Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Banky

 

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)  /   08.05.2019  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. 

Garagumuň merkezinde ýerleşen bu ähmiýetli emeli suw desgasy, ekologiýa we halk hojalygy babatda bolşy ýaly, ägirt uly durmuş maksatly ähmiýete eýedir. Uzakmöhletleýin netijeli bu taslamanyň hemmetaraplaýyn ähmiýete eýedigini aýratyn bellemeli. 

Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köp öwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.Şeýle hem bu taslama ilat üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam eder. 

Bu mekanlarda suw meselesiniň çözülmegi azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly beýleki meseleleri hem çözmegi aňladýar. Şoňa görä-de, kölüň daş-töweregini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň taslamalary köpugurly häsiýete eýe bolýar. Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegi üçin edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Häzirki döwürde ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalar hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda toplan baý tejribämizi we döredijilik mümkinçiliklerimizi umumy bähbidiň hatyrasyna gönükdirmäge çalyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň «Ak ýaýla» şor suw howdanynyň sebitinde guruljak desgalar we ekiljek baglar bu töweregiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir eder. 
Şunuň bilen birlikde, kölüň ýanynda durmuş we önümçilik düzümleriniň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ýerli ykdysadyýetiň ösdürilmegi we bu künjegiň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Bilim, saglygy goraýyş we ilatyň durmuş taýdan goraglylygy ýaly meseleleriň degişli derejede saklanmagy has-da ähmiýetli ýagdaýdyr. 

Garagumuň landşafty hem düýpli görnüşde özgerer. Bu ýerde ýokary amatlykly jaýlary bolan şäher görnüşli täze şäherçeler peýda bolar. Şunuň bilen birlikde, täze iş orunlary dörär. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi ýokarlanar. Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi döwletimiz tarapyndan durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, şol sanda, ýurdumyza daşyndan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmäge we öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berer. 

Şeýlelikde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň taslamasynyň düşewüntliliginiň ýokarydygy şübhesizdir. Onuň ykdysady peýdasy geljekde has hem ýokarlanar. Iň esasy zat bolsa, bularyň hemmesiniň tutuşlygyna ägirt uly durmuş netijeliligini berýänligidir. Durnukly ösüşiň we tutuş sebitde tebigaty amatly peýdalanylyşyň üpjün edilmegi onuň esasy many-mazmunydyr.