Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

 / Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   05.04.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän edaralarynda işleriň ýagdaýy hem-de ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmekde görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda gaýtadan işlenen «Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini kesgitlemegiň tertibiniň» taýýarlanandygyny habar berdi.

Bu resminamanyň taslamasynda hereket edýän kanunçylygyň düzgünleri, bu ulgamda milli ykdysadyýetimiziň aýratynlyklary we halkara tejribe nazara alyndy. Kadalaşdyryjy nama Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ylalaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň döwrüň talaplaryna kybap gelýän täze milli ykdysady nusganyň kemala gelýän şertlerinde ähli pudaklaryň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün edýändigini belledi. Şunda ähli hojalyk guralynyň zerur bölegi bolup durýan ätiýaçlandyryş işiniň kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ätiýaçlandyryş şahsy we edara görnüşli taraplary töwekgelçiliklerden goramagyň netijeli guraly hökmünde ýokary durmuş ähmiýetine eýe bolup, ykdysadyýete içerki uzak möhletleýin maýa goýumlarynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullady hem-de degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem-de Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk we goýberiş-sazlaýyş işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu önümçilik toplumynda häzirki wagtda goýberiş synag işleri dowam edýär.

Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynyň ýanynda ýerleşýän tebigy gazdan ýangyç öndürýän zawodyň gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda bu zawodyň umumy gurluşyk işleriniň 96 göterime golaýynyň, goýberiş-sazlaýyş işleriniň bolsa 64 göterimden gowragynyň ýerine ýetirilendigi, zawodyň suw arassalaýjy we sowadyjy, lagym suwlaryny arassalaýan, bug gazanlarynda, gysylan howany öndürýän, howa bölüji desgalarynda synag işleriniň tamamlanandygy aýdyldy. Şeýle hem zawodyň gazy arassalaýjy we sintezleýji desgalarynda synag işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Ýakyn günlerde awtotermiki reforming desgasynyň goýberiş-sazlaýyş işlerine başlap, aprel aýynyň ikinji ongünlüginde metanolyň sintezi desgasyny işe taýýarlamak hem-de on günüň dowamynda bu desgany kadaly ýagdaýda işletmek we şondan soň ýangyjyň sintezi desgasyny işe girizmek göz öňünde tutulýar. Netijede, ýakyn wagtda Euro-5 standartynyň talaplaryna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa, sintetiki ýangyjy öndürip başlamak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ägirt uly çig mal serişdeleriniň, senagat hem-de ylmy kuwwatynyň bardygy netijesinde milli ykdysadyýetimizde esasy orunlaryň birini eýeleýändigini belledi. Bu pudakda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy nebitgaz senagatynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösmegini üpjün eder, ýurdumyzyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrar.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk bolan, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki ýangyç öndürýän täze zawodyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi netijeli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, täze iri gazhimiýa toplumynyň ulanmaga berilmeginiň pudagy diwersifikasiýalaşdyrmagyň, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi» awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek hem-de Garabogaz kölüniň üstünden täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda gurulýan Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtobanyň halkara ölçeglere doly kybap gelmegi hem-de onuň ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ornuny berkitmegi ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwrebap köpriniň hem-de ýollaryň gurulmagy awtoulaglar arkaly taýýar önümleri daşamak hem-de Garabogazyň baýlyklaryny özleşdirmek üçin uly ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň bir şahasynyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara portuna çenli baryp ýetmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.