Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   13.02.2019  /  

Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürler maslahaty açyldy, oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti iberildi.

Şu gezekki çäre şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, ýurdumyzyň pudaklarynyň daşary bazarlarda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, olaryň eksport, innowasiýa we maýa goýum mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

«Deutsche Bank AG-nyň» binasynyň mejlisler zalynda geçirilýän Türkmen-german işewürler maslahatynda Bank işine, çaphana, biotehnologiýa, elektron enjamlarynyň önümçiligi, ýol gurluşyk we oba hojalyk tehnikasy, nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk we uçargurluşyk, logistika we beýleki ugurlara ýöriteleşen kompaniýalar hem bar. Maslahata jemi 70-e golaý iri kompaniýa gatnaşýar.

 Maslahata Türkmenistandan Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, Energetika, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Ahal welaýatynyň häkimliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Maslahatyň gün tertibine geljekki söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy meýilleşdirmek üçin täze teklipler girizildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrdylar hem-de iki tarapyň hem mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, ozaly bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy, düzümleriň senagatlaşdyrylmagy, ýurdumyzda alnyp barylýan sanlaşdyrmak işleri göz öňünde tutuldy.

Türkmen ykdysadyýetiniň innowasiýa ugry boýunça ösdürilmegine, ýurdumyzda emele gelen amatly maýa goýum ýagdaýyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň işlemegi üçin döredilen amatly şertlere aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, syýasy durnuklylyk, jemgyýetiň demokratiýalaşdyrylmagy, kanunyň rüstemliginiň berkidilmegi hem-de maliýe gözegçilik ulgamynyň döredilmegi, bank ulgamynyň we ätiýaçlandyryş bazarynyň kämilleşdirilmegi Türkmenistanyň maýa goýumlary özüne çekijiliginiň möhüm şertleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda maýa goýumlaryny höweslendirmek maksady bilen, hökümet işewürlik gurşawy gowulandyrýar, eksport ugurly senagaty ösdürmek boýunça strategiýa işlenip taýýarlanyldy hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2018-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy.

Birinji mejlis Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda we himiýa senagatynda maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamdaky strategiýasy uglewodorod serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy, türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara, şol sanda Ýewropa bazaryna ibermegiň köp şahaly ugurlaryny döretmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, tebigy gazy gaýtadan işlemek we onuň esasynda polietilen, polipropilen, sintetiki benzin we beýleki önümçilikler boýunça kärhanalar ýaly iri taslamalar nebitgaz senagaty üçin enjamlary öndürýän Germaniýanyň kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bularyň ählisi himiýa senagatynyň iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy üçin uly giňişlikdir.

Türkmenistan şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplar bilen elektroenergetika we elektrotehnika pudaklarynda, şol sanda Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji ulgamlary gurmak boýunça halkara taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk meselelerini içgin ara alyp maslahatlaşýar.

Işewürler maslahatynyň ikinji mejlisi häzirki zaman multimodal ulag düzüminiň döredilmegine bagyşlandy, şunda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri hasaba alnyp, täze logistika ugurlarynyň kemala getirilmegine aýratyn üns berildi.

Biziň ýurdumyz şeýle hem Germaniýanyň maliýe ulgamynyň, onuň maliýe karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş guramalarynyň, biržalarynyň, Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «Deutsche Bank» we «Ñommerz Bank» banklarynyň, döredilişiniň we olaryň işleýşiniň üstünlikli tejribesini özleşdirmäge gyzyklanma bildirýär hem-de maslahata gatnaşýan beýleki nemes maliýe edaralarynyň tekliplerine hem garamaga taýýardyr.

Türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasy hususy bölegiň kärhanalarynyň jemi içerki önümiň möçberindäki paýynyň tapgyrlaýyn artdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Şol sebäpli hem iki ýurduň işewürler bileleşikleriniň ugry, maýa goýumlaryny çekmek, dolandyrmagyň netijeli usullaryny, öňdebaryjy dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmak boýunça göni we ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetli ugry bolup durýar.

Germaniýanyň işewürler toparlary ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge, alyp barýan syýasaty giň halkara goldawyna eýe bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler.