Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

2019-njy ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

12-nji martda Yslamabatda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Pakistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilendigi barada habar berildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi bellenildi. Pakistanyň döwlet Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Pakistanyň halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary bellenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak ýaly möhüm taslamalaryň amala aşyrylyşyna hem-de täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Saparyň jemleri boýunça resminamalaryň bäşisine: iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019 — 2024-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugy akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmen-pakistan bilelikdäki işewür geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Pakistanyň Söwda-senagat edaralarynyň Federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Pakistanyň Hökümeti bilen «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasynyň arasynda kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň Baş şertlerine gol çekildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu iri düzümleýin taslamalar hem-de ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi sebitara goşulyşmak işlerini işjeňleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Bahreýniň Patyşasynyň 17 — 19-njy martda Türkmenistana meýilleşdirilen döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Türkmenistan we Bahreýn, däp bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyk edýärler. Bahreýn Patyşalygy hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar.

Maýa goýum, bank, nebitgaz ulgamlarynda, himiýa senagatynda, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmek boýunça ikitaraplaýyn taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Saparyň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň ösüşine kuwwatly itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy. Hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler Türkmenistanda ykdysadyýet toplumynda we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar, senagatlaşdyrmak boýunça meýilnamalar, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýlary bilen hem şertlendirilendir.

Ýurdumyzyň durmuşynda birnäçe şanly wakalaryň bolýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowaryny we Milli bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi