer­me­gi tab­şyr­dy, mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ha­ky­ky ze­rur­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek, şol bir iş­le­riň gaý­ta­lan­ma­gy­ny ara­dan aýyr­mak hem-de da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we Türk­me­nis­ta­nyň ulag top­lu­my­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ug­run­da ýe­ne bir ugur hök­mün­de, ha­ky­kat­dan-da, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, in­no­wa­si­ýa hä­si­ýet­li önüm­çi­li­gi dö­ret­mek üçin ze­rur bo­lup dur­ýar.

Onuň iň iri dü­züm­le­ri­niň bi­ri kuw­wa­ty ýyl­da or­ta­ça 4 mil­lion ton­na ba­ra­bar bo­lan umu­my ýük­le­riň ter­mi­na­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de po­lip­ro­pi­len gap­la­ry­na gap­la­ny­lan 5 müň ton­na kü­kürt Ýew­ro­pa iber­mä­ge, Bol­ga­ri­ýa ugratmaga bol­sa kar­ba­mid taý­ýar­la­ny­lyp goý­lup­dyr.

Ýük ter­mi­na­ly dür­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni, de­mir, po­lat, agaç, ulag­lar, en­jam­lar ýa­ly ýük­le­ri ka­bul et­mä­ge we ug­rat­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. Po­lip­ro­pi­le­ni sak­la­mak we ýük­le­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len ter­mi­nal ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, bu önüm Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ril­ýän ne­bit önüm­le­ri­niň sa­na­wyn­da esa­sy orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär. Ol dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýar, mu­nuň şeý­le­di­gi­ne bol­sa, hu­su­san-da, Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­syn­da bag­la­şyl­ýan köp ­san­ly şert­na­ma­lar şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­men po­lip­ro­pi­le­ni­ni Ýa­po­ni­ýa, Rus­si­ýa, Tür­ki­ýe, Eý­ran, Öz­be­gis­tan, Azer­baý­jan we beý­le­ki ýurt­lar sarp ed­ýär. Eks­port ha­ry­dy­nyň ag­ram­ly bö­le­gi de­ňiz bi­len da­şal­ýar.

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir, ne­ti­je­de bol­sa, ol mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi­ne hem-de türk­men hal­ky­nyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam eder di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra ber­len tab­şy­ryk­la­ry umu­my­laş­dyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Dur­nuk­ly Ösü­ş Mak­sat­la­ry ka­bul edi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de 2015-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ştab-kwar­ti­ra­syn­da sam­mit­de çy­kyş et­mek bi­len, daş­ky gur­şaw ha­kyn­da ala­da et­mez­den, dün­ýä­niň döw­let­le­ri­niň hem-de halk­la­ry­nyň dur­muş we yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün edip bol­ma­jak­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bal­kan we­la­ýa­ty­na şu ge­zek­ki iş sa­pa­ry Türk­me­nis­ta­nyň bäş­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak hem-de ony ös­dür­me­giň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni öňe sür­mek bi­len, Ha­zar deň­zi­ni pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we dö­re­di­ji­lik zo­la­gy­na öwür­mek üçin anyk ädim­le­ri äd­ýän­di­gi­ni ýe­ne bir ge­zek gör­kez­di.