Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   11.02.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary we Aşgabat şäherini 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna ugradylýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasiýa ösüşi ugur edinýän Türkmenistanyň nemes kompaniýalarynyň iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylýan oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak hem-de bu ugurda iki ýurduň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak işleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we uzak möhletleýin bähbitleri nukdaýnazaryndan bar bolan meseleleriň häzirki döwürde oňyn çözülmegi ösüş strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaryň ýokary ösüş depginini saklamagyň, maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, özümizde öndürilýän önümleriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak ykdysady toplumyň edaralarynyň baş wezipesidigini belläp, wise-premýere kesgitlenen çäreleriň degişli derejede guralmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Yslam ösüş banky bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Ulag, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim ugurlarynda, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy ýaly milli we halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, ýurdumyzyň bu öňdebaryjy bank bilen mundan beýläk-de özara gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Milli Liderimiz degişli resminama gol çekip we ony sanly elektron dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere ugradyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.