Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   23.11.2018  /  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet we Milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de BMG-niň ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda Meýletin milli synyň taýýarlanylyşy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şu meýilnama laýyklykda, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda özara hereketleriň binýadyny döretmek göz öňünde tutulýar. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak babatda degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu taslamany 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biridigini belläp, bu ugurdaky işleri yzygiderli hem-de toplumlaýyn häsiýetde alyp barýandygyny nygtady. Maksatlaryň esasy ugurlary hem-de görkezijileri döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ulanylýar. Şolar eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň oňyn tejribesi hem-de üstünlikleri dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. Bitarap Türkmenistan BMG-niň möhüm Konwensiýalarynyň we resminamalarynyň ençemesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär.

Milli Liderimiz bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretmegiň wajypdygyny belläp, döwletimiziň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalaryna işjeň gatnaşýandygyny nygtady hem-de dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we ösüşi üpjün etmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.