Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   25.09.2018  /  

Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka öw­rü­len umu­mymil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne türk­men döw­le­ti­ni we jem­gy­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň, esa­sy mak­sa­dy hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, uzak ­möh­let­le­ýin gel­je­gi na­za­ra al­mak bi­len ata Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň yg­ty­bar­ly esa­sy­ny goý­jak oňyn öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li ama­la aşyr­ma­gyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri gi­ri­zil­di.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len ýy­lyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň no­bat­da­ky baý­ra­my­nyň öň­ ýa­nyn­da biz jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň has mö­hüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­si­ne ýyg­nan­dyk di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.
Bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan do­ly ma­kul­lan­dy we gol­daw tap­dy. Dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin tä­ze ýol­la­ry aç­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy hem-de Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şa, açyk­ly­gy we Mer­ke­zi Azi­ýa­da howp­suz­ly­gy ke­pil­len­dir­ýän yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze öw­rü­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu dö­wür­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da aý­dyp, ýur­du­my­zy ag­rar ül­ke­den se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan ägirt uly iş­le­ri bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, bu yk­dy­sa­dy­ýet bi­len bag­ly­dyr we «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ra esas­la­nyp, il­kin­ji no­bat­da, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di, äh­li ugur­lar­da düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ril­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, onuň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge örän köp ma­ýa go­ýum­la­ry, şol san­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di.
Ama­la aşy­ry­lan iş­le­riň ge­ri­mi­ne ba­ha ber­mek üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bir­nä­çe my­sal­la­ry ge­tir­di. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýy­ly­nyň için­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze goý­lan esa­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 350 es­se­den hem köp art­dy we 500 mil­liard ma­na­da ýa-da 185 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý bol­dy. Mu­nuň 68 gö­te­ri­mi, ýag­ny 335 mil­liard ma­na­da ýa-da 124 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­la­ýy önüm­çi­lik pu­da­gy­na gö­nük­di­ril­di. Bu se­riş­de­ler bi­ze 2600-den hem köp önüm­çi­lik-teh­ni­ki we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly iri des­ga­la­ry gur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Ne­ti­je­de, ýur­du­myz­da köp pu­dak­ly yk­dy­sa­dy­ýet dö­re­dil­di. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz dür­li ugur­la­ry — elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy, ne­bit­gaz, ma­şyn­gur­lu­şyk, me­tal­lur­gi­ýa, hi­mi­ýa, gur­lu­şyk, elekt­ron, ýe­ňil we azyk se­na­ga­ty pu­dak­la­ry­ny hem-de beý­le­ki se­na­gat pu­dak­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy.
Or­ta we ki­çi hu­su­sy te­le­ke­çi­lik hem yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Hä­zir ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ha­sa­ba al­maz­dan, umu­my içer­ki önü­miň dü­zü­min­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te da­hyl­syz bö­le­gi­niň pa­ýy 68 gö­te­ri­me ýet­di. Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry içer­ki ba­zar­da ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mä­ge, yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge we döw­le­ti­mi­ziň eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­ýar­lar.
Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji­le­ri­niň art­ma­gy hem ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu gir­de­ji­ler gy­şar­nyk­syz art­ýar. «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, biz al­ýan gir­de­ji­le­ri­mi­zi şu mak­sa­da gö­nük­dir­ýä­ris. Zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry, döw­let kö­mek pul­la­ry­ny we ta­lyp hak­la­ry­ny her ýyl 10 gö­te­rim kö­peld­ýä­ris.
Mun­dan baş­ga-da, Döw­let býu­je­tin­den goý­be­ril­ýän se­riş­de­le­riň esa­sy bö­le­gi­ni bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ýa­şa­ýyş jaý-je­ma­gat ho­ja­ly­gy ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mä­ge we pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi­ne gö­nük­dir­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­ki we­zi­pe­ler ba­ra­da du­rup ge­çip, dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de do­wam ed­ýän ýa­ra­maz ýag­daý­la­ra we çyl­şy­rym­ly ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy şert­le­re ga­ra­maz­dan, şu ýyl we gel­jek ýyl je­mi içer­ki önü­miň möç­be­ri­niň 6,2 gö­te­rim art­ma­gy­ny üp­jün edil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da mil­li Li­de­ri­miz döw­let stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ne ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da gal­ýar. Se­bä­bi, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ýan, gaý­ta­dan iş­le­ýän we eks­port ed­ýän önüm­çi­lik­ler döw­le­ti­mi­ze köp gir­de­ji ge­tir­ýän, gel­je­gi uly bo­lan ugur­lar­dyr. Eks­port et­me­giň ugur­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek, ösen köpugur­ly tur­ba ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar.
