Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   19.10.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Bellenilişi ýaly, täze kanunlaryň taslamalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň saýlanlarynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň şu ýylyň 20-nji oktýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibine aýry-aýry ugurlarda we umuman, hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri ilerletmäge gönükdirilen käbir kanun taslamalary girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletler bilen dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, deňhukuklylyk esasynda guralýan Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda aýdylanda bolsa, bar bolan uly mümkinçilikler özara haryt dolanyşygynyň möçberini düýpli artdyrmak hem-de ony diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertler döredýär.
Şol gün hem Bakuda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirildi. Onuň gün tertibine türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Hazarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk babatynda Türkmenbaşy we Baku şäherleriniň Halkara deňiz portlarynyň arasynda ýük gatnawlarynyň mukdarynyň artdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem, hususan-da, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy we 2013-nji ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparlarynyň çäklerinde, şeýle hem Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň 2015-nji ýylda ýurdumyza resmi sapary mahalynda ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar ähli ugurlar boýunça netijeli döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Şonda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna hem gol çekildi. Netijede, uzakmöhletleýin geljek üçin köpugurly hyzmatdaşlygyň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio şäherine iş saparynyň degişli maksatnamasy hödürlenildi, saparyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowa söz berildi, ol ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp barýan işleri hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we netijeli özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şeýle hem iri maliýe gaznalar we daşary ýurtlaryň esasy banklary bilen hyzmatdaşlyk barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Amala aşyrylýan syýasatyň netijesinde, türkmen döwleti gysga wagtda Ýer ýüzüniň depginli ösýän ýurtlarynyň sanawynda pugta orun tutup, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň möhüm tapawutly aýratynlygy şolaryň ýakyn geljek üçin önümçilik pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn ösüşini gazanmaga gönükdirilendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, milli Liderimiz häzirki wagtda ykdysady kuwwaty boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Ýaponiýanyň tejribesiniň biz üçin örän peýdaly bolup biljekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça banky bilen gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bu bankyň gatnaşmagynda ýurdumyzda nebitgaz we himiýa senagatynda, beýleki pudaklarda iri maýa goýum taslamalary amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn, okgunly hem-de däp bolan dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň ýurdumyzyň ygtybarly we möhüm işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda üstünlikli işleýändiklerini aýtdy.

Balkan welaýatynda — Garabogaz şäherinde karbamid dökünleriniň, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçilikleri, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň taslamalary ýaly senagat toplumlarynyň gurluşygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň aýdyň netijeleridir. Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň geljekde hem ylma esaslanýan önümçilikleriň döredilmegine we öňdebaryjy ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň döredilmegini, innowasiýa işläp taýýarlamalaryň we nou-haularyň işjeň herekete getirilmegini ugur edinýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, senagatlaşdyrmagy hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagy ugur edinen ýurdumyz olaryň maýa goýum işjeňligini goldaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen maksatnamany umuman makullap, Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisini hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty ýokary derejede guramagy tabşyrdy, bu çäreler umumy bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berer.

 2018-nji ýylyň 28-nji oktýabry–10-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda geçiriljek Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bu dünýä birinjiligine gatnaşmak üçin Ýer ýüzüniň 100 ýurdundan (Afrikanyň 9 döwletinden, Ýewropanyň 38 ýurdundan, Aziýanyň 29 ýurdundan, Amerikanyň 15 ýurdundan we Okeaniýanyň 9 ýurdundan) ýüz tutmalar gelip gowuşdy. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan türgenleriň 800-e golaýynyň, umuman alanyňda, dürli ýurtlardan wekilleriň 1500-siniň, şol sanda emin toparlarynyň, žurnalistleriň we beýlekileriň gelmegine garaşylýar. Ýaryşlara hyzmat etmek üçin Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden meýletinçileriň 500-e golaýy taýýarlanyldy.

Çempionatyň web-saýtyny taýýarlamak, ýaryşa gatnaşyjylar üçin akkreditasiýalary resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary meýletinçiler, guramaçylar üçin hem-de Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin egin-eşikleri taýýarlaýar. “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” seýilgähinde, şeýle hem beýleki ýerlerde çempionatyň açylyş dabarasyna petekleriň satuwy başlandy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Medeniýet ministrligi tarapyndan degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

 Ýurdumyzyň ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamak boýunça tabşyryklar berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugruň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar.

16 — 18-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň, esasy pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky söwda-ykdysady hem-de maýa goýum gatnaşyklary baradaky meseleler, şol sanda azyk, derman serişdeleri, nebitgaz, himiýa, dokma, dag-magdan senagaty, raýat awiasiýasy ulgamynda, oba hojalygynda, bilim we ylym, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Mundan başga-da, saud kärdeşler bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, şolaryň dowamynda ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.

