Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   27.09.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly baýramçylyk ýörişiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň baş meýdanyndaky döwlet münberiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gysga mejlisini geçirdi.

Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan birnäçe meseleleri, şol sanda ýaňy-ýakynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabatlaryny diňledi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň umumymilli maslahatda kesgitlän wezipelerini çözmek maksadynda ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy barada habar berildi. Hususan-da, bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetimiziň senagat kuwwatyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler bar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde döwlet ösüşiniň esasy ugurlaryny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen milli parlamentiň degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny taýýarlamagynyň we kabul etmeginiň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny ösdürmek, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Gürrüň, ozaly bilen, döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi barada barýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza nebitgaz we himiýa senagatynyň önümçilik we eksport kuwwatyny artdyrmak, bu pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän täze kuwwatlyklary döretmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny we sebitleri ösdürmek boýunça ýakyn geljek üçin bellenilen meýilnamalary amala aşyrmakda, ýurdumyzda köp sanly senagat we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurulmagyny nazara almak bilen, gurluşyk senagatyna möhüm orun berilýär.

“Oba hojalyk pudagynda özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” Halk Maslahatynyň Kararyny ýerine ýetirmek maksadynda çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Onuň durmuşa geçirilmegi obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmäge, olaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň hem-de maksatnamalaýyn resminamalaryň möhümdigini ýene-de bir gezek belledi, olar ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen barýan Türkmenistanyň üstünlikli ilerlemegine täze itergi berýär.

Ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginlerini saklamak, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak hem-de onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmek, bu ulgama öňdebaryjy dünýä tejribesini we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak — bu meseleler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, milli Liderimiz degişli ugurlarda hereket edýän düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň, şäherlerde we obalarda döwrebap durmuş düzümini döretmegiň, ilatyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýy döredip, baş döwlet baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşlerini we ýurdumyzyň halkyny mukaddes Garaşsyzlygyň beýik işleriniň nyşanyna öwrülen uly baýramçylyk bilen ýene-de bir ýola gutlap, olara bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de ata Watanymyzyň bähbidine ähli başlangyçlarda täze üstünlikleri arzuw etdi.