Şu nuk­daý­na­zar­dan, soň­ky ýyl­lar­da ama­la aşy­ry­lan giň ge­rim­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­my­za, hu­su­san-da, Hy­ta­ýa we Eý­ra­na tä­ze gaz ge­çi­ri­ji­le­riň gu­rul­ma­gy­na, şeý­le hem Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ener­ge­ti­ka hyz­mat­daş­ly­gy­na go­şan ha­ky­ky go­şan­dy hök­mün­de ga­ra­mak bo­lar. Bu bol­sa Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň umu­my ýag­da­ýy­na we ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär, ony dün­ýä äh­mi­ýet­li ener­ge­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­ýär.
Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni köp möç­ber­de iber­ýän döw­let­le­riň bi­ri bol­mak bi­len, eks­port et­me­giň dur­nuk­ly hal­ka­ra ul­gam­la­ry­ny dö­ret­me­giň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. Äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni we nus­ga­la­ry­ny iş­läp düz­me­gi, trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­ny gol­da­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ös­dür­mä­ge, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän, gaý­ta­dan iş­len­ýän we eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­dy. Şu mak­sat bi­len, «Gal­ky­nyş» gaz kä­ni­ni se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mä­ge 8 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­de ýyl­da 386 müň ton­na po­lie­ti­len we 81 müň ton­na po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Owa­dan­de­pe şä­her­çe­sin­de hem te­bi­gy gaz­dan «Euro-5» öl­çe­gi­niň eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän A-92 gör­nüş­li ben­zi­ni­ni (gaz ben­zi­ni) ön­dür­ýän za­wo­dyň gur­lu­şy­gy gu­ta­ryp bar­ýar.
Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­na ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ka­bul eden mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy dur­mu­şa ge­çir­mek­de örän uly orun de­giş­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da we­la­ýat­la­ry­myz­da we Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýe­di sa­ny kuw­wat­ly, hä­zir­ki za­man elekt­rik stan­si­ýa­sy gu­rul­dy. Şo­la­ryň bi­ri­ni — ut­gaş­dy­ry­lan gör­nüş­de iş­le­ýän tä­ze elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny ýa­ňy-ýa­kyn­da biz Ma­ry şä­he­rin­de işe gi­riz­dik. Elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­gam­lar, paý­laý­jy ki­çi stan­si­ýa­lar gur­lup, şä­her­le­ri­mi­ziň­dir ilat­ly ýer­le­ri­mi­ziň ener­gi­ýa üp­jün­çi­lik we yşyk­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry hem tä­ze­len­ýär.