Şunda Saud Arabystany Patyşalygynda özara ynam we hormat goýmak esasynda guralýan gatnaşyklarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Ýangyç-energetika toplumynda hem-de beýleki birnäçe pudaklarda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirildi.

Toparyň mejlisiniň barşynda Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýum ministri Majid bin Abdulla Al-Kasabynyň habar berşi ýaly, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy üçin goşmaça maýa goýum serişdelerini bölüp bermek barada çözgüt kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Saud Arabystanynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlaryny açmak üçin zerur ýardam bermäge taýýarlyk beýan edildi.

Soňra wise-premýer geljek ýyldan başlap, içerki sarp edijileriň gaz bilen üpjün edilişini düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly ýurdumyzyň kanunçylygyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, şeýle hem kärhanalarda we ýaşaýyş jaýlarynda gazyň sarp edilişini hasaba alýan enjamlary oturtmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, degişli edaralar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň düzgünleri kämilleşdirilip, olar Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyldy.

Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyny netijeli peýdalanmaga hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere kybap gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen nygtady. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Saud ösüş gaznasy tarapyndan bölünip berlen maýa goýum serişdeleri daşary ýurt maýadarlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olar bu taslamanyň möhümdigine we kuwwatyna ýokary baha berýärler. Şunda ýurdumyzyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty, milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygy, bar bolan oňyn maýa goýum ýagdaýy oňat şertler bolup hyzmat edýär.

Türkmenistan hem-de Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä döwletleriniň hataryna girýär. Bu bolsa ýangyç-energetika hem-de beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýan ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak baş wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçylaryna gaz senagatyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzümlerini innowasiýalar esasynda döwrebaplaşdyrmak, pudagy giň gerimde tehniki we tehnologiýa taýdan täzelemek, iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda halkara TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmagyň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeler berdi.

Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiniň kemala getirilmegi ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ony dünýäniň ösen döwletlerine kybap gelýän ölçegleriň ýagdaýlaryna çykarmagyň ýeke-täk ýoludyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna strategiki orun berilýär. Ol hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi baý ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçilikleri döretmek, dünýä bazarlaryna çykmak mümkinçiligi üçin düýpli maýa serişdeleriniň goýulmagy netijesinde eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgama iň öňdebaryjy enjamlar we iň täze tehnologiýalar görnüşinde daşarky maýa goýumlary çekmegiň wajypdygyny nygtap, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek ugrunda bolşy ýaly, eksporta gönükdirilen ugurda hem ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategiki ähmiýete eýe bolan milli senagat taslamalaryny depginli durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sanly ykdysadyýete geçmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi maýalary çekmäge, döwleti dolandyrmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmaga hem-de onuň netijeliligini artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz maliýe ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi.

2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Degişli edaralar bilen ylalaşylan bu resminamalarda ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça milli Liderimiziň başyny başlan işlerini maliýeleşdirmek üçin ýörite serişdeler göz öňünde tutuldy. Şol serişdeleriň agramly bölegini ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirmek meýilleşdirilýär. Geljek ýyl üçin býujetde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly ileri tutulýan meselelere ünsi çekip, ýurdumyzda dolandyryş edaralaryny saklamak üçin baş maliýe meýilnamasynda býujet çykdajylaryny azaltmagyň möhümdigini, tygşytlanan serişdeleri bolsa, köp mekdepleri, çagalar baglaryny ýa-da beýleki desgalary gurmaga gönükdirmelidigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde geçirilýän uly özgertmeler barada aýdyp, döwletimizi senagat taýdan ösdürmek, elektron senagatyny döretmek, sanly ykdysadyýete geçmek işleriniň häzirki döwürde bu ugurlardan köp sanly hünärmenleri talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda örän zerur ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalyk, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujetinde bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlary üçin köp serişdeleri göz öňünde tutmagyň möhümdigini aýtdy.

Baş maliýe meýilnamasy taýýarlananda öňki ýyllarda bolşy ýaly, durmuş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek gerek. Ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmek, aýratyn-da, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin, Döwlet býujetinde goýberilýän serişdeleri artdyrmak gerek.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip,

milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmagy, kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ýola goýmak we ösdürmek boýunça çäreleri-de meýilleşdirmegi göz öňünde tutmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ilat üçin karz maliýe serişdeleriniň möçberini hem artdyrmagyň, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp, karz serişdeleriniň elýeterli bolmagyny gazanmagyň, bank goýumlaryny höweslendirip, onuň ygtybarly kepillendirilmegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Maýa goýum maksatnamasyna gaýtadan seredilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, senagat kärhanalarynyň gurluşygyny her ýyl artdyrmagyň gerekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň taslamasynyň üstünde heniz köp işlemeli diýip, noýabr aýynyň ahyrynda geçiriljek Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oňa ýene-de bir gezek serediljekdigini aýtdy.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.