Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   29.03.2019  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiniň gün tertibine geçip, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa bolan gulluk iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon işçi toparynyň duşuşyklarynyň çäklerinde nebitgaz we himiýa pudaklarynda özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC), Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI), Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň taslamasy we beýleki bilelikdäki taslamalar boýunça gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda degişli ylalaşyklar gazanyldy. 2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gol çekilen Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky Ýol kartasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler seljerildi.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, nebitgaz ulgamynda ýöriteleşen ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Hususan-da, «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda gurlan tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawody ulanmaga bermek boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlygyň meseleleri, şeýle hem kärhananyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça degişli teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Sojitz» kompaniýasynyň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde Türkmenabatdaky himiýa zawodynda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça önümhananyň taslamasy boýunça gürrüň boldy. «Mitsubishi» kompaniýasy bilen bolan gepleşiklerde Türkmenistanda ammiak we karbamid öndürýän täze zawodyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem «Itoçu», «Highchem», «Sumitomo», «Mitsubishi», «Sojitz» kompaniýalarynyň wekilleri bilen nebitgaz we himiýa pudaklarynyň önümlerini ýerleşdirmek hem-de eksport etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ýokarda geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça Duşuşygyň Teswirnamasy, «Sumitomo» kompaniýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň arasynda fosfor dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak boýunça 2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda gol çekilen Çarçuwaly ylalaşyga Goşmaça bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler geçirilmegine uly ähmiýet berýän oba we suw hojalygynyň möhüm meseleleri boýunça Ýaponiýanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň departamentiniň baş direktory bilen duşuşyklar geçirildi. Onda öňdebaryjy tehnologiýalary we ýapon hyzmatdaşlaryň sil suwlaryny ilatly ýerlerden sowmak we olaryň öňüni almak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak meselelerine garaldy.

Şeýle hem «Marubeni», «Sojitz», «Itoçu», «Komatsu» ýaly kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda suw arassalaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen birlikde, degişli bilelikdäki taslamany ýerine ýetirmek üçin ýapon tarapy bilen «Komatsu» kysymly ýer gazýan tehnikalary tapgyrlaýyn esasda getirmek boýunça ylalaşyk gazanmak babatdaky meselelere garaldy. Duşuşyklaryň jemleri boýunça ýokarda agzalan tehnikany satyn almak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Maliýe-bank hyzmatdaşlygy boýunça Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň ýapon tarapyndan başlygy hem-de wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen, suw hojalyk we awtoulag ulgamyndaky taslamalar boýunça gutarnykly resminamalara gol çekmek maksady bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Halkara hyzmatdaşlyk banky we Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş edarasy bilen maslahatlar geçirildi.

Ýapon tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatyny goldamak bilen, bu ýurduň işewür düzümleriniň we maliýe edaralarynyň geljekde hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary senagat, oba hojalyk ulgamlaryna degişli on sany önümçilik desgalary bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda «Nissan», «Toyoto» kysymly awtoulaglary we «Komatsu» tehnikalary öndürýän kärhanalar, suw arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işleýji, maldarçylyk kärhanasy hem-de ýyladyşhana bar.

Hormatly Prezidentimiz senagatlaşdyrmak ulgamyny esasy ugur edinýän Türkmenistanyň täze ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, täzeçil usullar esasynda işleýän önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine mundan beýläk-de meýillidigini belläp, ýapon hyzmatdaşlarynyň bu ugurdaky tejribelerini özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» sahypasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu teklip hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna we 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy.

Şeýle hem «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (СAREС) maksatnamasynyň «Merkezi Aziýada ykdysady hyzmatdaşlyk ýurtlarynda demir ýol ulgamyny ösdürmek» sebitleýin tehniki kömek taslamasyna ýurdumyzyň goşulmagy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe toplumynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şolaryň hatarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaryny, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilen milli hem-de döwlet maksatnamalaryny bellenilen möhletde ýerine ýetirmek meselelerine gözegçiligi ýola goýmak wezipesiniň bardygy bellenildi.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam edip, СAREС maksatnamasynyň ulag, energetika, söwda ýaly pudaklarda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goldaw berýän wajyp gural bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu düzüm bilen özara gatnaşyklarynyň strategik häsiýete eýedigini aýtdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, şu günki mejlisde ýurdumyzda geçirilýän işleriň jemlerine garalandygyny, şeýle hem ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, özygtyýarly Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.