Bi­ziň ýur­du­myz «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te» tap­gyr­la­ýyn geç­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­ýän döw­re­bap top­lum­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­niň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de, biz düý­bün­den tä­ze di­ýen ýa­ly hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny dö­ret­dik di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di. Da­şa­ry ýurt­ly ma­ýa­dar­lar bi­len Le­bap we­la­ýa­tyn­da ka­liý hlo­ri­di­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň, Ma­ry şä­he­rin­de hem am­miak we kar­ba­mid ön­dür­ýän döw­re­bap za­wo­dyň, Ga­ra­bo­gaz şä­he­rin­de kar­ba­mid ön­dür­ýän tä­ze za­wo­dyň gu­rul­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ga­za­gys­tan — Türk­me­nis­tan — Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­lan­ma­gy, şeý­le hem Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­lan aw­to­mo­bil, de­mir ýol we de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len, döw­le­ti­mi­ziň we goň­şy ýurt­la­ryň öňün­de giň müm­kin­çi­lik­ler açyl­dy di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de köpugur­­ly döw­re­bap port top­lu­my­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bol­sa, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­rin­den üs­ta­şyr gat­naw­la­ry bir­nä­çe es­se art­dy­ryp, eks­port şert­le­ri­mi­zi has-da ýo­kar­lan­dyr­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Ara­gat­na­şyk pu­da­gy­nyň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar hem-de di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýär. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da bi­ziň il­kin­ji mil­li eme­li hem­ra­myz älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de halk ho­ja­ly­gyn­da iň kä­mil ara­gat­na­şyk, san­ly te­le­wi­de­ni­ýe hem-de In­ter­net ul­gam­la­ry giň­den ula­nyl­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­rin­de aý­ra­tyn du­rup geç­di. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy se­na­gat taý­dan ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny eme­le ge­tir­mek, ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti we te­le­ke­çi­lik, şeý­le hem hu­kuk ul­ga­my, hä­zir­den köp san­ly hü­när­men­le­ri ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz äh­li ün­süň örän ze­rur bo­lan ma­li­ýe, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, oba ho­ja­lyk, se­na­gat­laş­dyr­mak we elekt­ron se­na­ga­ty bo­ýun­ça tä­ze okuw mak­sat­na­ma­la­ry­ny we me­ýil­na­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Bu iş­le­ri ama­la aşyr­mak üçin öň­de­ba­ry­jy mil­li we hal­ka­ra tej­ri­bä­ni yzy­gi­der­li öw­ren­me­li we bir­leş­dir­me­li. Bi­lim ul­ga­my­nyň, iş be­ri­ji­niň we zäh­met ba­za­ry­nyň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny, iş­gär­le­ri gaý­ta­dan taý­ýar­la­ma­gy ýo­la goý­ma­ly di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow sö­zü­ni do­wam et­di.
Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek üçin te­le­ke­çi­le­ri gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ty ös­dür­mä­ge, eks­port et­mek üçin ýo­ka­ry hil­li azyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­mä­ge giň­den çek­me­gi ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tek­lip et­di.
Ýur­du­my­zyň ekin meý­dan­la­ry­nyň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, su­wa­ryş we zeý­keş aka­ba­la­ry­ny aras­sa­la­mak, suw üp­jün­çi­li­gi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, daý­han bir­le­şik­le­ri­ne hem-de ho­ja­lyk­la­ry­na, oba ho­ja­lyk paý­dar­lar jem­gy­ýet­le­ri­ne we yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­na suw ho­ja­lyk iş­le­rin­de ula­nyl­jak ýer gaz­ýan teh­ni­ka­la­ry we bul­do­zer­le­ri sa­tyn al­mak üçin, 10 ýyl möh­le­te çen­li ýyl­da 1 gö­te­rim ýe­ňil­lik­li bank karz­la­ry­ny ber­mek ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýe­ne-de bir mö­hüm me­se­lä­ni — 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­syn­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy tek­lip edip, pu­dak­la­ry di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni sak­la­mak, hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li iri hem-de aý­ra­tyn mö­hüm ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bu me­se­le­de esa­sy ugur bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Dur­muş sy­ýa­sa­ty ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­me­li­dir.
Aý­lyk zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry we ta­lyp hak­la­ry­ny (10 gö­te­rim­den az bol­ma­dyk de­re­je­de) ýo­kar­lan­dyr­mak ar­ka­ly ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bol­ma­gyn­da ga­lar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­me­giň möç­be­ri Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň 75 — 80 gö­te­ri­min­den az bol­ma­ly däl­dir. Ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça döw­let ta­ra­pyn­dan çä­re­ler gö­rül­me­li­dir.
2019-njy ýyl­da ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň köp bö­le­gi ug­le­wo­do­rod çig ma­lyn­dan po­lie­ti­len, po­lip­ro­pi­len, ýo­ka­ry ok­tan­ly ben­zin ýa­ly önüm­le­riň örän gym­mat gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­çi­lik­le­ri ös­dür­mek üçin ula­ny­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bel­le­di.
Ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň uly möç­be­ri Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­na gö­nük­di­ri­ler.
