Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   12.10.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Täze ýyla çenli galan döwrüň içinde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

2018-nji ýylyň üç çärýeginde Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 116,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 92,6 göterim berjaý edildi.

Ýerli býujetiň girdeji böleginiň ýerine ýetirilişi 6 milliard 228,3 million manada, çykdajy bölegi bolsa 5 milliard 517, 2 million manada barabar boldy.

Hasabat döwründe balans toparlarynyň 56 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 53 mejlisi geçirildi.

Üç çärýegiň netijeleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 31,3 milliard manada deň boldy. Bu görkezijiniň jemi içerki önümiň ösüşine gatnaşygy 33,4 göterime ýetdi. Maýa goýum maksatnamasy 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna 65,8 göterim, durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň gurluşygyna 34,2 göterim maýa goýumlary gönükdirildi.

Soňra ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýeti ösdürmäge, şol sanda eksporta niýetlenen we importyň ornuny tutýan döwrebap önümçilikleri ösdürmek üçin gönükdirilýän karzlaryň möçberleri 12,9 göterim ýokarlandy. Bu makroykdysady görkeziji döwlete degişli bolmadyk ulgamda 14,8 göterim ýokarlandy.

Bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň elektron düzümlerini kämilleşdirmek maksady bilen görlen çäreler barada hem aýdyldy.

Dokuz aýda ýurdumyzyň banklary tarapyndan kartly töleg ulgamy arkaly nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank edaralarynyň işini has ýokary derejä çykarmagyň möhümdigini belledi. Banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda geljekde hem toplumlaýyn çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, Merkezi bankyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hasabat döwründe maliýe seljerişiniň netijelerine laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokarlanmagy 6,2 göterim, şol sanda senagat pudagynda 4,2 göterim, gurluşykda 0,6 göterim, ulag-aragatnaşyk toplumynda 10,8 göterim, söwdada 7,6 göterim, oba hojalygynda 4,9 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,6 göterim derejesinde hasaba alyndy.

2018-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň netijeleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini 2017-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,6 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygy boýunça görkeziji 19,5 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň 73,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly hem-de öz wagtynda tölenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlaryna Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri göz öňünde tutup, geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça ýene-de bir gezek maslahat geçirmegi tabşyrdy. Bu işi çaltrak tamamlap, 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem birnäçe beýleki durmuş tölegleriniň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin her etrapda we şäherde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri Döwlet býujetinde hökman göz öňünde tutmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Her bir ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasy geljek ýylda öz önümçilik tabşyryklaryny hem-de öňünde durýan wezipeleri anyk bilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň kabul eden kararlarynyň esasynda pudaklary ösdürmegiň we özgertmegiň ähli döwlet maksatnamalaryna gaýtadan garamagy hem-de tutuş ýurdumyzy ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagy we tassyklamagy tabşyrdy.

2019-njy ýyldan ilata agyz suwunyň, gazyň, elektrik energiýasynyň tölegsiz berlişini ýatyrmak barada Halk Maslahatynyň kabul eden Karary bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujete goşmaça serişdeleriň gelip gowuşmagynyň hasaba alnyşyny we oňa gözegçiligi üpjün etmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de beýleki halkara gaz geçirijileriň çekilişine, Hazar deňziniň ýalpaklygyny özleşdirmek işlerine ünsi çekip, düzümi döwrebaplaşdyrmagy we nebitgaz pudagynyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmegi, döwlet emläklerini hususylaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynyň esasy pudaklaryny tapgyrlaýyn bazar gatnaşyklaryna geçirmek syýasatyna laýyklykda, balyk hojalygy döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmagyň zerurdygy baradaky karara gelendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Maliýe we ykdysadyýet ministrligine bäsleşikli söwdalary geçirmek üçin resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy we degişli Permana gol çekdi.

Käbir pudaklar boýunça önümçilik we hyzmat ulgamlarynda oňat görkezijiler gazanyldy. Bu bolsa jemi içerki önümiň möçberiniň artyşyny 6,2 göterime çenli ýetirmäge mümkinçilik berdi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Döwlet býujetiniň girdejileri hem artdy. Bu bolsa aýlyk zähmet haklarynyň möçberini 9 göterim artdyrmaga mümkinçilik berdi. Milli puluň hümmeti bellenen derejede durnukly saklanýar.

Ýylyň tamamlanmagyna 3 aýa golaý wagt galýar. Ýöne muňa garamazdan, biz geljek ýylda öňümizde durýan wezipeleri eýýäm häzirden kesgitlemelidiris. Meniň ozal hem belläp geçişim ýaly, biziň alyp barýan işlerimiziň strategiýasy açyklyga, goşulyşmaga we eksporta niýetlenen ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilendir. Bu ugurda ileri tutulýan ugurlar ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak, işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we daşary ýurt maýa goýumlaryny göni çekmek bolmalydyr. Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegini üpjün etmelidiris. Şu maksat bilen, ilkinji nobatda, täze kärhanalary gurmagy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biz bu ugurda bäsleşige ukyplylygy hususy pudagyň ornuny ýokarlandyrmagyň hasabyna üpjün etmeli. Hususan-da, ýurdumyzyň banklary kiçi we orta telekeçilige has uly goldaw bermelidirler. Maýa goýum serişdeleriniň ýerli bazarlaryny ösdürmäge we maliýe institutlarynyň binýadyny berkitmäge ýardam bermelidirler.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň işini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, zähmetde uly üstünlikler, ýurdumyzyň halkyna bolsa “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda gülläp ösüş arzuw etdi.