Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

/   Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   02.05.2019  /  

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ykdysadyýetimiziň pudaklarynda dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşyna, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ähli pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi bellenildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklandy.

milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we düýpli çemeleşilýändigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşilýär.

Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. Şunda ähli pudaklara täzeçil usullaryň, häzirki zaman tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna, hususan-da, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek, öz önümlerimiziň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça bellenen meýilnamalarymyzy ýerine ýetirmek üçin hem täsirli çäreleri görmegiň gerekdigini belledi.

Şeýle hem maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek babatdaky işlerini jikme-jik seljermeli.

Garaşsyz döwletimiziň içeri syýasaty barada aýdylanda bolsa, şu ýylyň dört aýynyň netijeleri ätiýaçdaky daşarky we içerki serişdelerimiziň ýeterlik derejede bolmagy bilen birlikde, Hökümetiň alyp baran işiniň bize jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklap galmaga mümkinçilik berendigini görkezýär. Jemi içerki önümiň ýokary derejesi ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň diýen ýaly goşan oňyn goşandy bilen hem üpjün edildi.

Biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Netijede, hususy we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri artýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hasabat döwründe ortaça aýlyk zähmet haky 9,5 göterim köpeldi. Milli pulumyz manadyň hümmeti hem bir derejede durnukly saklanyp galýar.

Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we öz önümlerimiziň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem elektron senagaty döretmek boýunça kabul eden döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, ähli hökümet agzalaryna Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.