2019-njy ýyl üçin ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem uly üns be­ril­me­li­dir. Gel­jek ýyl­da Aş­ga­bat — Türk­men­ba­şy, Aş­ga­bat — Ma­ry — Türk­me­na­bat — Fa­rap hem-de Aş­ga­bat — Ga­ra­gum — Da­şo­guz aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny aba­dan­laş­dyr­ma­ga we döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga uly möç­ber­li ma­ýa go­ýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu çä­re­ler bol­sa müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni jem­läp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­raş­syz­ly­gy­nyň we azyk howp­suz­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi bi­ziň ge­çi­ren düýp­li öz­gert­me­le­ri­mi­ziň esa­sy ne­ti­je­si bol­dy di­ýip nyg­ta­dy. “Biz ra­ýat­la­ry­my­zyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­gy ka­nun­çy­lyk taý­dan üp­jün et­mek, mugt bi­lim al­mak, her bir ada­myň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi, ne­ti­je­li zäh­met çek­me­gi we dynç al­ma­gy üçin do­ly şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly mö­hüm we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni ga­zan­dyk” di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň yzy­gi­der­li ala­da­la­ry bi­len ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy dö­re­dil­di. In­di Türk­me­nis­tan gal­la­ny eks­port ed­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Gal­la we pag­ta önüm­le­ri da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ha­ryt­la­ra öw­rül­di. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gin­de uly orun tut­ýar.
Soň­ra Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Stra­te­gik we dur­nuk­ly ösüş ins­ti­tu­ty­nyň baş hü­när­me­ni Aý­na Açy­lo­wa söz be­ril­di. Onuň nyg­taý­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li dur­nuk­ly ösüş sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ägirt uly sep­git­le­re ýet­di. Ýur­du­myz je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni bo­ýun­ça dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öň­dä­ki orun­la­ry sak­lap gel­ýär.
Dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy, ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy, müň­ler­çe tä­ze döw­re­bap iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň düýp­li go­wu­lan­ýan­dy­gy­na, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň do­ly ber­jaý edil­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu aý­dyň ha­ky­kat mil­li Li­de­ri­mi­ziň peş­geş be­ren “Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly ki­ta­byn­da hem do­ly be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň 80 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy­nyň dur­muş ug­ru­na gö­nük­di­ril­me­gi hal­ky­my­zyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni ke­pil­len­dir­ýär. Şeý­le bi­möç­ber ala­da­la­ry üçin hal­ky­myz Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz al­kyş söz­le­ri­ni aýd­ýar.
Siz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­na geç­mek, ýur­du­my­zyň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, ola­ry gel­jek­ki ne­sil­le­ri­mi­ze ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da düýp­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýar­sy­ňyz. Si­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty­ňy­zyň ne­ti­je­sin­de, se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de iri kär­ha­na­la­ryň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň se­na­ga­tyn­da zäh­met ön­düri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, eks­port kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy di­ýip, çy­kyş eden aýt­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Pre­zi­dent­li­ge saý­la­nan il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap, mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da dur­mu­şa gö­nük­di­ri­len ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň berk bin­ýa­dy­ny esas­lan­dyr­ma­gy baş mak­sa­dy­na öwür­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şu Halk Mas­la­ha­tyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry ba­ra­da aý­dan­la­ry­ny türk­men yk­dy­sat­çy­la­ry do­ly gol­da­ýar­lar di­ýip, A.Açy­lo­wa nyg­ta­dy.
Göz öňün­de tu­tul­ýan iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy Türk­me­nis­ta­ny in­no­wa­sion ka­da­la­ra, ila­tyň ýo­ka­ry dur­muş de­re­je­si­ne esas­lan­ýan ne­ti­je­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti bo­lan ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Berk je­bis­lik we ag­zy­bir­lik ýag­da­ýyn­da ge­çen Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si bi­ziň bu işi ab­raý bi­len ba­şar­jak­dy­gy­my­zy, asyl­ly mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ýe­ňil bol­ma­dyk ýol­lar­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­raş­ýan­dy­gy­ny ynam­ly tas­syk­la­dy di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň je­mi­ni jem­läp, gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len äh­li me­se­le­le­re se­re­di­len­di­gi­ni aýt­dy hem-de şo­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga iş­jeň gat­na­şan­dyk­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň her bi­ri­ni Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şöh­rat­ly baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy, hem­me­le­re berk jan sag­lyk hem-de dö­re­di­ji­lik­li zäh­met­de mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.