Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” we “Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň döwlet 2018-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmek üçin bellenilen çärelere işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara maýa bazarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekili bolup çykyş edýär we strategiki möhüm maýa goýum taslamalary maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekýär. Şeýle hem Bank Yslam Ösüş Bankynyň (YÖB) Türkmenistan üçin dolandyryjysy hökmünde hereket edýär we Türkmenistan Hökümeti bilen YÖB-yň, şeýle hem Arap Utgaşdyryjy Toparyň Gaznalary bilen arkalaşygyny utgaşdyrýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän “Açyk gapylar” we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleri, senagat ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar, amatly maýa goýum ýagdaýy, daşary ýurtly işewür toparlar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de köp ugurlarda, ozaly bilen, ylmy işleri talap edýän we ýokary tehnologiýaly pudaklara dünýä tejribesini giňden çekmek üçin amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan döwlet maksatnamalaryny, maýa goýum we durmuş ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmäge, ykdysadyýetiň hakyky pudagynyň kärhanalarynyň karz goldawyny ösdürmäge, onuň maliýe durnuklylygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, bank hyzmatlarynyň giň görnüşlerini we ýokary hilini üpjün etmäge, bankyň müşderileri we işewür hyzmatdaşlary bilen uzak möhletli özara bähbitli aragatnaşyklygy pugtalandyrmaga işjeň gatnaşmak arkaly milli ykdysadyýeti ösdürmäge hemme çäreler arkaly ýardam etmek Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň işiniň ileri tutulýan ugrudyr.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, hökümetiň wekili wezipesinden gelip çykýan, ösüşiniň baş ugry, ilkinji nobatda, daşary yurt maýasyny çekmek hem-de ony ýurduň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlaryna ýerleşdirmek boýunça işleri işjeň alyp barmaga gönükdirilendir. Bankyň aktiwleriniň esasy bölegi daşary ýurt maýalarynyň hasabyna maliýeleşdirilýän we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän uzak möhletli karzlardan ybarat bolup durýar.    

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky döwlet derejesindäki möhüm ähmiýetli taslamalara maýa goýum serişdeleri bilen üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, pudaklaryň ösüşiniň esasy ugurlary bolan himiýa we nebithimiýa senagaty, ýangyç-energetika toplumy, energiýa senagaty toplumy, ulaglar toplumy, aragatnaşyk we telekommunikasiýa toplumy, ýeňil senagaty, gurluşyk toplumy we oba hojalygy maliýeleşdirilýär.

Türkmenistan eksporta niýetlenen önümçilik desgalaryň gurluşygynyň giň gerimini durmuşa geçirýär. Şol maksat bilen karbamid, kükürt kislotasy, polipropilen, polietilen we tebigy gazdan benzin ýangyjyny öndürýän zawodlaryň gurulmagyny mysal hökmünde bellemek bolýar. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 26-njy maýyndaky 13668 belgili Kararyna laýyklykda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde kuwwatlygy ýylda 386 müň tonna  polietilen we ýylda 81 müň tonna polipropilen öndürýän zawodyny gurmak taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Banky (JBIC) we «NEXI» ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyrmasy bilen gatnaşyjy maliýe guramalary bilen 2014-nji ýylyň 29-njy maýynda Karz ylalaşygy baglaşyldy we netijede 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda toplumyň resmi açylyş dabarasy bolup geçdi.  

Bu taslama ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýewraziýa sebiti boýunça ýangyç-energetika pudagynyň düzümini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny netijeli özleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Bir müňden hem gowrak adamlara iş ýerleri döredildi. Işe başlan täze kärhana üçin hünärmenler daşary ýurtlarda we özümizde taýýarlandy.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny gurmagyň taslamasy 2014-nji ýylda eksport-karz agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilen Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň gowy taslamalarynyň onusyndan biri hökmünde “TXF” (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite sylagyna eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýangyç-energetika pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýaly nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen hem-de dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürýän önümçilikleriň döredilmegi ykdysadyýetiň möhüm ugry bolup durýar. Bu ulgamda bellenilen meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginleriniň çaltlandyrylmagyna, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Bularyň ählisi Watanymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna hem-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik döreder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 15-nji oktýabryndaky 13910 belgili Kararyna laýyklykda “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde 1.155 müň tonna Karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň taslamasyny  maliýeleşdirmek üçin Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Banky (JBIC) we «NEXI» ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyrmasy bilen we gatnaşyjy maliýe guramalary bilen 2014-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Karz ylalaşygy baglaşyldy we netijede 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda toplumyň resmi açylyş dabarasy boldy.

Karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça iň häzirki zaman toplumyny bina etmek boýunça iri maýa goýum taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi çaltlandyrylan depginlerde diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň ýolunda milli Liderimiziň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Tebigy gazyň çykarylýan künjeginiň golaýynda, ýurdumyzyň günbatar sebitinde bu zawodyň ulanylmaga berilmegi ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem-de barha okgunly ösýän gazhimiýa pudagyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar. Bu ajaýyp waka Türkmenistanyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde kemala gelmeginiň ýolunda Watanymyzyň iň täze taryhyna girer.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary, örän baý uglewodorod we mineral serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümler, şol sanda nebit we gazhimiýa pudaklarynyň önümleri diňe bir içki zerurlyklary üpjün etmäge däl-de, bütin dünýäde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilendir.

 “Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän önümleriň aglaba bölegini daşary ýurt sarp edijilerine ugratmak meýilleşdirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar eýýäm häzirki wagtda himiýa pudagynyň bu önümini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu iri kärhana Türkmenistanyň senagat pudagynyň ýokary depginler bilen ösmegine özüniň uly goşandyny goşar, onuň işe girizilmegi bilen daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň ep-esli artmagyna mümkinçilik döreder.

Kärhanada jemi 1000-e golaý adam üçin iş ýerleri döredilen. Bu bolsa ilatymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de has-da gowulandyrmaga ýardam berer.

 Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 15-nji oktýabryndaky 13909 belgili Kararyna laýyklykda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawodynyň gurluşygynyň taslamasyny  maliýeleşdirmek üçin Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Banky (JBIC) we «NEXI» ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyrmasy bilen we gatnaşyjy maliýe guramalary bilen 2014-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Karz ylalaşyklary baglaşyldy.

Bu maýa goýum taslamasy Milli ykdysadyýetimiziň strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädim bolan dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini doly we netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Gaz himiýa pudagyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi sebitleriň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligiň artdyrylmagyny şertlendirýär. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Daşary ýurtly maýadarlaryň gatnaşmagynda gurulýan kärhana dünýä giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen iri daşary ýurt işewürliginiň özara peýdaly gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup çykyş edýär.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky boýunça daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetine mundan beýläk hem çekmek ugrunda işler yzygiderli dowam ediler hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösmegine ýardam beriler.