Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   04.12.2018  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meselelere seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer hasabat döwründäki makroykdysady görkezijiler barada aýtdy hem-de milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine yzygiderli gözegçilik edilmelidigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ugratmak, nebiti gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny we beýleki nebit önümlerini öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda habar berildi.

Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň barşy hakynda hasabat berildi. Onuň gurluşygy tassyklanan tertibe laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň netijeliligini artdyrmak üçin degişli çäreleri görmegi wise-premýerden talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, pudaga maýa goýumlaryny çekmek, ýolbaşçy işgärleri seçip almak we taýýarlamak boýunça meselelere uly üns berilmelidir.

Wise-premýere geljegi uly bolan meýdanlary özleşdirmegi çaltlandyrmak, nebit çykarylyşyna häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri talabalaýyk guramak barada anyk görkezmeler berildi.

Şeýle hem milli Liderimiz TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara standartlara laýyklykda, ykdysadyýetimizde başlanan uly özgertmeler, sanly ykdysadyýete geçilmegi, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, elektron senagaty häzirki döwürde mekdep uçurymlarymyzdan diňe bir hünär boýunça endikleri däl-de, eýsem, beýleki bilimlere eýe bolmagy talap edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem, nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris.

Ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň ösüş depgini, çaklamalara görä, 6,2 göterim bolar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy.

Umuman, biz on bir aýyň jemleri boýunça kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Biz, 2019-njy ýyl üçin hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülen Döwlet býujetini kabul etdik. Şeýle hem biziň ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Ýöne yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmek zerurdyr.

Hususylaşdyrmagy hem çaltlandyrmaly. Paýnamalary ýerleşdirmek, gazna bazaryny we açyk bäsleşikli söwdalary guramak hususylaşdyrmagyň esasy gurallarydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ykdysadyýetimiziň önüm öndürýän pudagynda biziň esasy wezipämiz bazar institutlaryny berkitmekden, erkin bäsleşigi ösdürmekden we hususy işewür başlangyçlary höweslendirmekden ybaratdyr. Bu bolsa özara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin maýadarlara ajaýyp mümkinçilikdir.

Milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa we Hökümetiň beýleki agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine häzirden düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan netijeleri seljermek, ýol berlen kemçiliklere seretmek, haýsy ugurlarda alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny kesgitlemek möhümdir we degişli teklipleri, şol sanda ýolbaşçy işgärler baradaky teklipleri taýýarlamak wajypdyr.

Ministrler Kabinetiniň şol mejlisinde biz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli ösdürmegiň täze ykdysady nusgasynyň maksatnamasyny kabul etmelidiris. Bu maksatnama ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düzüm üýtgetmeleriniň esasyny goýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşini has ýokary derejä çykarar, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň her bir orunbasary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçysy öz baştutanlyk edýän pudaklaryndaky ýagdaýy berk gözegçilikde saklamalydyr. Kabul edilen maksatnamalaryň nähili ýerine ýetiriljekdigini, haýsy desgalaryň guruljakdygyny, esasan hem, haýsy möhletlerde ulanmaga beriljekdigini anyk bilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

2019-njy ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Bu wezipeleri artygy bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň mukaddes borjudyr. Biz näçe netijeli işlesek, näçe köp işleri bitirsek, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, Garaşsyz döwletimiziň abraýy has-da ýokarlanar diýip, milli Liderimiz nygtady.