Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

  /   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   12.04.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy.

Makroykdysady görkezijiler munuň subutnamasydyr. Jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde üpjün edildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda hem-de doly tölenildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 5 milliard manada barabar boldy.

Ýanwar-mart aýlarynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, degişli işler alnyp baryldy.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow garalýan döwürde Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 104,7 göterim, çykdajy bölegi bolsa 84,3 göterim derejesinde ýerine ýetirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi jemi içerki önümiň 22,3 göterimine barabar boldy. 2019-njy ýyl üçin maýa goýum maksatnamasy 12,9 göterim berjaý edildi. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik hem-de 54,9 göterimi durmuş-medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, harytlaryň eksport edilmeginden hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginden ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada habar aýdyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp hem-de mejlise gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek üçin pudaklarda alnyp barylýan işleriň netijeliligine uly üns berip, bu işleriň jikme-jik öwrenilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, ykdysadyýetimize mümkin boldugyça maýa goýumlaryny köpräk çekmek boýunça netijeli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgama geçmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we eksporta iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň möhümdigini belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek işlerini netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagy tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz nebiti we gazy gaýtadan işlemek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurdaky işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi .

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda gurulýan, tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän gazhimiýa toplumynyň dabaraly açylyşyna häzirden gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçiler giňden çekilýär.Ýakynda Türkmenistanda bolan Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti geçirýän özgertmelerimiziň saýlanyp alnan ugrunyň dogrudygyny tassyklady we gazanan netijelerimize gowy baha berdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, özygtyýarly Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.