Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) / 01.03.2019 / Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer halkara we sebit maliýe düzümleri, şol sanda hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer häzirki wagtda Yslam korporasiýasynyň ýurdumyzyň telekeçileriniň durmuşa geçirýän taslamalaryna maýa serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirýändigi baradaky teklibiň gelip gowşandygyny habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, soňky ýyllarda Türkmenistanyň halkara derejede tagallalary has-da işjeňleşdirendigini, abraýly ykdysady edaralar bilen gatnaşyklaryň ugurlaryny ep-esli giňeldendigini belledi. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny durnukly we okgunly ösdürmek ýurdumyzyň daşary ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmegiň milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de netijeliligini ýokarlandyrmagyň has netijeli ýoludygyny aýdyp, kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň giň gerimli işiniň, öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak, ilaty iş bilen üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hususy ulgamy goldamak, şol sanda esasy maliýe guramalarynyň maýa serişdelerini gönükdirmäge bolan gyzyklanmalary aýratyn ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Ýurdumyzda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden we Ak bugdaý etraplarynyň aralygynda 1 million 500 müň düýp bag nahallarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň çäginde hem şonça mukdardaky ýaprakly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň ekiljekdigi bellenildi. Bu işleri guramak ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Döwlet Baştutanymyz 21-nji martda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek hakyndaky Karara gol çekip bu möhüm çärä taýýarlyk görmek hem-de «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň ägirt uly kuwwaty barada aýdyp, energiýa serişdeleriniň möçberi boýunça Türkmenistanyň dünýäniň iň baý döwletleriniň biridigini belledi. Mälim bolşy ýaly, elektrik energiýasyny öndürmek tutuş dünýäde iň girdejili önümçilikleriň biri hasaplanylýar. Şundan ugur alnyp, bu möhüm pudaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň mukdary yzygiderli artdyrylýar. Şunuň netijesinde, häzirki wagtda türkmen energetika senagaty ýokary depginler bilen ösýär we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik maýa goýumly gurluşyk taslamasyna sebitiň durmuş we ykdysady ýagdaýy babatda garalmalydygyny hem-de serişdeleri netijeli peýdalanmagyň esasynda amala aşyrylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhanalaryň hususylaşdyrylmagynyň ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, hususy telekeçiligi depginli ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligini hem-de önümleriň eksportyny artdyrmak, bazar ykdysadyýetine geçmegi çaltlandyrmak boýunça bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz uzak möhletleýin esasda dünýä ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag pudagynyň eýeleýän ornuny we ähmiýetini nygtap, bu ugurdaky döwrebap, utgaşykly, deňeçer we ýokary tehnologiýaly düzümiň, sebitleýin, yklymlaýyn we ählumumy derejedäki Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn zerurdygyny belledi. Munuň özi dünýä hojalyk gatnaşyklaryny berkitmegiň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň, ykdysady ösüşi we durmuş abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti bolmak bilen, halkara bileleşigiň strategik bähbitlerine laýyk gelýär. Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durnukly ösüş üçin şertleri döretmek maksady bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, olara öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, bu wezipeleriň çözülmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.