Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   24.09.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň “Ruh” otagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Onda Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içerki syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow ilata edilýän bank hyzmatlarynyň, hususan-da, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň sanawyny giňeltmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatda Ahal welaýatynyň Gökdepe, Kaka, Ak bugdaý etraplarynda täze döwrebap obalary gurmagyň taslamalarynyň meseleleri barada maglumatlar aýdyldy. Bu etraplarda durmuş maksatly binalaryň birnäçesini hem-de degişli düzümleýin desgalary gurmak meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamyny kämilleşdirmegiň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösdürmek strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Öňdebaryjy usullary we iň täze tehnologiýalary peýdalanmak bilen nagt däl hasaplaşyklara geçmegiň döwrebap ulgamyny döretmäge, bank kartlaryny ulanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de sanyny artdyrmaga, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmäge we goraglylygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ulgamda öňde duran ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda ähli göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda durmuşa geçirmegiň meselelerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň etraplarynyň birnäçesinde döwrebap obalaryň gurulmagy baradaky meselä geçip, durmuş-ykdysady ölçegleriň ösdürilmegine, ekologiýa görkezijilerini, oba ýerlerinde ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen sebitleri özgertmek maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň oňyn özgertmeleriň aýrylmaz bölegidigini belledi.“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” bellenen çäreleri durmuşa geçirmek sebitleriň önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy-serişde mümkinçiligini artdyrmaga ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem baş döwlet baýramymyz mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, türkmen toýuna mahsus ruhubelentlik ýagdaýyny döretmegi tabşyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli medeni çärelerde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhy, ýurdumyzyň ýeten sepgitleri öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.