Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   02.11.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir ileri tutulýan meselelerine garaldy.
Hazar deňzi bilen baglanyşykly wezipeleri toplumlaýyn çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň şu ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitiniň barşynda kabul edilen resminamalaryň wajypdygy nygtaldy. Kenarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça hukuk binýadyny döredýän bu resminamalaryň hatarynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda VI Hazar sammitini, 2019-njy ýylda bolsa I Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyçlary öz beýanyny tapdy. Bu başlangyçlar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Milli Liderimiziň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen hökümet derejesinde degişli guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky teklipler işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy wezipesi Türkmenistanda ýokarda agzalyp geçilen halkara çäreleri geçirmäge taýýarlyk görmekden hem-de ähli meseleleri öz wagtynda çözmekden, şol sanda sammitiň gün tertibini, gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalaryň taslamalaryny hem-de I Hazar ykdysady forumynyň konsepsiýasyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda Hazar deňziniň institutyny döretmek baradaky teklibi hödürledi. Bu edara hakyndaky Düzgünnamanyň, edaranyň gurluşynyň hem-de wezipe sanawynyň taslamalary taýýarlanyldy. Institutyň işiniň çäklerinde Hazarda dürli ugurlarda amala aşyrylýan işleriň hem-de ylmy barlaglaryň seljermesini geçirmek, degişli halkara we milli resminamalary taýýarlamak, okuw maslahatlaryny guramak we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz Hazar sebiti bilen baglanyşykly meseleleriň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şol strategiýa bolsa oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyz köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Hazaryň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli ädimleri ädip, gojaman Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesini has-da pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýär.
Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Hazarda özara gatnaşyklar boýunça möhüm resminamalar işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Şol resminamalar däp bolan bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösmegine hem-de anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam etmelidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Hazar sebitiniň ähmiýetiniň onuň çäginden has daşary çykýandygyny, geosyýasy we geoykdysady ösüşde esasy merkezleriň birine öwrülýändigini, bu ýerde dünýä derejesindäki multimodal ulag-üstaşyr ulgamynyň kemala gelýändigini belledi.
Munuň özi ýakyn we uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň tagallalarynyň mundan beýläk-de birleşdirmegini hem-de abraýly halkara guramalar we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň Hazarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky döredijilikli başlangyçlaryny ilerletmäge we durmuşa geçirmäge, öňümizdäki halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk hem-de işlerinde uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda halkymyza gülläp ösüş arzuw etdi.